17:22 Şahyr hakda ýagşy kelam | |
ŞAHYR HAKDA ÝAGŞY KELAM
Edebi makalalar
Poeziýa diýilýän jadyly dünýäniň töweregine gelersiň, nesibäň bolsa, oňa girersiň... Nesibäň bolmasa, töweregine gelersiň-de, giribem bilmän, gidibem bilmän, köw-söw aýlanar ýörersiň. Daşynda ýörenleriň ençemesi gitdim diýseler-de, aýlanyp-dolanyp, ýene şu ýere gelerler. Sebäbi ol tüýs jadyly diýilýän: özüne çekýär, ýesir edýär, erkiňi alýar, söýgüsinden-ykraryndan tamakin edýär... Daşynda galanlar şu meselede günäsiz adamlardyr. Hiç bolmanda, şygryýeti söýýändikleri üçin günäsizdirler. Olar goşgyny gowy görýändirler. Has beterem olaryň juda şahyr bolaslary gelýändir... Nesibe diýenimiz köp zada, ýagny seýrek, her kime berilmeýän zatlara bagly. Berläýende-de, käte olaryň biri dolurak, beýleki biri gowuzrak düşüp biler. Şol seýrek zatlardan Alla ýeterlik paý beren bolsa, berlenini harlamadyk bolsaň, meger, saňa şygryýetiň täsin dünýäsiniň bagbanlarynyň biri bolmak nesip eder... Hoş gördük! Sen muňa gelensiň!.. Oglanlykda şygra gyzygyp ýörşümize, özümizden öňki birnäçe nesliň mysalynda, oňa tarap nesilleriň topar-topar bolup barýandygyna düşündik. Hiç birine zehinsiz diýip bilmersiň. Her haýsynyň özüne göwni ýetýändir. Biziň deň-duşlarymyz babatda-da şeýle boldy. Bizden soňkular babatda-da şeýle. Soňra kem-kem hemme zat aýyl-saýyl, ýerbe-ýer bolar eken. Şol topar-topar barýanlardan galsa, diňe käbir adam galýar. Iliň-günüň edebi rysgalynyň üýşüp döredilmeýäni bellidir. Ony döretmäge höwesekleriň örän köpüsi soňra durmuşyny başga ýerlerden agtarýarlar. Diňe nesibesi güýçli munda galýar. Şolaram öz hasylyny ýetişdirýär, edebiýatyň uly harmanyna köpden-azdan öz harmanyny goşýar. ...Ysmaýylyň deň-duşlary babatda-da şeýle. Olar onlarçady. Soňra olaryň köpüsi «ýitdi». Ýogsam bolmasa, olar şu mahal tüýs«men» diýen ýaşyndaky, ellä ýetip-ýetmedik adamlar. Birwagtky jahyllyk duýgy-düşünjelerini bu günki paýhas eleginden geçirip, iň kämil eserlerini hut häzir ýazmaly adamlar. Şu wagt, meniň bilşime görä, olardan diňe birnäçesi galypdyr. Şuny diýenimde, ýaş wagtlary umyt bilen garalan we henize bu güne çenli-de döredijilikden arasy üzülmeýän, ýazanlary ile ýetip duran zehinler hakynda aýdýaryn. Şolaryň arasynda Ysmaýyl Taganyň hem bardygyny arkaýyn aýdyp bilerin. Döredijilik bilen degdim-gaçdym edip ýörenler bolsa bulara degişli däl. Hernäçe wagtyňy gysganýan hem bolsaň, şygryýetiň ol ýa beýleki ýagdaýy, bu ugurda öz güýjüni synap ýörenler ýa-da zehinli bir adam bilen baglanyşykly gysgarak söz açmaly bolanda, wagt hasabyny unudyp, köp zat barada aýdasyň gelýär. Emma edil häzir uly söhbeti başga bir gezege goýup, gürrüňimi, esasan, Ysmaýylyň eliňizdäki kitaby barada dowam etdireýin. Ömrüň şunça ýoluny geçip, henizem döredijiligi ykbal edinip ýören bolsa, onda-da öz deň-duşlarynyň öň hatarynda bolsa, munuň bir hikmeti bardyr: biziň şol köp zat diýýänimizden Ysmaýyla-da ýetdik paý berlen bolmaly... Ysmaýylyň goşgularynda Watana ideal söýginiň beýany bar. Mysalmy? Baş üstüne: Bähbidime görä söýmedim ony, Gallaç galan günüm terk etmedim men... «Watan söýgüsi». Bu şirin janymy göterip ýörün, Belki, bir gün saňa gerek bor diýip!.. «Biz – ötegçi...». Ysmaýylyň goşgularynda ýiti synçylyk, her bir zady şahyryň gözi bilen görmek, şeýlelikde, tebigatyň hem şahyrana keşbi bar: Agaçlar şahasyn egipdir aşak, Derçigipdir ýapraklary otlaryň. Şemal tumşuklarny gidensoň gaşap, Heser ýetdi ýüregine atlaryň... «Ahwalat». Ýer enedir, daglar onuň göwsüdir, Çeşmeleri akyp ýatyr süýt bolup. «Daglar». Şahyr özünden, diýmek, öz görýän zadyndan, öz ykbalyndan, öz ýüreginden, öz duýgy-düşünjesinden çykaranda, ol eser bolýar. Diňe şahyryň pikirlenmek ukybynyň pynhan ýerinden gaýdyp, onuň hakykata gatnaşygyny kesgitläp, özüniňem ýüregini jigledip dörän setirler poeziýa degişlidir. Şeýle bolmadyk halatynda, ol ýalan bolýar, başga ýerden alnan bolýar we ş.m. bolýar. Şeýle ýazgylar barada ýene şuny diýmekçi: bir zatlar owazlanýan, sazlaşýan ýaly, bir zatlar aýdylýan ýalydyr, ol her zat bolup biler, emma goşgy bolup bilmez. Ysmaýyl Taganyň şahyrlygyny kesgitleýän zat, ilkinji nobatda, ine, şudur: ol goşgyny özünden çykarýar. Şeýle täze goşgusyny okadanynda, her gezek men oňa şuny aýdýaryn: ÖZÜŇDEN ÇYKARAŇDA, GOŞGY GOŞGY BOLÝAR... ...Biziň, gör, näçämiziň, haýsy birlerimiziň nesibämiz güýçli çykyp, bu geň, syrly, ajap dünýä goşuldyk? Muny edil häzir hem aýdyp bolar. Emma bu baradaky iň dogry sözi wagt, diňe wagt aýdyp biler. Sebäbi wagt bir adyl kazy, hiläni bilmeýär, netijäni dogry çykarýar. Sözümi jemläp, şahyr inim Ysmaýyl Tagana bu jadyly dünýäde öz hasyly, öz harmany bilen galmagy arzuw edýärin. Akmyrat HOJANYÝAZ, şahyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 8 | |||||||||
| |||||||||