20:42 Reisiniñ ölüminiñ konnotasiýasy | |
REISINIÑ ÖLÜMINIÑ KONNOTASIÝASY
Publisistika
Jon Bolton Eýranyñ Dini lideriniñ oruntutary bilen baglanyşykly çekişme we nämüçin eýran rewolýusiýasyna howp abanýandygyna ynanýandygy hakda ýazýar. ABŞ-nyñ döwlet howpsuzlygy boýunça öñki geñeşçisi Eýranyñ Reisiniñ öldürilmegi bilen baglanyşykly gümürtik beýanatlarynyñ wagt utmagy we durnuklylygy sarsdyryp biljek gep-gybatlary çäklendirmegi maksat edinýändigine ynanýar / Surat: Independent Arabia Prezident Ibrahim Reisiniñ 19-njy maýda wertolýot heläkçiligine uçrap aradan çykmagy eýran režiminiñ we 1979-njy ýyldaky yslam rewolýusiýasynyñ çagşamagyna getirip biler. Reisiniñ duýdansyz ölüminiñ uly howatyr döredendigi we uly howp-hatarlara ýol açandygy görnüp dur. Şumada çenli Tährandaky gyzgyn manýowrlaryb we tutynyñ añyrsyndaky syýasy oñşuksyzlyklaryñ özenini doly aýan edip bilemzok. Soñky ätmeli möhüm ädim wertolýot heläkçiliginiñ sebäbini kesgitlemek üçin režiniñ ahyrky resmi beýanatyny bermegi bolar. Emma şumada çenli degişli ýolbaşçylar Reisiniñ weryolýotynyñ hüjüme uçramandygyna güwä geçip biljek ýeke deliliñ tapylmandygyny, şol sanda derñew işleriniñ dowam edýändigini aýtdylar. Bölek-büçek berlen beýanatlaryñ wagt utmagy we durnuklylygy sarsdyryp biljek gep-gürrüñleri çäklendirmegi maksat edinýändigi belli, emma bular asla soñky söz bolup bilmez. Degişli ýolbaşçylaryñ aýtjak heläkçiliginiñ sebäbi syýasy taýdan örän uly seslenmeler döretmegini dowam etdirer. Hakykakdanam resmi beýanata görä düýp sebäp ýaramaz howa şertleri, çarkandakly, daglyk ýerler we uçarmanyñ goýberen ýalñyşlygynyñ netijesinde bolup biler. Hatda tehniki näsazlygyñ netijesi-de bolup biler. Eýran aýatollalarynyñ Russiýa patyşalygynyñ ykbaly bilen ýüzleşip-ýüzleşmejekdigini bilmek üçin heniz ir, emma häzir olaryñ rewolýusiýasy öwrülişik sepgidinde we uly howp astynda. Eýranyñ öñki Daşary işler ministri Jewad Zarifiñ ätiýaçlyk şaý ýetmezçiliginiñ jogapkäri hökmünde dessine ABŞ-nyñ sanksiýalaryny aýyplamagy gülkünçdi. Ronald Reýganyñ ABŞ-nyñ Eýrana garşy ilkinji sanksiýalaryny girizen wagtyndan bäri halkara nebit söwdasyndan ýüz milliardlarça dollar gazanan Eýranyñ şunça milliardlary ballistik raketalary we ýadro ýaraglaryny öndürme maksatnamalaryny maliýeleşdirmäge, san-sajaksyz terrorçy toparlary ýaraglandyrmaga ýetip durka, russiýaly we hytaýly dostlaryndan täze wertolýot almagyna ýetmeýşi nähili geñ? Eýran görnetin syýasy däl sebäplere goşmaça köplenç şübhelenilýän daşarky taraplary, ýagny Mossady we MRU-ny aýyplabam biler ýa-da eýranly ygtyýarlylar ýerli oppozisionerleri günäkärläp bilerler. Şol sebäpden Eýranyñ kimi aýyplajagyny anyklamak ýolbaşçylyk üçin bolýan göreşiñ birinji hatartna çykmagyna mümkinçilik döredip biler we bulam mesele bilen baglanyşykly ahyrky we gutarnykly beýanat bermekde gijä galmagyna tutaryk bolup biler. Hakykaty manipulirlände biri-birine çapraz delilleri aradan aýyrmaly we täze delilleri toslamak üçin köplenç ilik-düwme taýýarlyk görmeli bolýar. Muña ugurdaş hökmünde daşarky taraplaryñ oruntutarlyk uruşynda yz galdyran ýagdaýynda täsirlerine we netijelerine baha bermek üçin ahyrky beýanatyñ berilmegine garaşmakdan başga alaçlary ýok. Şeýle-de, prezidentiñ wertolýotynyñ "mejbury gonuş" edendigi baradaky ilkinji habarlaryñ yzysüre geçen sagatlarynda we günlerinde goşundyr howpsuzlyk güýçleri içerden hem daşardan haýsydyr bir bulaşyklyga we ekspansiýa garşy goranyş ulgamlaryny aýaga galdyrypdy. Iñ esasy zat - ýurt üçin täze dini lideri saýlamak ýa-da iñ bolmanda beýle karar üçin anyk proseduralary garaşylyşyndan ha ir kesgitleme zerurlygydyr. Bärde görnüp duran bir hakykat bar: Aýatolla Ali Hamaneý 85 ýaşynyñ içinde we onuñ saglyk ýagdaýy onçakly gowy däl. Şonuñ ýaly-da Eýranyñ 1979-njy ýyldan bäri diñe iki dini lideri boldy we oruntutaryñ kesgitlenmegi bilen baglanyşykly has öñem hiç hili ornaşykly prosedura emele getirilmedi. Şol nukdaýnazardan köp kişi Reisini prezident wezipä oturdan galplyk we ýalan-ýaşryklar bilen doly saýlaw müddetiniñ has durnukly oruntutar saýlaw sistemasyny gurmagy maksat edinýändigine ynanýar. Reisi wagty gelende meselesiz ýagdaýda Hamaneýiñ ýerini almalydy. Emma bu taktika hemmeler tarapyndan, aýratynam kakasynyñ ýerine geçmegi tama edýän Hamaneýiñ ogly Müjteba tarapyndan oñlanmady. Ironiki görnüşde kakasynyñ atadan-ogla geçýän oruntutarlyk sistemasyny gurma gorkusy (özem Müjtebanyñ garşydaşlarynyñ berk ýazgarþan zady-da şu) prezidentligiñ dini liderlik wezipesi ücin basgançak wezipesini ýerine ýetirip biljekdigi garaýşynyñ ýaýramagyna ýardam etdi. 28-nji iýunda geçirilmegine garaşylýan täze prezident saýlawlarynyñ ortasynda üstün çykanyñ awtomatiki ýagdaýda dini liderlik wezipesini boýnuna alyp biljek esasy kandidat bolmagyny üpjün etjek täsiriñ barlygy-ýoklugy hakdaky soraglaram köp orta atylýar. Munuñ özi gürrüñsiz diýen ýaly Dini lider entek ölmänkä köp sanly kandidatyñ orta çykjakdygyny we hökümet gatlaklarynda özara içerki çaknyşygyñ bolup geçjekdigini añladýar. Bu bolsa megerem onyñ wezipesinden el çekmeginiñ ýeke-täk ýoly bolar. Wertolýot heläkçiliginde aradan çykan Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisi we onuñ ýoldaşlary / Surat: Independent Arabia Režimiñ içindäki ýokary derejeli dini, raýat we harby ýolbaşçylyk oruntutarlyk meselesinde nämälimlikden gaça durmak isleýärdi, emma mundan gaçyp boljak däle meñzeýär. Gizlin ylalaşyklar giñden ýaýran syýasylaşmagy we hasam erbedi Eýrabyñ ýokary düzümli ýolbaşçylygyndaky bölünişikleri ulaldyp we täze bölünişikleriñ öñüni açar. Aýatollalaryñ, hökümetiñ kanun çykaryjy we sud-derñew edaralarynyñ başlyklary, Rewolýusion Gwardiýanyñ we goşun bölümleriniñ serkerdeleriniñ arasynda dürli güýç göreşiniñ we basdaşlygyñ çalt emele gelip, çalt ösýändigini görýäris. Garpyşyk näçe uzak dowam etse, şonça-da gynançly, gyzgalañly bolar we uzak wagta çeker. Absolýut güýjüñ gürrüñini edende, Rewolýusion Gwardiýanyñ harbylary raýat hökümetiñ ýumşak gurluşyna, hatda goşun bölümlerine-de garşy durup biljek güýje eýelik edýär. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda birnäçe kişi "Kuddus güýji" goşun bölüminiñ" merhum serkerdesi Kasym Süleýmanynyñ hamana Aýatolla Hamaneýiñ ogludygyny, täsiriniñ resmi pozisiýasynyñ berýän mümkinçiligindenem aşandygyny pikir edýär. Ykdysady kynçylyklar, ýaşlaryñ nägileligi, 18 aý mundan öñ Mahsa Amininiñ öldürilmeginiñ sebäp bolan prosest şertlerinde, uzak wagta çeken etniki we dini dartgynlylyklar halkasynyñ netijesinde režimiñ Eýran boýunça kanuny populýarlygynda görlüp-eşdilmedik pese düşüşlige getirendigi göz öñüne tutulanda, aýatollalar we režimiñ beýleki ýolbaşçylary Rewolýusion gwardiýany ýeke-täk ynamly we ygtybarly gaçybatalgalary hökmünde görýärler. Eger Eýrantñ Rewolýusion Gwardiýasynyñ jümmüşinde bölünişikler bolup geçse näme bolarka? Eýran oppizisiýasy Rewolýusion Gwardiýanyñ serkerdeleriniñ we hatda Ýaragly Güýçleriñ goşun bölümleriniñ arasyndaky dartgynlylyga meçew berip bilse, režimiñ häkimiýetiñ üstündäki absolýut we ölüm howply monopoliýasy çagşap biler. Kürtlerdir buluçlar ýaly biynjalyk etniki toparlaram şu boýunça oppozisiýanyñ hataryna goşulyp bilerler. Bu bolsa içerki çaknyşyklaryñ graždanlyk urşuna öwrülme ähtimallygyny güýçlendirýär. Patyşa Russiýasy ýaly taryhyñ fürli döwürlerinde özlerinde daşardan absolýut hökmürowanlyk hökmünde kabul etdiren awtoritar režimleriñ köpüsiniñ ýykylmagyndan kän öñ içi şeýdip köwülipdi. Şol sebäpden birtopar tutanýerli oppozisiýanyñ garşysynda çalt çagşadylar. Edil häzir aýatollalaryñam şeýle takdyra uçrap-uçramajagyny bilmek üçin irräk bolýar, ýöne şu gün olaryñ rewolýusiýasy-da öwrülişik sepgidinde dur we hakykatdanam oña uly howp abanýar. Jon BOLTON, ABŞ-nyñ Döwlet Howpsuzlygy boýunça öñki geñeşçisi. @AmbJohnBolton Çarşenbe, 29.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |