19:00 Täze kitap: Watan hakda aýdym | |
WATAN HAKYNDA AÝDYM
Edebiýat täzelikleri
Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şahyr hem publisist Akmyrat Hojanyýazowyň «Watan hakynda aýdym» atly kitaby çap edildi. Şahyryň kyrk ýylyň dowamynda ýazan goşgularydyr poemalary ýerleşdirilen bu kitap okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Kitabyň ilkinji sahypalarynyň milli Liderimiziň alyp barýan beýik işlerine bagyşlanan «Gahryman Arkadag», «Ata ýurda şan getiren Arkadag», «Ýurdum, beýik Ogluň bar», «Biziň Prezidentimiz», «Çagdyr, bu çaglar» ýaly goşgular bilen başlanmagy ony okan her bir okyjyda buýsanç, ruhubelentlik duýgusyny oýarýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işler ussat şahyry has hem joşdurýar. Haýsydyr bir wakany gözi bilen gören adamyň dilinden eşitmek, okamak has täsirli bolýar. Şahyryň bu kitabynda hem türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşy, milli aýratynlyklary, ýurdumyzyň gözel tebigaty, bagtyýarlyk döwrümizde ýetilen sepgitler barada juda beletlik bilen söhbet edilýär. Kitaby okan halatyň Watan mukaddesligi, ynsan gatnaşyklary hakynda jaýdar aýdylan pikirler seni gurşap alýar. Onuň döredijiliginiň, filosofik pikirleriniň kämilleşmegine kalbynda Watana, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz söýgüsi sebäp bolýar. Bu bolsa şahyry durky-düýrmegi bilen beýik mukaddesligi — Watany has-da täsirli wasp etmäge iterýär. Türkmenistan — eziz ýurdum älem-jahan nazarynda. Gül Watana hyzmat eder ýazjaklarym, ýazanym-da. Dürli ýyllardaky ýakymly ýatlamalary ýatda galyjy pursatlar bilen utgaşdyryp beýan etmegi, şygyrlarynda dürli çeperçilik serişdelerini, filosofik pikirleri ulanmagy awtoryň t e j r i besi n i ň j u da baýdygyny görkezýär. Şahyryň poeziýasy joşgunlylygy, akgynlylygy, buýsançlylygy, belent owazlylygy bilen tapawutlanýar. Ol diýmek isleýän, ýüreginiň jümmüşinden syzdyryp çykaran pikirlerini jaýdar jümleler bilen öz şygyrlaryna siňdiripdir. Suwlary garşylap — ugradýaryn men, Meniň kynçylygym — derdime derman. Umman içre bagtym döredýärin men, Özümi saýlaryň eline bermän. Ajaýyp türkmen tebigatynyň dürli pursatlary awtoryň hyýaly dünýäsi bilen utgaşyp, okyjyny birde Amyderýanyň joşgunly tolkunlary bilen ýüzbe-ýüz etse, birde gojaman daglar bilen syrdaş edýär. Tebigat gözelligi ynsanyň içki gözelligi bilen utgaşyp, dürli oý-hyýallara atarýar. Her döwürde edebiýatyň gülläp ösmegi üçin döredilen ajaýyp şertler nusgawy eserleriň, kämil şygyrlaryň döremegine sebäp bolýar. Oňa giň ýol açýan beýik Ynsan bolsa döwrüň ruhy şamçyragyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen edebiýatyna berýän üns-aladasynyň şahyryň döredijiligine-de täsirini ýetirýändigini aýdyň görmek bolýar. Bu bolsa şahyryň döredijilik dünýäsiniň mundan beýläk-de rowaç menzilleri külterlejekdiginden habar berýär. # edebiyatwesungat_2019 | |
|
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |