08:30 Jadygöýiň jadysy / hekaýa | |
JADYGÖÝÜŇ JADYSY
Hekaýalar
Güýzüň ýagyşly gijesidi. Meni alyp barýan rikşa Onori obasynyň depelerinden aşyp uzak ýöredi. Ahyrynam, bambuk agaçlarynyň arasyndaky, ýewropa jaýlaryna meňzedilip gurlan öýüň gabadynda saklandy. Gapynyň ýokarsyndaky, ýapon elipbiýinde ýazylan "Hindi Matiram Misra" diýen ýazga gözüm düşdi. Misra asly kalkuttalydy, şeýlede ol Hindistan garaşsyzlygy ugrunda jan aýaman göreşenleriň biridi. Ýaş wagtlary meşhur brahman Hasan-handan jadygöýlügiň gizlin syrlaryny öwrenipdir. Bir aý dagy öňüräk Misra bilen meni bir dostum tanyşdyrypdy. Şonda biz Misra bilen syýasat barada köp wagtlap gürleşip oturypdyk. Ýöne entek onuň jadygöýlük edenini welin görmändim. Şonuň üçin barjagymy öňünden hat ýazyp, duýduryp, bu gün öýüne gelip durşumdy. Güýçli çabga ezilip durşuma, gapynyň jaňyny basdym. Gapy şol bada açylyp, içerden Misra hyzmat edýän, kelte boýly ýapon aýaly çykdy. — Jenap Misra öýdemi? — Hawa, hawa, geliň. Ol size garaşyp otyr-diýip hyzmatkär meni Misranyň otagyna ertdi. — Hoş geldiňiz! Ýagyşyň şu ýagyp durşuna seretmän, geleniňize sag boluň!-diýip, nebit çyranyň yşygyny peseldip duran öý eýesi meni ýyly sözler bilen garşylady. — Ýagyş dagy nämemiş? Siziň "sungatyňyzy" görmek üçin mundan beterräk howada-da gelerdim-diýip, oturgyçlaryň birine geçip oturdym. Otagyň içindäki stol, oturgyçlar, kitap şkafy hemmesi könejedi. Hatda stoluň üstüne ýazylan, gyzyl gülleriň suraty çekilen mata-da könelişip, reňki öçüp gidipdir. Salam-helik gutardy. Ikimizem dymyp, ýagyş damjalarynyň bambuk agajyna degip, çykarýan sesini eşidip oturdyk. Şol wagtam hyzmatkär aýal, herimize bir käse gök çaý getirdi. Misra çilim gutusyny uzadyp: — Çekýäňizmi? -diýdi. — Sag boluň!- diýip, bir çilimi otlap, çekip oturşyma: — Meň pikirimçe siz arwah-jynlary boýun egdirmegiň usulyny bilýän bolmaly. Häzir maňa görkezjek "tomaşaňyzam" şolary kömegi bilen edersiňiz? — Arwah-jynlara ýüzläp ýyllar öň ynanylan. Meselem "Müň bir gijäň" ýazylan döwürleri. Meniň Hasan-handan öwrenen zatlarym örän ýönekeý. Arwah jynlara degişli ýeri ýok. Ylmy dilde oňa "gipnoz" diýýäler... Isleseňiz ony sizem öwrenip bilersiňiz. Onuň üçin eliňi şeýdip silkmek ýeterlik-diýdi-de, Misra elini ýokaryk galdyryp, howada üçburçlygyň şekilini çyzdy. Soňam elini ýuwaşjadan stoluň üstüne ýetirdi-de, matadaky nagyşyň gülüni eline aldy. Haýran galyp, güli synlamak üçin oturgyjymy golaýrak süýşürdim. Şol wagtam Misra güli burnuma ýakynlaşdyrdy. Men gülüň hoşboý ysyny duýdum. Misra güli stoluň üstünde goýdy. Gül ýene-de stoluň üstündäki matanyň nagşynyň bir bölegine öwrüldi. — Ine, indi bu çyra serediň-diýip Misra nebit çyrany maňa golaý süýşürdi. Ol elini aýyran badyna çyra duran ýerinde pyrlanyp başlady. Ilkibada men ot düşmeginden gorkup, yza çekildim. Emma Misra arkaýyn çaý içip otyrdy. Ony görüp, menem gorkumy basyp, çyra seredip otyrdym. Çyra şeýlebir çalt pyrlanýardy welin, ol edil pyrlanman duran ýalydy...Uzak wagt ünsli synlap oturamsoň düşündüm. Dogurdanam ol pyrlanmaýan eken. — Ýeri, nähili gördüňiz? Ynanmak kyn hä?-diýip, Misra özüne göwniýetijilik bilen ýylgyrdy-Bular entek hiç. Çagalar üçin fokuslar diýseňem boljak. Häzir size ýene bir "tomaşa" görkezeýin. Misra ýerinden turdy-da, ýüzüni kitaplar duran şkafa öwürdi-de, elini salgap goýberdi. Şol bada-da kitaplar tertip bilen duran ýerlerinden çykyp, sahypalaryny ganat ýaly kakyp men tarapa gaýtdylar. Meniň edil öň ýanymdan yzlaryna öwrülip, ýene şkafa baryp ýerli ýerinde, öňkileri ýaly tertipde ýerleşip başladylar. Beýlekilerden ýukarak bir kitap beýlekilerden üzülip galdyda, meň dyzlarymyň üstüne "gondy". "Bu näme boldugyka?" diýip pikirlenip, kitaba ünsli seretsem, bu kitap Misranyň öňüräk okamak üçin menden alan kitaby eken. — Kitabyňyz üçin sag boluň! Men çilimimi dişläp otyrşyma, edil häzir ukydan oýanan ýaly bolup, hiç zat gürläp bilmän otyrdym. Birdenem Misranyň aýdan sözi ýadyma düşdi: " Isleseňiz ony sizem öwrenip bilersiňiz". — Men siz hakyňyzda köp eşidipdim-diýip, söze başladym- Ýöne siziň başarnygyňyz meň pikir edişimdenem ýokary eken. Ýaňy maňa jadygöýlügi öwrenip biljekdigimi aýdypdyňyz. Siz oýun eden dälsiňizdä herne? — Ýok oýun edemok. Muny sizem öwrenip bilersiňiz. Ýöne... Misra ýüzüme dykgat bilen seredip, çynlakaý äheň bilen gürläp başlady.-Ýöne diňe öz nebsini ýeňip bilen adam jadygöýligi öwrenip biler. Siz öz nebsiňizi ýeňip, baýlyga, pula bolan islegiňizi goýup bilersiňizmi? — Şeýle etmek gerek bolsa ederin. Maňa tälim berseňiz bolany. Misra ýüzüme şübhe bilen seretdi. Ýöne sözümi ýykmaga dözmedimi, nämemi razy boldy. — Ýeri bolýa. Munuň üçin köpüräk wagt gerek. Bu ýönekeý iş. Ýöne bir bada başartmaýar. Bu gün bizde galmaly bolarsyňyz. Men Misra minnetdarlyk bildirdim. Ol meň sözlerimi eşitmeýän ýaly bolup biraz durdy-da, beýleki otaga bakyp gygyrdy: — Daýza myhmana ýer taýýarlaň! Ol bu gün bizde galýar. Begenjime ýüregim "gürsüldäp" agzymdan çykaýjak bolýady. Misranyň ýüzüne seredip otyrşyma çilimimiň külüni kakmagam unudypdyryn... Misradan jadygöýlik sapaklaryny öwrenip ýörenime bir aýdan gowyrak wagt geçipdi. Bir gün agşam Gindza köçesindäki kafeleriň birinde dostlarymyz bilen üýşdük. Biz çilim çekişip,at çapyşyk ýaryşlary, aw hakynda gürleşip otyrdyk. Birdenem dostlarymyň biri maňa seredip: — Eşidişime görä siz jadygöýligi öwrenip ýörenmişiňiz. Öwrenenleriňizden bize-de görkezip bilmersiňizmi?- diýdi. Men edil meşhur jadygöýler ýaly: — Baş üstüne!-diýdim. — Ýöne fokusçylaryň görkezýän adaty tomaşalyrdan bolmasyn! Beýleki dostlarym hem ýerli-ýerden ony goldap, oturgyçlaryny maňa golaýrak süýşürdiler. Men ýerimden turdym-da, köýnegimiň ýeňlerini çermedim. Soňam peçde ýanyp duran közleriň birnäçesini elime aldym. Şunuň özem dostlarymy haýran galdyrdy. Olar üstlerine ot düşmeginden gorkup yza çekildiler. Men bolsa elim ýanyp duran kömür közli olara golaýrak bardym-da, elimdäkileri poluň üstüne taşladym. Poldan "şyňňyrt" edip sesler çykdy... Pola taşlan közlerimiň hemmesi tylla teňňelere öwrülipdi. Dostlarym düýş görüp oturan ýalydylar. Olar hatda gürlemegem unudypdylar. — Ine size adaty zat!-diýip, men ýeňijiniň ýylgyrşy bilen ýerime geçip otyrdym. Bäş minutlardan soň bir dostum: — Bular hakykymy?- diýip sorady.Men şol ýylgyryp otyrşyma: — Eliňe alyp, barlap göräý-diýdim. — Aý, ýok elimi ýakasym gelenok. Ahyryn olaryň biri seresaplylyk bilen teňňeleriň birini eline aldy. Dişläp gördi-de: — Hakyky altyn eken. Ofitsiant, sübse bilen bedre getirip, bu teňňeleri ýygnaşdyryp al!- diýdi. Ofitsiant olaryň diýenini edip, teňňeleri ýygnap aldyda, stoluň üstüne dökdi. Dostlarym stoluň daşyny gurşap alyp, her haýsysy bir zat diýdi: — Bäh, bir müň iki ýüz ien-den gowyraga bardyr? — Ondan köpüräkdir. — Jadygöýlik diýibem şuňa aýdaýsaň. Bir dem-de kömüri altyna öwüräýdi. — Bir hepdä galman, milliarder bolup, Iwasakiden ýa-da Mitsungdanam ötüren baý bolarsyň. Men bolsa oturgyjyň arkasyna ýaplanyp, çilim çekip otyrşyma: — Ýok, baýlyk üçin jadygöýligi ulanmak bolanok. Teňňeleri synlap bolsaňyz, olary ýene peje taşlajakdyryn-diýdim. — Munça altyny kömüre öwürmek samsyklyk ahyryn-diýip, olaryň hemmesi garşy çykdylar. Men Misra beren sözümde durjagymy aýdyp, teňňeleri peje taşlajagymy tekrarladym. Olar altyn teňňeleri ýitirmek islemeýändiklerini aýtdylar. Garaz jedelimiz uzaga çekdi. Ahyryn hilegärlikde özüni tanadan bir dostum: — Mende bir teklip bar: Geliň häzir karta oýnalyň! Senä şu teňňeleri dikersiň, bizem ýanymyzdaky bar pullary. Nähili görýäňiz? Oýnaýasmy?- diýdi. Men ýene garşylyk görkezjek boldum. Ahyryn olar üstün çykdylar. Bir ýerden karta tapyp gelip oýuna başladyk. Karta oýunda köplenç meniň "elim gelmeýär". Karta oýnamagy teklip eden dostum, şony göz öňüne tutyp, teňňeleri utup almaga umyt baglan bolmagam ahmal. Ýöne näme üçindir bu gün erbet oýnamokdym. Utuşly kartalar yzly-yzyna elime gelip durdy. Ahyryn dostlarymyň hemmesiniň ýanyndaky pullary gutardy. Baryny utup aldym. Ilki karta oýnamagy teklip eden dostum dergazap bolup, kartany orta taşlady: — Ynha karta! Men bar mal-mülkimi, atlarymy, awtomobilimi, öýümi dikýän. Senem tylla teňňeleri, utup alan pullaryň hemmesini dik! "Öý, mal-mülk, awtomobil... Bular üçin jady ulanaýsamam hiç zat bolmazla" diýip pikirlendim-de, dostumyň teklibine razy boldum. Dostum kartalaryň arasyndan bir kartany çekdi-de stola taşlady: — Dokuzlyk! Men jadygöýlik ukybymy işe saldymda, kartalaryň arasyndan bir karty çykardym: — Karol! Şol wagtam elimdäki kartanyň ýüzündäki surat (karol) kartadan syryldyda, stoluň üstüne düşdi. Elindäki gylyjyny galgatdy-da, ýüzüme ýaňsyly ýylgyryş bilen seredip başyny ýaýkady. — Daýza, myhman üçin ýer hökman däl. Ol öýüne gaýdýan boldy. Misranyň tanyş sesine tisginip gitdim. Men entegem Misranyň öýünde oturan ekenim. Agzymda-da şol küli kakylmadyk çilimim... Misra meniň nebsimi synag edip görüpdir. Ol elini üstüne gülli mata çekilen stola goýup oturşyna, ýaňsyly ýylgyryş bilen ýüzüme seredip, başyny ýaýkap oturşyna: — Nebisi ýeňmek gerek, nebisi- diýip gaýtalap otyrdy. Soňy. Akutagawa RÝUNOSKE, ýapon ýazyjysy. Terjime eden: Şirhan ALLABERDIÝEW. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |