16:34 Sag bol, Söýgi! | |
SAG BOL, SÖÝGI!
Goşgular
![]() Sag bol, Söýgi! Bir çümmüjek nur çaýdyň Ýagyrnysyn ýyllar gaşan ýazgyda. Seni bagtyň ýollarynda ýar saýdym, «Kynlyk bilen geçilýänin» ýaňzydan. Men özümi seni tanap tanadym, Baý-bow, gögeleje beýnim bar eken. Şonda-da özüme ýeterlik kalbym, Özüme ýeterlik söýgim bar eken. Bir gün-ä kösediň, Synadyň şeýdip, Bir göterdiň bagtyň çür depesine. Asyl, seň üstüňden geçýän eken-ä Uzaýan ýol dünýäň pelsepesine. Bir gün ejem bolup göründiň maňa, Bir gün «Harplyk» bolup göründiň maňa. Bir gün synpdaş gyzyň gözlerne siňdiň, Soň obadaş gyzyň sözlerne siňdiň, Gowşurman şolaryň hijisine-de, Ajy şarpyk bolup göründiň maňa. Garaz, köplük bolup göründiň maňa. Ýöne gizlenseň-de kimiň keşbinde, Haýsy dona bürenseňem tanadym. Sag bol, bagyşladyň günleň ajabyn, Bagyşladyň adamlaryň oňadyn. Görýäňmi, biz bir-birege baglandyk, Geldiňmi, howlukma, biraz ernip git. Sähelçe uçgunyň ömri ýagtyldar, Şonuň üçin heran-haçan görnüp git. Agageldi ITALMAZOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 8 | ||||||||
| ||||||||