09:10 Şolhem Berdi / hekaýa | |
ŞOLHEM BERDI
Hekaýalar
Gümürtik-jadyly mysal üçinlige öwrülen ýomak… Diri hakykat, sebäbi podporuçik Kiže* bilen adamlar, ol edil diri ynsan ýaly habarlaşypdyr eken – bu barada bize Ýuriý Tynýanow şeýle gowy gürrüň beripdi. Ýöne ol hakyndaky wakany, men uzak wagtlap haýsydyr bir bolan hadysanyň ýazgysy diýip kabul etmändim. Patyşa Pawel zamanasynyň täsin hekaýaty, meniň üçin ol, bary-ýogy, awtoryň erkine garşy, bellärlikli hökmürowanlyk döwrüniň alamatlarynyň ýiti şaýatnamasyna öwrülen, genial henekdi, haýsydyr bir bikär döwürdeş-begzadanyň rehimsiz degişmesidi. Leskowyň garawulam** – şoňa kysymdaş hekaýat bolup, olam ýene-de eden-etdi şalyk zamanasynyň edim-gylymlarynyň mirasgeçerligini tassyklaýardy. Emma, patyşanyň “säwligi” hakyndaky faktyň özüne welin, men müňkürdim – tä 1942-nji ýyla çenli. *** ...Tussagyň gaçandygy leýtenant Kurşakow tarapyndan Nowosibirsk demirýol bekedinde ýüze çykarylýar. Hemme tussaglary wagondan düşürip, maýdaja sowuk ýagşyň astynda sanaýardylar-da, sanawa laýyklykda iş kesilen maddasy hem jeza möhleti boýunça ýeke-ýeke tükelleýärdiler – ýöne hemmesi haýpdy. Bäş adamlyk nyzamda, otuz sekiz sany doly hatar bardy, otuz dokuzynjyda bolsa, iş kesilenler ýola düşendäki ýaly iki adam däl-de, birje adam durdy. Kurşakow, özüniň etaby (tussaglar toparyny) şahsy işlere seretmezden, gönüden-göni sanaw boýunça alan minuda nälet okaýardy, ol sanawdaky altmyşynjy tertip belgide gaçyp giden tussagyň ady durdy. Sanaw elden-ele geçe-geçe tas pozuluberene ýakyndy: üstesine kagyzy ýagyşdan goramagam düýbünden mümkin däldi. Howsaladan ýaňa Kurşakow familiýalary zordan saýgarýardy, dogrusy, harplaram akyp, bulam-bujar boluberipdir. 60-njy sandaky ýok. Ýoluňam ýarysy geçilen. Beýle ýitgiler üçin juda zabun talap edýärdiler, şol sebäpli Kurşakow eýýäm pogonlary bilenem, serkerdelik owkat paýy bilenem hoşlaşypdy. Ol fronta ýollanmakdanam elheder alýardy. Urşuň ikinji ýyly barýardy, Kurşakow bolsa sakçylyk goşunlarynda bagtyýar gulluk edip ýördi. Ol özüni ilgezik hem işine jür serkerde hökmünde tanadypdy. Ol ownukly-irili tussag toparlaryny onlarça gezek daşapdy, eşelonlary gorapdy, hatda ýörite sakçylyk toparynda-da (speskonwoýda) bolupdy, ýöne hiç haçan onuň gözegçiliginden hiç kes gaçmandy. Ony hatda “Söweşjeň hyzmatlary üçin” medaly bilenem sylaglapdylar – beýle medallary hatda çuňňur tylda-da (frontuň yzynda) berýärdiler. Kurşakow sakçylaň wagonynda oturan ýerinden, ýagşa öllenen, titrewük barmaklary bilen özüniň petine gar ýagan bukjasynyň içindäkileri birme-bir geçirişdirýärdi – iýmit attestaty (şahadatnamasy), özüniň tussaglary alyp barýan lagerlerine türmeden hatlar, onsoňam sanaw, sanaw, sanaw. Hemme kagyzlarynda-da, hemme setirlerinde-de ol diňe 192 diýen sany görýär. 191 sany tussag bolsa petik temmelenen wagonlara gabalgy. Ezilen adamlar gargynyşyp, endamlaryndan penjekdir paltolaryny sypyrýardylar, wagonyň gapylaryndaky yşlardan hazylaýan ýelde eşiklerini guratjak bolup dert-azardylar. Kurşakow kelebiniň ujuny ýitiripdi, tussagyň gaçmagy ony mynjyradyp barýardy. Garawulçylykdan boş sakçylar, wagonyň künjeginde wehimli dymyşýardylar, Kurşakowyň kömekçisi starşina Lazarewiň ýüzünde bolsa onuň başlygynyň ýüzündäki ähli zatlar gezekli-gezegine zymdyrylyp gidýärdi – nalajylyk, gorky... -Näme etmeli?-diýip Kurşakow dillendi:-Näme etmeli? -Sanawy ber hany... Kurşakow Lazarewe birnäçe sany myžžardylan, iňňebagjyk gysdyrylan kagyz sahypalary uzatdy. -Nomer altmyş,-diýip, Lazarew okady:-Şolhem Berdi, maddasy bir ýüz altmyş ikinji, jeza möhleti on ýyl. -Ogry,-diýip, Lazarew uludan dem aldy:-Ogry. Ýyrtyjyl-aý, haýsam bolsa bir. Ogry dünýäsi bilen ýygy-ýygy gatnaşykda bolmak sakçylary “blatnoý fenýadan” (ogrulaň dili, şiwesi), ogrulaň sözlüginden peýdalanmaga endik etdiripdi, olaň dilinde bolsa Orta Aziýaň, Kawkazyň hem Kawkazaňryň ýaşaýjylaryna: “ýyrtyjy” diýilýärdi. -Ýyrtyjy,-diýip Kurşakow tassyklady:-Megerem, hatda, rusça gürlemäni-de oňarmaýan bolsa gerek. Tükellemelerde bolsa megerem, diňe hymyrdap oňaýýan bolmaly. Bizden, dogan, munuň üçin hamymyzy sypyrarlar... Kurşakow sahypajygy gözüne ýakyn tutdy-da, ýigrenç bilen okady: -Berdi... -A belkem, sypyrmazlaram,-diýip, duýdansyz dogumlanan sesi bilen Lazarew dillendi. Onuň elek-çelek ýyldyraýan gözleri ýokaryk göterildi:-Bir pikirjik bar. Ol Kurşakowyň gulagyna çalt-çaltdan pyşyrdap ugrady. Leýtenant ynamsyzlyk bilen başyny ýaýkady: -Ýo, hiç zat başa barmaz... -Synanyşyp görmeli,-diýip Lazarew aýtdy:-Frontam bar-a... Uruş ahyry. -Hereket et,-diýip Kurşakow suňşurdy:-Bu ýerde ýene iki gije-gündiz durarys – men beketde bildim. -Pul ber,-diýip Lazarew sorady. *** Agşam ol yzyna dolandy. -Türkmen,-diýip ol Kurşakowa aýtdy. Kurşakow wagonlaryň birýan ujundan syryp ugrady, birinjiniň gapysyny açyp, iş kesilenlerden sorady – olaryň arasynda türkmençe iň bolmanda iki-ýeke söz bilýän barmy? Wagondan ýokdugyny aýdyp, jogap berdiler, Kurşakow şondan aňryk gitmedi. Ol tussaglaryň birini goş-golamy bilen gaçan tussagyň wagonyna geçirdi, birinji wagona bolsa sakçylar, nähilidir bir eleşan, sesi gyrlyp giden, düşnüksiz dilde örän wajyp hem eýmenç nämedir bir zatlary gygyrýan adamy dykdylar. -Tutupdyrlar-ow, gargyş siňenler,-diýip, gaçgaga ýer berip durşuna, uzynak tussag hüňürdedi. Ol bolsa uzynagyň aýagyndan gujaklap, aglamaga başlady. -Bes et-how, eşidýäňmi sen, bes et,-diýip uzynak gyryksy köşeşdirýärdi. Gaçgak nämedir bir zatlary çalt-çaltdan gürleýärdi. -Düşünemok, dogan,-diýip uzynak jogap berdi:-Ine, şu çorbany iý, meniň tabakçamda galypdy. Gaçgak çorbadan göwünli-göwünsiz içdi-de, uklap galdy. Irden ol ýene-de gygyrdy, aglady, wagondan atylyp çykyp, Kurşakowyň aýagyna ýykyldy. Sakçylar ony yzyna dykdylar, onsoň ol tä ýol tamamlanýança agaç sekiçeleriň aşagynda süýnüp ýatdy, ol ýerdenem diňe owkat paýlananda çykdy. Hemişe-de ol ýa-ha lam-jim dymyp oturýardy, ýa-da aglaýardy. Tussaglary tabşyrmak Kurşakow üçin ýaman oňat geçdi. Iş kesilenleri şahsy işleri bolmazdan ýollan türmäniň salgysyna birlän-ikilän paýyş sözleri seçelän nobatçy komendant, tussaglary kabul etmäge çykdy-da, sanaw boýunça olary tükellemäge başlady. Elli dokuz adam bir gyra geçdi, altmyşynjy näme üçindir çykmady. -Bu gaçgak,-diýip Kurşakow aýtdy:-Ol menden Nowosibirskide jyrdy, emma biz ony tapdyk. Bazarda. Ýuwdan hunabamyzy bir göräýseňdiň. Men ony size görkezeýin. Ýyrtyjy – rusça birje sözem bilmeýär. Kurşakow Berdini egninden çekip çykardy. Tüpeňleriň gulagy şakyrdady we Berdi lagere girip gitdi. -Onuň familiýasy näme? -Ine ahyry,-diýip Kurşakow görkezdi. -Şolhem Berdi,-diýip komendant okady:-Ýüz altmyş ikinji madda, jeza möhleti on ýyl. Ýyrtyjam bolsa, gaýduwsyz ekeni... Komendant, mizemez el bilen Berdiniň familiýasynyň gapdalyna ýazdy: “Gaçmaga ýykgyn edegen. Ýolda getirilýärkä gaçjak bolup synanyşan”. Bir sagatdan soň Berdini çagyrdylar. Ol begenip bardy, onuň göwnüne bolmasa häzir hemme zat anyklanar, onsoň ony erkinlige goýbererler. Ol sakçynyň öňünde şadyýana haýdap barýardy. Ony howlyň ahyryna, tikenekli simiň üç hataryndan haýat edilen ýatakhana eltdiler, golaýdaky gapa, dürli sesler bilen hüňňüldeýän porsy tümlüge garşy itdiler. -Ýyrtyjyjyk geldi, gardaşjyklam... *** Men Berdi Şolhem bilen hassahanada sataşdym. Ol oňa çenli eýýäm birneme rusça geplemegi öwrenipdir, şonda-da ol maňa gürrüň berdi: üç ýyl mundan ozal Nowosibirskiň bazarynda onuň bilen esli wagtlap rus esgeriniň gepleşmäge synanyşyk edişi hakda. Berdi ony milisiýa işgäridir öýdüp pikir edipdir. Soňra esger türkmeni, “onuň şahsyýetini anyklamak üçin” diýip, demirýol menziline alyp gaýdypdyr. Şol esgerem Berdiniň şahsy resminamalaryny jyrym-jyrym edip, ony tussaglaryň wagonyna dykypdyr. Berdiniň çyn familiýasy – Toşaýew, ol Çärjewiň golaýyndaky çaklaňja obada ýaşan daýhan. Çörekdir iş gözleginde, rusça bilýän ildeşi bilen bilelikde Nowosibisrkä çenli gyrmyldap ýetipdirler, şo taýynyň bazarynda-da ýoldaşy nirädir bir ýere gidipdir. Özüniň Toşaýewdigi hakynda birnäçe arza beripdir, ýöne henizem jogap ýok eken. Onuň şahsy işem entek bolup gelmändir, ol “hasapda dälleň” – resminamasyz tussaglykda saklanýanlaň toparynda hasapda duran eken. Ol eýýäm Şolhem diýen familiýa seslenmäge endik edipdir, ýöne onuň öýüne dolanasy gelýär, sebäbi bärde sowuk, ol bolsa ýygy-ýygydan keselleýär, öz dogduk diýaryna ol hat ýazypdyr, emma özi hat almandyr, mümkin, bu ony çalt-çaltdan ondan-oňa geçirýändikleri sebäplidir. Berdi Şolhem rusça gowy gürlemegi öwrenipdir, ýöne üç ýylda çemçe bilen gowy iýmegi welin öwrenmändir. Ol tabagy iki eli bilen alýardy – çorba hemişe-de çala ýylyssy bolýar – tabak barmaklaňňam ýakmaýar, dodagyňam... Berdi çorbany erňeginden içýär, düýbündäki galyndyny bolsa barmaklary bilen syryp alýar... Şüläni-de ol, çemçäni bir gyra aýryp, barmaklary bilen iýýärdi. Bu bütin palata üçin tomaşady. Çörek bölejigini mazaly çeýnäp Berdi ony hamyra öwürýärdi, soňam ony pejiň içinden syryp alan külüne garyp ýaýýardy. Hamyry gaýym ýugrup, ondan logalajyk ýasaýardy-da, ony sormaga başlaýardy. Bu onuň üçin “haşhaş”, “neşe”, “tirýekdi”. Bu erzasyň (ýasamalygyň) üstünden gülmeýärdiler – bärdäkileň her biri, bir ýa iki däl, ençeme gezek gury gaýyň ýapraklaryny ýa-da smorodina köküni owradyp, ony temmäki deregine çekmäge mejbur bolup görüpdi. Berdi özi bilen bolup geçen işe meniň bada-bat düşünenime geň galdy. 59-njy tertip belgide ýazylan adamyň familiýasyndan daşgary lakamynam tertip belgisi bilen belgilän kätip zenanyň ýalňyşlygy, harby döwürde türmeden tussaglary howul-hara ýola atarmagyň bulam-bujarlygy hem ugur-utgasyzlygy, Kurşakowlardyr Lazarewleriň öz başlyklarynyň öňündäki gulgorkusy... Emma, bulardan başga-da diri adamam bardy ahyry – elli dokuzynjy belgidäki ynsan. Ol “Berdi” lakamynyň özüne degişlidigini aýdyp bilerdi ahbetin? Aýdyp bilerdi, elbetde. Ýöne, her kes özüçe oýun-tomaşa tapynýar. Her kesem sakçy-başlyklaryň arasyndaky howsala, başagaýlyga heziller edýär. Sakçy-başlyklara dogry ýoly salgy bermegi bolsa diňe fraýer*** edip biler, ogry beýtmez. Elli dokuzynjy belgidäki bolsa ogrudy. 1959 ý. © Warlam Şalamow Terjimeçiniň bellikleri: *Bu ýerde rus ýazyjysy Ýuriý Tynýanowyň 1928-nji ýylda “Gyzyl Täze” (Красная новь) atly žurnalda çap edilen “Podporuçik Kiže” atly taryhy powesti göz öňünde tutulýar. Bu powestde Rus patyşasy Pawel I döwründe, bir köşk kätibiniň patyşanyň sözünden goşun serkerdelerini sylaglamak hakynda perman taýýarlanda ýol beren ýalňyşlygy barada gürrüň berilýär. Kätip, permany ýazanda, rus dilinde: “прапорщики ж [такие-то] — в подпоручики”, ýagny “praporşikler (Pylany-pylanyýew dagylary) bolsa – podporuçiklige” diýip, praporşik (baýdakçy, tugdar) harby derejesindäki serkerdelere podporuçik (buýrukçyň kömekçisi, tabşyrykçyň orunbasary) harby derejesini bermek hakynda ýazmagyň deregine: “прапорщик Киж” (praporşik Kiž) diýip ýazyp, ýalňyşlyk goýberýär. Patyşa permany gol çekmäge getirenlerinde ol hiç wagt aýatda bolmadyk “praporşik Kižiň” familiýasynyň täsinligine ünsi çekilipmi nämemi, näme üçindir oňa berilmeli “podporuçik” harby derejesini “poruçik” harby derejesine düzedýär-de, permana gol çekýär. Şondan birnäçe gün soňra bolsa eýýäm “poruçik Kiž” patyşa Paweliň ýadyna düşýär-de, ol oňa “ştabs-kapitan” harby derejesini bagyş edýär. Soňam bu ýok-serkerdäniň familiýasy rus Patyşasynyň hakydasyna ýelmeşip galýar-da, ol ony her gezek ýatlanda, onuň harby derejesini galdyrýar. Netijede ýok-Kiž, gysga wagtda “polkownik” harby derejesine çenli baryp ýetýär. Ýok-Kiže polkownikligi serpaý ýapanda patyşa Pawel I oňa şol harby derejäni bermek hakynda permanyň gyrasyna öz eli bilen: “Häziriň özünde ony meniň alnyma çagyrmaly!” diýen ýazgyny goýýar. Patyşanyň emeldarlary haýdan-haý ýok-balköýnegiň (polkownigiň) gözlegine çykýarlar. Şonda-da ýok-serkerde Kiž baradaky ilkibaşky säwlik ýüze çykýar. Onsoň: “garga gargaň gözüni çokmaýar” diýlişi ýaly, köşk emeldarlary biri-biriniň hatasynyň üstüni basyrmakdan ötri, patyşa Pawele “edermen balköýnek Kiženiň” gyssagly aradan çykandygyny, şol sebäplem onuň hökümdaryň alnynda dikilgazyk bolup bilmeýändigini habar berýärler. Şonda imperator gaýgyly dem alýar-da, hümürdeýär: “Mbäh, ýaman gynanaýdym-aý! Arman, gowy serkerdedi...” :-). **Bu ýerde, meşhur rus ýazyjysy Nikolaý Leskowyň 1887-nji ýylda çap edilen “Garawulçylykdaky ynsan” atly hekaýasy göz öňünde tutulýar. Bu hekaýada 1839-njy ýylyň gyşyň doňaklygynda Newa derýasynyň kenarynda garawulçylykda duran esger Postnikow hakda gürrüň berýär. Sakçy Postnikow, garawuçylyk harby düzgünnamasynyň talaplaryny bozup, öz ornuny taşlap, derýanyň buzunyň döwük ýerine gaçyp gark bolup barýan adamy halas edýär. Muny-da geçip barýan serkerde görýär. Postnikow myžžyk bolan halas edileni şol serkerdäniň arabasyna mündürip goýberýär. Ol serkerde bolsa özüni halasgär hökmünde görkezip, esgeriňem garawulçylygyň düzgünini bozandygyny onuň gulluk edýän harby bölüminiň serkerdesine habar berýär. Netijede ýalan halasgäre görkezen “edermenligi” üçin medal berilýär. Esger Postnikow bolsa düzgüni bozandygy üçin, ilk-ä tussag edilýär, soňam oňa iki ýüz çybyk urlup, temmi berilýär. Ondan soň, bu bolan wakanyň asyl köküne göz ýetiren Postnikowyň ýolbaşçy serkerdesi, oňa serpaý hökmünde: “1 funt (409 gr) gant bilen çärýek funt (102,2 gr) çaý” bagyş eýleýär. Esger Postnikowam muňa juda, juda, juda hoşal bolýar hem-de bu wakadan ujyz sypanyna müň mertebe Hudaýa alkyş aýdýar. Sebäbi ol, üç günläp tussaghanada, öz ykbalynyň kesgitlenerine sadylla otyrka, iki ýüz çybyk urulmagyndan has “mojuk jezanyň berlerine” garaşan ekeni. ***Fraýer – ogrularyň dilinde (žargonynda), tussaglaryň we ogrularyň durmuşy babatda tejribesiz, türkana adam. Warlam Tihonowiç Şalamow (18.06.1907-17.01.1982), rus, sowet ýazyjysy hem şahyry bolup onuň iň meşhur eseri, 1930-1950-nji ýyllarda sowet zähmet-düzediş lagerlerinde tussaglaryň durmuşyny beýan edýän “Kolyma hekaýalary” atly hekaýalaryň we oçerkleriň ýygyndysydyr. W.Şalamow ömrüniň dowamynda birnäçe gezek tussag edilýär: 1929-njy ýylda üç ýyl azatlykdan mahrum edilip, Wişere lagerinde (Wişlagda) saklanýar. Soňra lagerden boşadylyp, Moskwada goşgular we hekaýalar ýazmak bilen meşgullanýar. 1937-nji ýylda ikilenç tussag edilip, sowet düzgünine garşy wagyz (propaganda) üçin bäş ýyl azatlykdan mahrum edilýär hem Kolymada Demirgazyk-gündogar lagerine (Sewwostlaga) ýollanylýar. Lagerde wagtynda W.Şalamow täze möhlete iş kesilip, ol Kolymada umumy 16 ýyl saklanypdyr. Şolardan 14 ýylyny lager durmuşynyň iň agyr hem çydamsyz hupbatly zähmet, ezýet, açlyk, sowuk, keselçilik, hak-hukuksyzlyk zerarly tükeniksiz sütemli, “umumy işler” diýlip atlandyrylýan işlerinde, galan 2 ýylyny bolsa lager hassahanasynda feldşer bolup geçiripdir. Ol 16 ýyldan soň azat edilenden soňam, ony Kolymadan goýbermän, ýene 2 ýyl saklapdyrlar. N.Hruşewiň “maýylganlyk döwründe” özüniň meşhur “Iwan Denisowiçiň bir güni” atly powestini çap etdirmegiň hötdesinden gelen A.Solženisyndan tapawutlylykda, W.Şalamowyň hekaýalary neşir edilmändir. Ol 1973-nji ýyla çenli sowet döwrüniň hupbatly ýyllaryna bagyşlanan 6 sany ýygyndyny ýazyp taýýarlapdyr. W.Şalamow dirikä ol diňe özüniň birnäçe goşgular ýygyndylaryny çap etdirmegi başarypdyr, emma onuň kyssa eserleri neşir edilmändir. Ýöne, oňa derek onuň kyssa eserleri döredijilik intelligensiýasynyň arasynda gizlinlikde elden-ele geçirilip okalypdyr, “Samizdat” (Özneşir) diýlip atlandyrylýan, döredijilik intelligensiýasynyň ol ýa-da beýleki wekilleri tarapyndan ýaşyryn taýýarlanýan we ýaýradylýan resmi däl görnüşde köpçülige ýaýradylypdyr. Şonuň netijesinde-de W.Şalamowyň hekaýalarydyr oçerkleri, Günbatar ýurtlarynda çap edilipdir. Emma, 1972-nji ýylda W.Şalamow “Edebiýat gazetinde” özüniň eserleriniň özünden ygtyýar alynmazdan daşary ýurtlarda çap edilmegini ýazgaryjy açyk haty bilen çykyş edipdir. W.Şalamowyň “Kolyma hekaýalary”, şol sanda bu ýygynda girýän “Şolhem Berdi” atly hekaýasam, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda, ýazyjy aradan çykandan soňra çap edilipdir. Bu ýygyndy çap edilenden soňam W.Şalamowyň döredijiligi hakyky meşhurlyga eýe bolupdyr. Ylmy jemgyýetçiligiň aglaba köp bölegi tarapyndan, W.Şalamowyň “Kolyma hekaýalary” we lager durmuşyndan ýazan beýleki eserleri, olaryň çuň, çyn hem-de sähelçe-de gep owadanlamasyz, awtoryň özi hakda-da, döwürdeşleri hakda-da jinnek ýalam ýalan sözlemesiz realizme ýugrulandygy sebäpli, olar diňe bir kämil çeper eser däl-de, taryhy resminamalar bilen deň derejede ynama mynasyp maglumat çeşmesi hasaplanýar. W.Şalamow erkinlige çykandan soňam bütin ömrüne dürli kesellerden, esasanam beýni ugrundaky kesellerden ejir çekipdir. Onuň ömrüniň soňky ýyllary bolsa, hossarsyz halda, SSSR-iň Edebiýat gaznasynyň Garrylar we maýyplar öýünde geçipdir. | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||