15:05 Şähryslam | |
ŞÄHRYSLAM
Taryhy ýerler
Bäherden etrap merkeziniň 20 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Şähryslam ýadygärligi ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Bu taryhy künjek Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ösen şäherleriň biri bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Şähryslam şäher-galasynyň çarwa sährasy bilen çäkleşendigi, bir döwürler oguzlaryň paýtagty hem bolandygy, ondan çykýan kerwen ýolunyň bir şahasynyň demirgazyk-gündogara, Hywa tarapgidendigi, ýene bir kerwen ýolunyň Horezmden gelip, Täk Ýazyr galasynyň üsti bilen günorta sary ýol aşandygy barada aýdylýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu gymmatly kitabynda Şähryslamdan gündogarlygyna Nusaý tarapa gidýän ýoluň hem bolandygy, kerwenleriň günortalygyna ýöräp, Parawa barandygy we ondan Dehistana ýoluň bolandygy barada täsirli maglumatlar getirilýär. Köp sanly arheologik tapyndylar, aýratyn-da, hünärmentçilik önümleri Şähryslamyň Demirgazyk Horasanyň söwda-hünärmentçilik şäherleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Gymmat bahaly daşlar ýaly başga ýerlerden getirilen harytlar bolsa söwda ýollarynyň ugruny görkezýär. Uly möçberli gazuw-agtaryş işleri netijesinde şäheriň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, küreleriň, ussahanalaryň, şäher diwarlarynyň, demir magdany we hek saklanýan ammaryň üsti açyldy. Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän bu arheologiki taryhy-medeni ýadygärlik birnäçe menzil bärräkden, üsti orta asyryň binagärlik sungatyna mahsus bolan, gyzylymtyl-goňur keramika kerpiçler bilen örtülen özboluşly bir depe bolup görünýär. Onuň tebigy taýdan örän amatly ýerde we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi onuň düzümindäki hünärmentçilik merkezleriniň güýçli depginde ösmegine we öndürilýän önümleriň artdyrylmagyna hem öz täsirini ýetiripdir. Şähryslamda hünärmentçiligiň barha ösmegi, bir tarapdan, çarwalar bilen, ikinji tarapdan hem oturymly ilat bilen alyş-çalşyň, söwdanyň ýola goýulmagy netijesinde onuň orta asyrlaryň iri şäherleriniň birine öwrülmegine täsir edipdir. Şäheriň Demirgazyk Horasanyň iri senetçilik we hünärmentçilik merkezleriniň birine öwrülmegi Horezmiň, Diýarbekiriň, Şasenemiň, Horasanyň Paraw, Durun, Kelete, Täze Nusaý we Merw ýaly orta asyryň iri senetçilik merkezleri bilen bäsleşipdir. Şähryslamda geçirilen gazuw-agtaryş ylmy-barlaglaryň dowamynda ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda daşdan, şol sanda gymmat bahaly daşlardan ýasalan asyk-monjuklar, şaý-sepler hem bar. Daşdan ýasalan tapyndylaryň arasynda daşdan taýýarlanylan gazanlar has köp duş gelýär. Orta asyr ýazuw çeşmeleriniň şaýatlyk etmegine görä, daşdan ýasalan gap-gaçlar Eýranyň Nukan şäherinde ýasalyp, Horasanyň çäklerindäki şäherlere kerwenler arkaly getirilipdir. Baky ANNAMUHAMMEDOW, Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |