20:37 Pazyryk halysy | |
PAZYRYK HALYSY
Goşgular
Türkmeniň buýsanjy, taryh salamy, Pazyryk halysy — oguzlaň şany! Bitewi mukamdyr peder kelamy, Pazyryk halysy — oguzlaň şany! Ýigrimi dört gerçek — oguz ärleri, Bürgüt ýaly ganat açýar şirleri, Sugunlary — hatarynyň nerleri, Pazyryk halysy — oguzlaň şany! Goraglady ony Altaý daglary, Gyzyl düşeginde bahar çaglary, Sekizburç ýyldyzy göwnüm çaglady, Pazyryk halysy — oguzlaň şany! Oguz hanyň ündewidir nesline, Hemme haýran kemalyna, kesbine, Jebisligiň güýji siňen keşbine, Pazyryk halysy — oguzlaň şany! Şaýadydyr ýigrim alty asyryň, Şonda-da juwan ol, açanok syryn, Çyn sungatyň baky heýkelin görüň, Pazyryk halysy — oguzlaň şany! Rahmanberdi GÖKLEŇOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty. | |
|
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |