18:31 Pena / hekaýa | |
PENA
Hekaýalar
Birdenkä şaglap ýagyş ýagmaga durdy. Ol ylgap, ýeke-täk penanyň - belent şahalary gür ýapraga bürenip, ýaýrap oturan mähnet tropiki ösümligiň aşagyna zordan özüni atdy. Ol şo ýerden ýagyş damjalarynyň gyýalap nähili batly eşişini arkaýyn synlap otyrdy; käwagt şol damjalar oňa golaý-golaýam gelýärdi. Ol tüýleri öl-myžžyk bolup galpyldaýan ite hem-de üýşüp ýatan banan ýapraklaryny iýýän iki sany gäwmüşe tarap höwes edip nazaryny aýlady. Birdenkä-de ol beýle ýanynda, bagyň aşagynda, ýogyn bir agaç düýbüniň aňyrsyna duwlanyp, ýene kimdir biriniň duranyny duýdy. Ýigidiň üstünden ýeňiljek gül ysy kükeýärdi. Ol özüniň höwesgärligini saklap bilmedi-de, ýygşyrylyp duran agajynyň daşyndan birnäçe ädim ätdi, birdenem ýaş aýal bilen pete-pet geldi. Ol "oh" diýip batly seslendi-de, aljyraňňy hem naýynjar halda aýak çekdi. Aýal ony görende gygyrman zordan saklandy. Biraz özüni dürsänden soň ýigit şeýle diýdi: - Gatyrganjak bolmaň. Men häzir giderin. Öz aýalyňa, onda-da uzak wagtyň aýraçylygyndan soň, şeýle samsyk sözleri aýtmak nähili diýsene. Ýigit ýene ozalky duran ýerinde - aýaldan biraz aňyrrakda daýandy. Soň ýene öňe ýöneldi-de, şeýle diýip sorady: - Nädip sen bu taýlara düşdüň? Ol asla jogabam eşitmerin öýdüp gorkdy. Ýöne aýal alňasap jogap berdi: - ýşÝagyş getirdi. - Şeý diýsene! - ýigit hemme zady degişmä öwürmek isledi hem aýaly özüne ylykdyrmak maksady bilen güldi. - Ol menem şu ýere getirdi. - Ol şeýle diýip aýdanda, özüniň baryp ýatan paňkelledigini duýdy. Aýal hiç zat jogap bermedi. Howa hakdaky gürrüň birek-birek bilen söz açmak üçin gadymdan gelýän bahanadyr. Şonuň üçin hem ol ýapyşak ýaly bolup, umyt bilen sözüni dowam etdirdi: - Düýbünden garaşylmaýan çabga-da... Ol ýekeje agzam söz aýtman, töweregine garanjaklap başlady. Ýigit gürrüňe bat bermäge çalyşdy: - Çabga ýagjagy sähel kelläme gelen bolsa, ýa-ha öýde oturardym, ýa-da ýanyma saýawan alardym. Aýal bu sözlere jinnek ýaly-da ähmiýet bermedi. Ol misli ker ýalydy. Ýigidiň: "Seň, näme, gulagyňa gara keçe dykyldyňmy?" diýip sorasy geldi, ýöne gaharyny getirdigi, onuň eline ilen zady zyňaryndan ätiýäç edip, saklandy. Kellesini gyzdyrdygyň bes, ol hemme zada taýýardy. Şol soňky, agyr gijä çenli ol durmuşynda hiç wagt öz aýalynyň kalbynda şeýle köp hem pynhan ruhy tolgunç baslygyp ýatandyr öýdüp şübhelenmändem. Bile ýaşaşylan ýyllarda olaryň arasynda tükeniksiz sene-mene boldy durdy. Seredilip oturylsa, dünýädäki ähli zada olaryň garaýşynyň dürli-dürlüdigi belli boldy. Her bir owunjak zat üçin-de olaryň arasynda jedel tutaşardy. Munuň şeýle bolmazlygy mümkinem däldi. Sebäbi olar gabat gelen her zat üçin - Seýlon radiosyny diňlemelimi ýa Bütinhindistan radiosyny, iňlis kinosyny görmäge gitmelimi ýa tamil kinosyny, ýa bolmasa, "Jasmin" gülüniň ysy ýitimi ýa-da bägüliň ysy? Hemmesi-de şuňa meňzeş zatlardy. Islendik zat baradaky gyzgyn jedeller tutaşyp, iki tarapyňam gany barha gyzardy. Şeýlelikde, olar birnäçe günläp biri-birini unudyp gezerdi. Soňra olar ýaraşyp, gaýtadan gyzgyn dostluk başlanardy - ýöne, arman, uzaga çekmezdi. Bir gezek, şeýle ylalaşykly mahada, olar dostluk barada şertleşdilerem. Pugta oýlanyşylan punktlary bolan şol şerte olar mynajat edilýän otagda hudaý şekilleriniň öňünde golam çekdiler. Olar hiç zat hakda hiç wagt jedelleşmekçi däldiler. Özem ähli samsyklyklar geçmişe gdier diýip pikir edýärdiler. Ýöne şeýle ýürekdeş pikirler tizden olaryň gulagynyň duşundan geçip gitdi. "Biz hiç wagt tersleşmeris" diýen birinji punktam şert edilen güni bozuldy. Hojalyk üçin çykdajylar, iýmek-içmek üçin ýaňkalaşmalar, pul hakda gürrüň, ilen-çalan barada ýattlaşmak ýaly dawa-jenjel turzup biläýjek zatlar göz öňünde tutulandygyna garamazdan, şertiň beýleki paragraflary-da ýeliň ygyna gitdi (ýogsa, olar hemme zat barada şertleşmäge tüýs ýürekden yhlasam edipdiler). Indi bolsa ol ýagşyň aşagynda durşuna, aýalyň çabgadan gaçyp hiç ýana gidip bilmejekdigi barada çyny bilen şatlanýardy. Ol aýalyň yzyndan şol gezek, gapynyň batly ýapylan gijesinden bäri, aýal hakda hiç zat eşitmändi. Häzir onuň üçin bu zatlar iňňän gadymy zamanlarda bolup geçen ýaly duýulýardy. Agşamlyk naharynyň başyna geçdikleri, olar adatça tersleşerdiler. Aýal bolsa her gezek öýden çykyp gitjekdigi barada haýbat atýardy. Olam "Bar gitseň" diýip jogap berdi-de, gapyny açdy. Aýalam turdy-da, gijäniň tümlügine tarap siňip gitdi. Sebäbi ol aýaly dolanyp öýdüp çaklady. Ol welin ikilenç gara bermedi... Ýigidiň: - Seni görerin diýip umyt etmändim - diýip aýdasy geldi, ýöne onýança aýal jogap berdi: - Ylgap gidişime, men suwa gark bolar öýdüp pikir etdiňmi? - Hawa, men şondan gorkdum - diýip, ol aýtdy. - Diýmek, sen meni ähli guýudyr howdanlardan gözläpsiň-dä? - Derýalardanam diýsene? - diýip, ol alyp göterdi. - Ýok, gözlemedim. - Şeýlemi asyl! Gözläýen bolsaň, begenjimden ýüregim ýarylyp ölerdim. - Sen gark bolmansyň-a - diýip, ol öz duýgudaşlygynyň şeýle sadadygyny bildirdi. - Seni gözlemänligim üçin, sen meni nädip günäkärläp bilersiň? Ol aýagyny patladyp çalaja ýere urdy-da, gaharlandy: - Seň ýüregiň buz ýalakdygy şondanam görnüp dur! - Sen, birhili, iki ýana öwsüp dursuň-la - diýip, ýigit aýtdy. - Toba-toba, sen ýene meniň ýüregimi mynçgamaga durduňmy? Men nähili betbagt adam ekenim - bu ýagşyň meni bu taýlara getirmesi nämedi diýsene! - Gaýta, meň pikirimçe, ýagşyň ýagany gowy boldy. Ol bizi ýene duşurdy. Saňa meniň bir sowalym bar: şunça wagtlap sen nirelerde gün gördüň? - Aýdyp durmak hökmanmy? - Aýalyň sesinden tolgunýandygy aňdyrdy. Bu bolsa ýigidiň göhüni getirdi. Birdenem ol aýaly yzyna dolmaga yraýsa? Aýdaýjak sözleri eýýäm onuň diliniň ujuna geldi. Ýöne ol ýuwdunyp saklandy. Diňe şeý diýip oňdy: - Meniň bilen bileje bolmak seň üçin gyzyksyzmy eýsem? Şu geçen aýlarda meniň nägünler görenimi bilesiň gelenokmy? Aýal jogap bermedi. Ol diňe ýagşy synlaýardy. Ýagyş barha beter guýýardy. Birdenem ýel ugruny üýtgetdi-de, ýagyş damjalaryny bat bilen onuň ýüzüne şapladyp urdy. Ýigit muny bahana edinip, aýala tarap elýaglygyny alyp ylgady. Ol yza serpigip gaçdy. - Sen meniň aladamy etme! - diýdi, ol gygyrdy. - Sen süllümmaý ezilersiň-ä... - şahalardan syrygyp gaýdan ýagyş damjalary onuň kellesine gaçdy. Ol howsala düşüp, aýalyň öl bolan saçlaryny görkezdi. - Sen biderejik ýerden ezilersiň! Biraz bärräk süýşäý ahyryn! Isleseň, men seniň duran ýeriňe geçeýin? OL şujagaz alada aýaly pagyş-para erär öýdüp güman etdi. Ýöne ol diňe: - Meniň aladamy etme - diýdi-de, gaşyny çytyp, ýoly kesip geçýän ýagyş suwuna seretdi hem öňki duran ýerinden gozganmady. - Ylgap saýawan getiräýerin ýa taksi tutaýynmy? - diýip, ol sorady. Aýal oňa diňe gahar bilen garandy-da, beýlesine bakdy. Ol ýene nämedir bir zatlar aýtmaga hyýallandy. Ýöne aýal birdenkä aldy-da, şeýle diýdi: - Men näme, seň üçin oýnawaçmy? - O nähili oýnawaç? Men, näme, saňa şeý diýdimmi? - Ýadyňa düşen wagty-a maňa gülek-ýalak etjegiňe, islän wagtyňam taşlap biljegiňe ynanýarmyň? Diňe oýnawaçlar bilen şeýle gürleşilýändir. - Men seni hiç wagt kowmadym-a - diýip, ol aýtdy. - Men bu zatlary täzeden diňlemek islämok - diýip, aýal jogap berdi. - Men welin öz gaýtmyşymy, belki, ölýänçäm saňa aýtjak bolaryn. - Bolup biler. Ýöne sen ony kimdir başga birine aýt. - Meň başga aýtjagym ýok. - Bu seniň öz betbagtlygyň - diýip, aýal aýtdy. - Meniň o zatlar bilen işim ýok. - Hiý, sende ýürek bolmazmy? - diýip, ol ýalbardy. Ynan maňa, men hakykatdanam toba geldim. Men indi başga adam boldum. - Menem - diýip, aýal aýtdy. - Menem indi öň kim ýaly däl. Ilden mätäç zadym ýok. Oňa derek göwün-garyn etme aladamam ýok. - Sen şu günler näme bilen meşgullanýanyňy maňa aýtmagam isläňokmy? - diýip, ol elini naýynjar uzatdy. Aýal başyny ýaýkady. Ýigit sözüni dowam etdi. - Maňa aýdyşlaryna görä, sen Harijan hereketine ýa-da ýene şoňa meňzeş bir zada gatnaşypsyň. Gör, men seniň täleýiň bilen neneňsi gyzyklanýaň? Aýal hiç zat jogap bermedi. - Sen bu ýerde hemişelik ýaşaýaňmy ýa-da... - Ol açykdan -açyk aýalyň nirede ýaşaýandygyny bilmäge çalyşdy. Aýal bolsa ýagşyň akymyny synlady-da, soňundan oňa tarap gaharly nazar aýlady. Ýigit dowam etdi. - Hiç bolmanda, bu ýagşy ýagdyran men däl. Ikijigimiz onuň kiparlaryna garaşmaly bolarys. - Ýog-eý! her zat ederin welin, bu ýerde galman! - diýip, aýal böküp öňe okduryldy-da, ýagşyň içi bilen ümdüzine tutduryp gitdi. Ýigit onuň yzyndan gygyrdy: - Dur, dursana! Söz berýän, men indi saňa hiç zat diýmäýin! yzyňa dolan ahyryn, süňňüňe çenli sowuklarsyň! Ol yzyna-da garamady. Ýere saçalanýan damjalardan emele gelýän ýagyş perdesi ony eýýäm gözden gizläpdi. R.K.NARAÝAN, hindi ýazyjysy. Rusçadan terjime eden Meret HALADOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 18.02.1983 ý. | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |