15:03 Ruh - bigünä | |
RUH - BIGÜNÄ
Filosofiýa
Türkmeniñ ruhy. Ol türkmeniñ süññünden syzyp ýene-de süññüne siñmeli gudrat. Dünýä halklarynyñ arasynda öz milletiniñ, dürli milletleriniñ ruhuna gös-göni täsirini ýetirýän namalaryñ dürli at bilen döredilendiginden-de, olaryñ döreýiş taryhyndan-da, olaryñ käbiriniñ asyrlarboýy taraşlanyp gelýändiginden-de, käbiriniñ bolsa, belli bir möwritden soñ unudylandygyndan-da habarym bar. Şolara gaýtalap-gaýtalap ser salýan welin, özüni erkana saýan iliñ belent ruhunyñ bolandygy aýan bolýar. Diýmek, özbaşdak, erkana ýaşamak üçin belli bir maksadyñ, syýasatyñ, ykdysadyýet zerurlygy ýaly, belent ruham gerek. Ebedi gudratlar, öz köküni bir ýa-da birnäçe özbaşdak milletiñ özüne laýyk guran durmuşyna iññän berk we çuññur urup döreýär. Özbaşdak milletiñ özüne laýyk durmuşy doly gurandygy mälim bolýança, ebedi gudratlar gutarnykly döräp bilmeýärler. Sebäbi olar durmuşa laýyk döreýärler. Durmuşa laýyk dörän gudrat ebedi bolup biler. Güýç bilen, hile bilen, baýlyk bilen, aldaw bilen döredilen gudratlaryñ ömri kelte. Ene topragyñ üstünde Gün, howa, ot, çyg baky. Şu bakyýalardan ynsan ruhy gözbaş alýar. Şonuñ üçin ynsan ruhy hem baky. Türkmeniñ ruhy beýleki milletleriñ ruhy bilen bagly. Sebäbi türkmenem ynsan çagasy. Emma her bir millete Günüñ, howanyñ, oduñ, çygyñ täsiri dürli-dürli. Sebäbi olar hemme millete deñ-derejede paýlanmadyk. Ine, şu hakykat bolsa, her milletiñ özüne mahsus ruhunyñ bolmalydygyny tekrarlaýar. Türkmene ot, howa, Gün eli açyklyk bilen paýlanypdyr. Diýmek, türkmeniñ ruhunda adyllyk bilen berlen howa, ot, Gün ýaly bakyýalyklaryñ baýlygu saklanýar. Diýmek, türkmeniñ ruhuna Gün ýaly nuranalyk, açyklyk, salyhatlylyk, ot ýaly ýitilik, howamyz ýaly ümür-dumansyzlyk, giñ göwrümlilik mahsus. Diýmek, türkmene çigrekläp ýörmek mahsus däl. Türkmene şeýle bakyýalyklaryñ berlendigi üçin, onuñ bahasyz bedew aty, halysy, goşa tarly dutary bar. Bedew at, haly, dutar türkmeniñ ruhundan dörän. Olar hem türkmeniñ tebigatynyñ bakylyklary ýaly, ruha täsir edip duran gözelligiñ nusgalary. Türkmeniñ paýyna aşa guraksy tebigat düşüpdir. Şular ýaly bakyýalyklaryñ hem ruha täsir edýändigi unudylmasa gowy. Türkmeniñ ruhuna Garagum çöli, derýalarymyz, daglarymyz, düzlerimiz, ene topragymyzyñ göwsünden önýän baýlyklarymyz örän ýiti täsir edýär. Türkmeniñ ruhuny gaýtadan galkyndyrmakda şu aýdylan bakyýalary we gözelligiñ nusgalaryny sadadan inçe, çeper, täsirli beýan edip bilsek, milliligimiz ap-aýdyñ bolar. Türkmen ruhunyñ doly we dogry wagyz edilmegi üçin, taryhymyza, geçmişimize iññän berk nazar aýlamak zerurlygy ýüze çykýar. Hemme milletiñ-de taryhy ajaýyp. Ýöne taryhyñ gatlarynyñ her bir düzgüni özüne peýdaly gatyny ulanýar. Bu hadysa adamzat durmuşynda adata öwrüldi. Bu adatyñ üýtgejegini-de, üýtgemejegini-de hiç kim aýdyp bilmese gerek. Şonuñ üçinem bu babatda türkmeniñ diñe gadymydygyny aýan edýän taryhy subutnamalar ulanylsa, paýhaslylyk etdigimiz bolardy. Taryhy geçmişimizdäki gerçek şahslary Arşa göterip, geçmişiñ diñe üstünliklerini saýlap, olary romantik arzuw-isleglere gaplap, ertekilere, rowaýatlara aşa üns berip, olary halka wagyz etmek ýaly meýillere örän seresaply çemeleşilse ýagşy. Ýokarda ady agzalan bakyýalar bilen bir hatarda, şu günüñ kyssasyna-da, hakykatyna-da üns berilse göwnemakul bolar. Il-güne şu günüñ üstünligi, şatlyk-gaýgysy gerek. Ata Watanyñy süññüñ bilen söýmek, jany sag, uzak ýaşamak, birek-biregi söýmek, sylamak, maşgalañy agzybir saklamak, öz halaýan hünäriñe eýe bolup, arassalyk bilen arkaýyn zähmet çekip, bol-elin ýaşamak ýaly islegler ynsanýetiñ elmydama arzuw edip gelýän arzuwlary. Ynsan şol arzuwlara ýetmek üçin, ençeme şady-horramlyklaryñ, agyr külpetleriñ üstünden geçmeli bolýar. Ynha, şu diýseñ köp öwrümli durmuş ýolundan ynsan adyna ysnat getirmän baş alyp çykmak üçin türkmene belent ruh gerek. Şu-da biziñ düýp maksadymyz bolsa, biziñ millet hökmünde ýaşajak ömrümize-de, bahamyza-da san ýetmez. Dünýäniñ, döwletiñ, hojalygyñ gurluşyna öz täsirini ýetirýän adamynyñ, añynyñ sallançagy bolup duran häsiýetleri bar. Şol häsiýetler, adamynyñ ömrüniñ möwritlerinde aýdyñlaşdyrylsa, şol häsiýetler aýdyñlaşdyrylan möwritlere laýyk goýulsa oñat bolar. Şeýdilende, adamzady ata, ene, baba, mama, oglan, gyz ýaly düşünjelere bölmän, umumy ynsanýet gymmatlyklaryna köp üns bermäge mümkinçilik dörär. Bu türkmen ruhunyñ agramyny has-da saldamly eder. Türkmeniñ ruhuny gaýtadan galkyndyrmakda garaşsyzlyk, özbaşdaklyk ýaly düşünjeleri hakyky durmuşa berk aýagyñy diräp, örän içgin hem-de täsirli wagyz etmeli. Sebäbi bu düşünjelerde adam añynyñ iñ progressiw ösüşi ýatyr. Ynsan ruhy ynsanýetiñ arasynda hiç mahal günä götermeýär. Ruh - bigünä Ynsan dünýäden ötensoñ hem, ynsanýet ony Tañra tarap, günäsi ýok diýip ugradýar. Bu ynsanyñ yns-jynsdan beýikdiginiñ nyşany. Türkmeniñ ruhuny belentde gaýym saklajak bolsañ, oña şahsyýetiñ girip-girmezligi hakynda paýhasly pikir edilmegi zerur. Sebäbi şahsyýet ynsan çagasy bolany üçin, onda sogap-da bar, günä-de. Ruh bolsa ynsanýetiñ barlygy. Beýik Tañrydan ezil ilimiziñ mizemez ruhunyñ ebedi gudrat bolup ýaşamagyny dileg edýärin. Orazberdi ÄREKOW, kinorežissýor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |