00:33 Pyraga ýüzlenme | |
PYRAGA ÝÜZLENME
Goşgular
Nurly dünýämidir şygryýet diýlen, Şeýle bolsa sensiň onuň çyragy. Derejäňden pesdir tarypam, söýgem, Bilmedim, näme sen, beýik Pyragy?! Onuň Aly hezretleri şygyrýet Ýaşaýan bolsa-da dünýe döräli, Hakyky hormatyn diňe seň bilen Tapan bolsa gerek, beýik Pyragy. Dogulaňda soltan dogulypmydyň Söz diýilýän bu ummasyz mülke sen. Öz ene diliniň şirinligini Subut etdiň bu gadymy halka sen. Dürden gymmat diliň bilen doldurdyň Bu halkyň türkmençe ýetmezçiligin. Sözüň dünýäsine sen geldiň welin, Üýtgän ýaly boldy ugry pelegiň. Ogly bolup bir buýsançly milletiň Ýagşylyk bolarmy, heý, şundan beýik?! Seniň adyň “Türkmen” diýip ýaňlanýar, Türkmeniň ady hem Pyragy diýip. Pyragy – köňülleň çyragy diýip, Her sözi ömürleň şygary diýip, Pyragyň adyny müňýyllyklara Äkider türkmeniň Diýary diýip, Pyragyň adyny aýdym mysaly Gaýtalar Adamzat, Ýer şary diýip, Gaýtalap gezsek-de her säher, her şam, Waspyň tükenmezdir, Eý, ylham Atam! Asla saňa taryp derkarmyka bir, Ägirtleriň ýigrendigi öwgümiş. Adamlaň olary aňlap bilmegi, Iň uly tarypmyş, Beýik söýgümiş. Sen bolsaň bir eýýäm çykdyň, şahyrym, On sekiziň, on dokuzyň çygryndan. Hiç zady geňlemez ýigrim biriňem Ýüreginden geçip, ötdüň bagryndan. Bilmen ýene asyrlaryň näçesi, Saňa salgylanar, saňa daýanar. Bilmen ýene şahyrlaryň näçesi, Hut saňa, hut saňa öýkünip ýazar. Ýöne olar bolup bilse diňe seň Kölegäňe çalym etmegi mümkin. (Pyragynyň diňe özi bolmaly Oňa azda-kände meňzemek üçin.) Ýoluňa şahyrlar eýerýän bolsa, Bütin adam ogly yzyňa düşýär. Gel, şahyrym, bile gadam basaly, Bize nurdan doly geljek garaşýar. Biz bile bagtyýar günlere ýetdik, Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi. Jeýhun bilen bahry Hazar arasy Bagtyýarlyk nury bilen bezeldi. Seniň söz diýilýän Kuýaşyň bilen, Salgysyny aldyk ýagty geljegiň. Gadamymyz şowly bolsun ertire, Ömri nusgalygym, Sözi merjenim – Pyragym! | |
|
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |