10:43 Protezler / hekaýa | |
PROTEZLER
Hekaýalar
Lager gabawhanasy könäňem könesi. Göwnüňe bolmasa, tussaghanaň agaç diwary it – diwar ýykylar, gabawhana pytrar, pürsleri çaşar. Emma gabawhana ýykylmaýardy, ýedi sany ýekemen tussag otagam wepaly gulluk edýärdiler. Elbetde, çaslyrak aýdylan islendik sesi goňşular eşidýärdi. Ýöne, tussaghanada oturanlar jezadan eýmenýärdiler. Nobatçy gözegçi tussag otagyň gapysyna hek bilen haç çekse – otag gyzgyn nahardan mahrumdyr. Iki haç goýsa – çörekdenem namut. Bu tussaghana lager jenaýatlary boýunçady: haýsydyr bir howply etmişde güman edilýänleri – müdirlige äkiderdiler. Bu mahal, ilkinji gezek, duýdansyz, lager düzümleriniň hemme bendi-başlyklary – müdirleri tussag edildi. Nähilem bolsa bir uly iş ýasalýardy, haýsam bolsa bir lager günälenişigi taýýarlanýardy. Kimiňem bolsa biriniň buýrugy bilen. Ine onsoň biziň hemme altymyz, gabawhananyň dar dälizinde, daşymyz garawullar gallanylgy durduk, diňe bir zadam duýýardyk, düşünýärdik: bizi ýene-de birnäçe ýyl mundan ozalky enjamyň dişleri gapjady, munuň sebäbinem biz diňe ertir bileris, şondan ir däl... Bizi içki eşigimize çenli sypyryndyrýardylar-da, her birimizi aýratyn tussag otagyna salýardylar. Ammarçy saklamak üçin kabul edilen goşlary belläp, olary haltalara dykýar, ýarlyk daňýar, ýazýar. Sülçi, men onuň familiýasyny bilýärdim – Pesnýakewiç – tutuş “tomaşany” dolandyrýardy. Birinji tussag pişeklidi. Ol çyranyň ýanyndaky oturgyja çökdi, pişeklerini aşak goýdy-da, eşiklerini çykaryp ugrady. Demir korset göründi. - Aýraýynmy? - Elbetde. Adam korsetiň ýüplerini çözmäge başlady, sülçi Pesnýakewiç kömek etmek üçin egildi. - Ilteýäňmi, gadym gardaş?-diýip adam, türme dilinde “ilteýäňmi” diýen söze, türmeçe, ýöne kemsidiji däl äheň berip, hümürdedi. - Şo bir Plewe-dä sen. Korsetli adam, lageriň tikinçilik ussahanasynyň müdiri Plewedi. Bu içerki sargyt hem-de ýolbaşçylaryň rugsady bilen erkin sargyt boýunça işleýän ýigrimi sany ussaly möhüm ýerdi. Ýalaňaç adam oturgyçda düýrükdi. Polat korset ýerde ýatyr – alnan goşlaryň teswirnamasyna ýazgy dowam edýär. -Bu zady näme diýip ýazmaly?-diýip gabawhanaň ammarçysy korseti ädiginiň burny bilen itip, Pleweden sorady. -Polat protez – korset,-diýip ýalaňaç adam jogap berdi. Sülçi Pesnýakewiç nirädir bir gyra süýşende, men Pleweden soradym: -Sen çyndanam bu “tazyjygy” (türme dilindäki aňlatma), erkinlikde-de tanaýardyňmy? -Dagy nä!-diýip Plewe pert suňşurdy:-Onuň ejesi Minskde jelephana saklaýardy, menem şoňa gatnardym. Entek Nikolaý Ganly döwründe. Däliziň jümmüşinden Pesnýakewiç bilen dört sany garawul çykdy. Garawullar Pleweni el-aýagyndan göterip, tussag otagyna saldylar. Gulp şyrkyldady. Indiki athanaň müdiri Karawaýewdi. Öňki budýonnyçy, raýatlyk urşunda elinden mahrum bolupdyr. Karawaýew proteziň demri bilen nobatçyň stoluna kakdy: -Siz, ganjyklar. -Demriňi gopar. Eliňi tabşyr. Karawaýew çözülen protezini galgatdy, emma atly goşunçyň üstüne garawullar hopba bolup, ony tussag otagyna dykdylar. Ezber paýyş sözler gulagymyza ýetdi. -Diňle, sen, Ruçkin,-diýip gabawhanaň müdiri dillendi:-goh üçin gyzgyn nahardan mahrum edýäris. -Gyzgyn naharyň bilen gümüňi çek. Gabawhanaň müdiri kisesinden hek bölegini çykardy-da, Karawaýewiň tussag otagynda atanak goýdy. -Ýeri, eli tabşyrandygy barada bärik kim gol çeker? -Hiç kimem gol çekmez-laý. Haýsam bolsa bir çyzyjagy goýup goýber-dä,-diýip Pesnýakewiç buýurdy. Nobat biziň lukmanymyz Žitkowyňkydy. Ker garry, ol eşidiş gulaklygyny tabşyrdy. Indiki polkownik Panindi, agaç ussahanasynyň müdiri. Polkownigiň aýagyny niredede bolsa Gündogar Prussiýada, german urşunda top oky aýagyny goparypdy. Ol ajaýyp neçjardy, özem maňa asylzadalaryň hemişe öz çagalaryna haýsam bolsa bir senedi, el senedini öwredendiklerini gürrüň beripdi. Goja Panin protezini sypdyrdy-da, bir aýagynda öz tussag otagyna bökjekläp gitdi. Biziň ikimiz galdyk – Şor, Grişa Şor, uly toparbaşy hem-de men. -Seret, neneňsi çakgan ýöreýär,-diýip Grişa dillendi, onuň durkuny, tussag edilmegiň nähilidir birhili galagop şadyýanlygynyň doldurandygy bildirýär:-bu-la aýagyny, ol bolsa elini. Ine men tabşyraryn – gözümi.-diýdi-de, Grişa çalasynlyk bilen sag, farfor gözüni sogrup, ony aýasynda maňa görkezdi. -A seniň gözüň emelidimi?-diýip men geň galdym:-Hiç haçanam aňşyrmandyryn. -Synçylygyň ýabygorly. Onsoňam gözem gowy çykdy, şowly. Grişaň gözüni hasaba alýançalar, gabawhanaň müdiriniň keýpi kökeldi, saklanyp bilmän kikirdedi. -Ol-a, diýmek, elini, beýlekisi aýagyny, ýene biri gulagyny, biri arkasyny, ine bu bolsa – gözüni. Bedeniň hemme bölegini jemläris. A sen näme?-diýip ol çuw-ýalaňaç duran meni ünsli gözden geçirdi:-Sen näme tabşyrarsyň? Ruhuňy tabşyrjakmy? -Ýok,-diýdim men:-Ruhum-a men bermerin. 1965 | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |