23:23 Razylyk | |
RAZYLYK
Goşgular
Dor atyn säpjedip ajal gelýänçä, Sanalgyň dolýança garaşyp ýörmän, Razylyk hakynda şondan bärde-de Gürrüň edip boljak ýalyrak görýän. Razy men her kimden, dostdan, duşmandan... Aslynda duşmanym ýokduram weli, Köpçülik-dä, Tapylaýmagam ahmal Çemin tapsa, çakjak bolýanam meni. Çaksa, çakybersin, ýetişip bilse, O tetelli içýanlardanam razy. Ir-u-giç her ýerde hüşgär gezmegi Öwretjek şol kişiň özüdir, özi. Razy otdan-ýelden goran söýgimi Samança-da görmän depgilän gyzdan. Arzuwlaň baryna ýetilmeýänin Öwrendi bu gursak şol uly tygdan. Şol gyzy al bilen elimden alan, Soňra dostum bolandanam razy men. Dost saýsamam, Taşlap gidip kä ýerde, Soň öwrülen galamdanam razy men. Razy çagalykda göwün islänim Alyp beren, käte alyp bermedik Atam hem enemden. Öwrendim çünki Bir zada ýetmegi maňlaý derledip. Razy “Şoň ysyna bolamok” diýsem, Burnumyň öňünde çilim çekenden. Şol çilim tüssesin sorup öwrendim, Adamlaryň täsindigni çakyňdan. Ölmän ýaşap ýörseň, adaty zada Öwrülýär ekeni ajy tüsse-de. ...Ulagly tanşymdan razy men, razy, Ýolda görmezlige salyp gitse-de. “Iýen çöregimiz aýry gitmesin”. Dogan okaşmagy tapsa-da özi, Tapanyny menden ýaşyryp iýen, Jan ýaly “nätanyş dogandan” dogandan razy. Bildim has çuň söýýänini durmuşy Onuň şarpygyny has köp dadanlaň. ...Ykbaldan kinäm ýok, Razy her kimden. ...Ýöne menden razymyka adamlar?! | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |