10:17 Kaligula / hekaýa | |
KALIGULA
Hekaýalar
Kagyzjyk GDR-de (Güýçlendirilen düzgün rotasy – lageriň karserini saklaýan garawul harby bölümçesi) agşamky zoguň öňünçäsi alyndy. Komendant benzinçäni (benzin ýandyrgyçjygy) ýakyp kagyzy okady-da, tabşyryk bermäge gyssanmaç haýdady. Komendanta hiç zat geň görünmedi. -Ol birneme neme dälmi?-diýen nobatçy gözegçi, özüniň maňlaýyny görkezip sorady. Komendant esgere sowuklaç dikanlanda, nobatçy özüniň ýeňilkelleligine elheder aldy. Ol ýola garşy nazaryny sapajaklatdy. -Getirýäler,-diýdi:-Ardatýewiň hut özi gelýär. Ümüriň içinde iki sany tüpeňli sakçy görünýär. Olaryň yzyndan ýabydar çal, arryk ýabyny irişmesinden idip gelýärdi. Alaşanyň yzyndan bolsa ýolsuz-ýodasyz, garyň üstünden gönüläp, dolmuş, äpet kişi gadam urýar. Goýun derisinden ak possunçasynyň öňi serpilen, barnaul telpegi ýeňsesine gyşarypdyr. Eli taýakly ol, alaşanyň süňklek, hapa, içine çöken böwürlerine gaýgyrman urýar. Alaşa her urga tisginip gidýär-de, ädimi sähelçe batlandyrmaga mejalsyz, mytdyldamagyny dowam edýär. Ötük hütdüginiň deňesinde garawullar alaşany togtatdylar, Ardatýew yranjyrap öňe çykdy. Onuň özem daljygan at dek haşlap, öňünde kiriş kibi dim-dik dartylan komendanty spirt ysyna gabsaýar. -Taýynmy?-diýip ol hyžžyldady. -Hut şeýle! Komendant jogap gaýtardy. -Süýre ony!-diýdi-de Ardatýew jynssyz arlady:-Üpjünçiligiňe kabul et. Adamlara temmi berýän – alaşalara-da eglişik etmen. Men ony işe ýarar ýaly ederin. Üçünji gündür işlemeýänine,-diýip ol komendantyň döşüne ýumrugyny hütüledip hümürdeýär:-Men ýabydary dykmak isledim. Meýilnama puç bolup gelýär-ä. Meý-ýilnam-ma... Ýabydar ant içýä: “Men dä:, alaşa işlänok”. Men d-düş-şünýän,-diýýär-de Ardatýew hynçgyrýar:-men yn-nanýan... “Ber hany” diýýän “jylawy”. Jylawy aldym, gidenok. Urýan – gidenok. Gant berýän – öýden ýörite aldym – almaýar. “Wah sen,” diýip pikir edýän: “nejis, indi seniň zähmet günleriňi men nirä aýryp ýazaýyn”? Şo ýere ony – bihepbeleň ýanyna, adamzadyň duşmanlarynyň arasyna – karsere (lagerdäki tussaghana). Gury suwa. Birinji gezek üçin üç gije-gündizlik. Ardatýew gara çökdi-de, telpegini çykardy. Öl, bulam-bujar saçy gözüne düşýär. Dikelmäge synanyşanda ol çaýkandy-da, birdenkä çiňarkan gaýtdy. Gözegçi bilen komendant ony süýräp diýen ýaly nobatçyhana geçirdiler. Ardatýew uklap ýatyrdy. -Öýüne äkiderismi? -Gerek däl. Aýaly halanok. -A alaşany? -Äkitmeli bolar. Oýanar-da, dykmanymyzy bilse – öldürer. Ony dördünjä oturt. Intelligensiýaň arasyna. Tussaglardan bolan iki sakçy nobatçyhana gijelik odun getirdiler-de, ony peje golaý örmäge başladylar. -Näme aýdarsyňyz, Petr Grigorýewiç?-diýip biri, aňyrsynda Ardatýewiň hor çekip ýatan gapysyna gözi bilen ümledi-de, beýlekisinden sorady. -Bu täzelik däl-le diýip aýdaryn... Kaligula... -Hä, hawa, hawa, Deržawindäki ýaly,-diýip ikinjisi sözi onuň agzyndan gapyp aldy-da, dikelip, labyzly owazlandyrdy: -Kaligula, seniň atyň senatda Tyllada lowurdaýarka ýalpyldamady, Şugla saçýar ýagşy işler... Garrylar çilim otlandylar, gök temmäki tüssesi otagda ýüzmäge başlady. 1962 | |
|
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||