12:37 Säheriñ keşbi / goşgular | |
SÄHERIŇ KEŞBI
Goşgular
Säher. Daň şapagy. Jadyly görnüş. Gözýetimde Güneş assa jyklaýar. «Agşam bu ýerlerde niçik özgeriş Bolupdyr, men ýokkam» diýýän mysaly Çyrasyny tutup garanjaklaýar. Sähelçe öwüsýän säher şemaly, Günüň şöhlesini ýere ýerleýär. «Ynha, bu ýerinem gowuja gör, sen» Diýýän ýaly bar ýerini barlaýar. Wah, tylla Güneşim, säher şemaly! Siz arkaýyn boluberiň, Ýer rahat. Edil düýnki goýup gidişiň ýaly, Şükür her bir ojak otyr parahat. Bu gün niçik başdan geçirmeleri, Bagyş etjek her ykbala, her ömre? Şeýle bir gowulyk peşgeş bersene Goý, ol miras galsyn müdimi döwre. Aslynda, Allanyň beren her günün Men bu barlygy şeýle bir söýýän, Ýer şaryn kiçeldip gyzgyn ýüregme Sygdyryp bilsedim, salsadym diýýän. Ýa-da ýüregimi şemal arkaly, Dünýä ýaýratsadym pamyk deý saýyp. • SÖÝGINIŇ KENARYNDA Islämokdym çagalykdan çykmagy, Ömür boýy şol dünýäde galjakdym, Emma ýigitleriň ýiti bakyşy, Elendirdi, parh goýmajak ýaljakdym. Duýgularym jylawymdan çekeläp, Alyp gidip barýar söýgi ummanna. Aklym bedenime erk etjek bolýar, Ýürejigim bolsa tapmaýar karar. Men henizem haýran bolup otyryn, Olaň bir bitewi süňňe sygmanna. Käte ýürek akly boýun egdirýär, Käte-de tersine akyl ýüregi. Käbäm, eger kösenäýsem bir ýerde, Dolandyrýan sizdiňiz-ä küregi. Şu gezegem ýetişiň meň dadyma, Saklabam bolanok tiz geçýän saly. Hopugýan, hamala, şol körpäňizi, Edil şu wagt alyp gitjekler ýaly. Ýöne, biliň, beren terbiýäňizi, Size uly hormatymda ödärin. Bu durmuş ýolumda sizden birugsat, Hatda ýeke ädimi hem ätmerin. • GÜLLER Güller! Hoşboý ysly, al-elwan güller! Galkar sizi gören juwan göwünler. Sowgat edilseňiz öýke-kinelä, Çözüler arada ähli düwünler. Bir-birekden has-da gözel görünip, Näz edişip dursuňyz siz paşyrdap. Sizi gören gyzlar: «Maňa-da biri Sowgat edäýsedi»diýer pyşyrdap. Siz bolsa gül bazarynda ýalbyrap, Güjeňleýärsiňiz her bir geçene. Ötegçiler: «Söwer ýaryma ýa-da» Diýer «Sowgat alsam eziz ejeme». Örän gerek bolanňyzsoň ynsana, Adamlaram tapypdyrlar çäresin. Diňe bir ýazda däl ähli pasylda, Ysnyşdyrýarsyňyz ýürek arasyn. Ynha, gözelligiň jadyly güýji, Adam ogly oňa mydama maýyl. Mümkinçiliginiň ýok ýerinde-de, Ony döretmäge bar zada kaýyl. Gülşat JORAÝEWA. “Garagum” žurnaly, 6/2021. | |
|
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |