15:14 Ruh hakykaty | |
RUH HAKYKATY
Geň-taňsy wakalar
''Ruh'' bedenlere ''jan'' beren durmuş kanunydyr. Ruh Allanyñ Adama üflän manawy we hemişelik (ölümsiz) bolan nurydyr. Ruh adamyñ özüniñ barlygyny emele getiren we Rebbi bilen gatnaşygy berkidýän hakyky görünen we bilinen barlykdyr. Adamda gören, duýan, bilen, gynanan, begenen hem şol ruhdyr. Bütin bularyñ beýin bilen we ondaky çäk sistemasy bilen baglanyşyklydygyny pikir etmek, ýaly bir zatdan ybaratdyr. Ymam Gazaly, Ibni Kaýýym El-Jewziýýe ýaly alymlar, Gurhanda we sünnetde geçen sözleriñ, şol hakykatlary açyklaýan dürli-dürli aýatlaryñ bardygyny tassyklaýarlar(1). Ruh adamda düşünen, biliji we seçip saýlaýjy bolan Latyfdyr (Allanyñ zikr edilen bir ady). Akyl bolsa, düşünmek we pikir eýesidir, kiý kalbyñ edil özi diýmekdir. ''Jenaby Hakyñ ilkinji ýaradan zady akyldyr'' hadysy hem bu aýdylan hakykata güwä geçýär(2). Suwuñ bug, gaz, gar we buz halyna öwrülmegi, elektrik togunyñ sowadyjy haladilnigiñ buzly gabyny doñdurmagy, sowukda ýakyp gowrujy, yssyda sowadyjy ukybyny ýerine ýetirşi ýaly ''nebis, kalp we akyl'' hem ruhuñ dürli-dürli ýogynlykdaky ýagdaýlary bolup görünýändir. Käbir alymlar 1- Ynsany ruh we 2-Haýwany ruhdan gürrüñ açýandyrlar, olaryñ bu açyklamalary, Ruhuñ gaflat we haýwanata öwrülmegi we günäler bilen kirlenip körleşmegi ''Nebsi emmare'' (erbetlikleri buýurýan nebse) öwrülmegine yşaratdyr. Ýogsam ruhy göterýän ýeke täk janly, ynsandyr. Iñ soñam ''Ruh Allahyñ emrindedir''(3) aýatdaky ''emr'' kelemesi, hem ''hikmetli iş we takdyr'' manysynda gelşi ýaly, ''emr etmek we dolandyrmak'' manysynda düşündirilýär. Şol sebäpdenem, parahat wagtymyzda dolandyran we haýra ugrukdyran ''emr ediji ruh'' küfür we erbetliklere kararly bolsa ''emr ediji nebis'' derejesine düşýändir. Ýagny ruh we nebis, adamsyna öz menliginiñ we hakyky özlüliginiñ iki ýüzi ýalydyr. ''Ruh adamyñ hakyky menligi we manawy bedenidir'' adamyñ zahyry bedeni, dogar, ulanar, garrar we öler. Ýöne ruhumyz we manawy bedenimiz ölýän däldir. Maddy ölümden we mazara gömüleniñden soñra bu manawy bedenimiz bilen ruhumyzyñ durmuşy dowam edýär. Ynsana durmuşy gazandyrýan, gözleşdiren, düşünen, gören, duýan we duýgulanan beýin we zehin däl-de ruhumyzdyr. Aýat we hadyslarda öwülen ''akyl'' hem ruh bilen baglanyşyklydyr. Adamzada durmuş berdiren, gözleden, şol ruhlar iman, ybadat, gowulyk, ystykamat we yhlas bilen terbiýelenip ulalýar. ''Kalplar (ruhlar) diñe, zikrylla bilen (Gurhan nury bilen we Allahy añlamakda) huzura gowuşýar''(4) aýaty hem muña delildir. Emma günä we erbetlik bolsa, kalplary gowşadar we ruhlary garaldar(5) aýaty hem bu näsazlyga üns berilmelidigini düşündirýär. Şeýle bolsa gaflat we eden-etdiligiñ soñy gatylaşan kalplaryñ (6) manawyýat penjiresi perdelenýär(7). Hem-de bu dünýäde ruhlary kirlenenler we kalplary körleşenler, ahyrýetde ýagny ölümden soñam kördürler(8). ''Kimde-kim günä iş etse şoña dönmez ýaly ''akyl'' aýrylyp gider''(9) hadysy hem günä we erbetlikleriñ, ruhlaryñ akyl we düşüniş ukyplaryny azaldýandygyny düşündirýär. Muña garşylyk zikir, pikir we şükür ählinden bolanlaryñ ruhy beýgeljekdigini şu hadysy şerif habar berýär: ''Muferridun bolanlar ýaryşda üstünlik gazandylar. Olar şeýle geñ-tañsy zatlar welin, bütin barlyklary bilen Allanyñ zikrine (Gurhanyñ hökmüne, ybadat disiplinine dowamly Allahy düşünmek we çagyrmak höwesine) jürdürler. Allahdan gaýrysyny kalplaryndan çykarandyrlar. Bu ýagdaý olaryñ (gaflat we nebsanyýet) ýüklerini azaldandyr. Hem-de bu manawy berklik bilen (huzur bilen myradyna) Möwlasyna gowuşaýlar. ''Mundan soñra Men, ýüzüm bilen olara ýöneler we hakykat nuruny olaryñ kalbyna ataryn. Şeýlelikde, Men olara habar berişim ýaly, olar hem Menden habar almaga başlarlar(10)''. Bu ylahy nur bilen ruh aýnasy parlaýan we köñül ekerany çalyşmaga başlaýan ynsanlar ''Allanyñ rehmet nuruny we hikmet tolkunlaryny tutmak we hakykat syrlaryny añlamaga ulaşýarlar(11). Bu bedenimiz üçin (terbiýelenmek, ýetişmek we elenmek bilen) bu dünýämiziñ durmuşymyzda, ruhlarymyzyñ ulaglarydyr. Maddydyr we panydyr. Dowamly üýtgemekde we ýetişmekdedir. Bir gün gabra girer we çüýrär. Ýöne ruhlarymyz manawydyr we (ölmeýän) ebedidir. Jesetlerimiz ölüp gabra gireninden soñra, ruhlarymyz ''manawy'' we ruhany bedenleri bilen'' ýaşamaklaryny dowam edýändirler. Hatda manawy bedenleri bilen ýaşaýyşy sürdüren bu ruhlar, dünýäde galanlaryñ seslerini eşidip, manawy sowgatlaryny alarlar we begenerler(12). Mömin we begenýän ruhlar, gabyr berzah we ahyrýet äleminde-de tanyşyp tapyşarlar we dünýädäki ýakynlaryny zyýarat etmäge-de gelerler(13). Müñkir, mynafyk we mazarly ruhlar bolsa zyndana atylar we görüşmezler. Heniz dünýäniñ durmuşyny ýaşaýan mömünleriñ, düýşde käbir pygamberleri we salyh kişileri görmekleri-de ýene ruhlaryñ tapyşmasy we habarlaşmasydyr. Barybir uky halynda ruhlaryñ bedenden aýrylandygyny we manawy jesetleri bilen aýlanýandygy, hem aýatda habar berilen hem-de bilinen hakykatdyr(14). Hatda şehitleriñ we welileriñ ''ýaşyl jennet guşlary'' görnüşinde gezýändiklerini we zowklanjakdyklaryny bildiren hadysy şeriflere uýgun hökmünde Rehmetli Şeýhim Hajy Haýdar Baba hezretleri, agyr syrkawylygynda we ölüminden soñ ýoklugyna gaty gynanan wagtym maña: ''Gynanma Alla söýen we saýlap alan gullaryna ölüminden soñra gögerçin keşbinde, dostlarynyñ ýanynda aýlanyp göwünlik berýär'' diýipdi. Hakykatdanan wepatyndan alty aý soñra, ýaz aýlary bir oba baran wagtlarym ikindin-agşam aralary öýüñ gapysy açyk salonda işleýärkäm bir gögerçin iki sapar gelip kelläme gondy, soñam uçup gitdi we muña bir hili boldum, ýöne biraz soñra üçünji sapar ýene salona girip kelläme gonanda Rehmetli Şeýhimiñ sözlerini ýadyma salyp aglap ol gögerçin suratyndaky ruhanyýeti gujakladym we muña meñ aýalymam şaýat boldy. Bu hakda Ibni Kaýýim El-Jewziýýäniñ kitabynda ýüzlerçe delil bardyr(15). Gurhanda düşündirilen 1-Nebsi ammare (erbetlikleri emr eden aşakdaky we beýleki mertebe),-2Nebsi lewwame (ýalñyşlyklary sebäpli özüni günäkärleýän mertebe), 3- Nebsi mulime (haýyrly işlere we ybadata ýönelen mertebe), 4-Nebsi mutmaine (imanlyga, gulluk huzuryna ulaşan mertebe), 5- Nebsi Razyýe (Allanyñ her hökmüne razy we taýyn bolan mertebe), 6-Nebsi mardiýe (Allanyñ özünden hoşnut we begenen mertebe) ýaly derejeler, aslynda ruhuñ terakky we tasaffy edendigini (saplanyp beýgelşini) görkezen mertebelerdir. Nagşy tarykatynda çep göwüsdäki ýüregiñ ters ýüzüne kalp, ruh, syr, hafy, ahfa, nebis, letaifi kul (ruhy beden) ýaly Latiflar ýene bularyñ ruhuñ dürli mertebeleri bolandygyny görkezýändir. 1- Kalbyñ nury we manawy zuhury: Gyzyl, 2- Ruhuñ sary, 3-Syryñ ak, 4-Hafynyñ ýaşyl, 5-Ahfanyñ gara, 6-Nebsiñ goýy reñkde, 7-nji Letaifi-kul (ruhy bedeniñ) mawy reñkde görünýändigini, sary reñkde aýlanýan Günüñ dürli reñklere girmegi ýaly bir zatdygyny aýtmak isleýärin. Bu ''Biz ynsany iñ gowy görnüşde (Ahseni takwimde) halk etdik. Soñra ony aşakdakylaryñ aşagy a (esfel-es-safiline) öwürdik(16)'' aýatyndaky inkär we ysýan (günäkär) haldaky ruhlaryñ gitdigiçe erbetleşmegine we aşakdaky derejelere düşmegine yşaratdyr. Çeşmeler: 1. Ibni Jewziýe Kitab-ur-Ruh 20. Meselesi. 2. Ihýa-i Ulum. Muhlikat bölümi 3. Isra: 85 4. Raz: 28 5. Mutaffifin: 14 6. Bakara: 74 7. Haj: 46 8. Isra: 72 9. Ihya-i Ulum 10. Müslim - Hakim 11. Müslim Buhari 12. Nesai-ibni Mace 13. Nisa: 69 we şoñ bilen baglanyşykly hadyslar 14. Zumer: 42 15. Kitab-ur-ruh: 19. Meselesi 16. Tin: 4-5. Ahmet Akgüliñ ''Ruhlar we başga planetalylar'' atly kitabyndan terjime eden: Ç. Sugtyýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |