10:01 Söýginiñ kenarynda | |
SÖÝGINIÑ KENARYNDA
Goşgular
Islämokdym çagalykdan çykmagy, Ömür boýy şol dünýäde galjakdym, Emma ýigitleriñ ýiti bakyşy, Elendirdi, parh goýmajak ýaljakdym. Duýgularym jylawymdan çekeläp, Alyp gidip barýar söýgi ummanna. Aklym bedenime erk etjek bolýar, Ýürejigim bolsa tapmaýar karar. Men henizem haýran bolup otyryn, Olañ bir bitewi süññe sygmanna. Käte ýürek akly boýun egdirýär, Käte-de tersine akyl ýüregi. Käbäm eger kösenäýsem bir ýerde, Dolandyrýan sizdiñiz-ä küregi. Şu gezegem ýetişiñ meñ dadyma, Saklabam bolonok tiz geçýän saly. Hopugýan, hamala, şol körpäñizi, Edil şu wagt alyp gitjekler ýaly. Ýöne biliñ beren terbiýäñizi, Size uly hormatynda ödärin. Bu durmuş ýolumda sizden birugsat, Hatda ýeke ädimi hem ätmerin. Gülşat JORAÝEWA. "Garagum" žurnaly, 6 - 2021 | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |