07:40 Rýunosuke Akutagawadan damjalar | |
RÝUNOSUKE AKUTAGAWADAN DAMJALAR
Sözler
Adam durmuşy otluçöp gutusyna çalym eder. Oňa çynlakaý çemeleşmek gülkünç, çynlakaý çemeleşmezlik – howply. Zalym hökümdara zalym diýmek hemişe howply bolupdyr. Biziň günlerimizde gula gul diýmek şondan gorkusyz däl. Şahyr hemmeleriň öňünde öz ýüregini açýan adamdyr. Humarly oýunlar bilen gyzygýanlaryň arasynda pessimist bolmaz. Ýazyjy bolmaga çalyşýan adam sürüjilik kursuny tamamlaman, ýolda maşyny doly tizliginde sürýän sürüjä meňzär. Azatlyk dag howasy ýalydyr. Gowşaklar oňa tap getirmez. Kemakyl özünden başganyň ählisini kemakyl hasaplar. Güýçli duşmandan däl, dostdan gorkar. Ol duşmanyny gorky-ürküsiz ýeňer, ýöne çaga ýaly, bilmezden dostuny ynjytmakdan gorkar. Ejiz dostdan däl, duşmandan gorkar. Şu sebäpden oňa hemme ýer duşmandan doly ýaly görner. Öz eden ýamanlygyň hakynda özüň aýt, şonda ýamanlyk öz-özünden ýok bolar... Terjime eden Ýоwşаn АNNАGURВАN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |