SAÝRADYLMADYK ŞEÝDA
■ ýa-da şahyr Juma Ilmyradyñ başyna düşen sowet muşakgatlary
Maña şahyr Juma Ilmyradow bilen iñ soñky gezek ýüzbe-ýüz oturyp, söhbetdeş bolmak mundan sekiz ýyl gowrak ozal (1991), onuñ öz öýünde miýesser edipdi. Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ yglan edileniniñ öñüsyrasyndaky günlerdi. Men o wagtlar "Sowet Türkmenistany" (häzirki "Türkmenistan") gazetinde habarçy bolup işleýärdim. Lebaba döredijilik komandirowkasy bilen barypdym. Çärjewde otludan düşen badyma, şahyra jañ etdim.
Meni onuñ "Türkmenistanym" goşgusy gyzyklandyrýardy. Şol goşgy zerarly onuñ başyndan muşakgat bary inderilipdi, durmuşyna zäher-zakgun gatylypdy... Ynha, meniñ öñümde ýetmiş üç ýaşy arka atyp, ýetmiş dördüñ bir gyrasyndan giren, ömrümiñ ahyrlarynda agyr kesele uçran ~ jahany synlamakdan mahrum bolan goja şahyr otyr. Şo pursatdan ýigrimi-ýigrimi bäş ýyllar çemesi ozal, men heniz çagakam, ondan soñam ol biziñ öýümize ~ Halajyñ gadymy Etbaş obasyna köp barardy. Türkmen edebiýatynyñ Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow ýaly ägirtleri bilen, welaýatda ýaşaýan ýazyjylar bilen barardy. Menem olara çaý daşardym, nahar daşardym, gapymyzda ösýän bagymyzyñ häli-häzire çenli-de agzymdan tagamy gitmedik bal ýaly ir-iýmişleri bilen hezzetlärdim. Arasynda-da öz zähmetimiñ muzduny alardym ~ bir gyrada sesimi-üýnümi çykarman, olaryñ söhbetlerini, goşgularyny diñlärdim. Şol söhbetdeşlikleriñ arasynda olar meniñ ~ ýañy mekdebiñ başlangyç klaslarynda okap ýören körpe şahyryñ goşgularyny diñlemäge-de höwes bildirerdiler...
Ine, Juma aga bilen şol iñ soñky duşuşygymyzda şu zatlar barada, ýene-de kän wakalar barada ýatlaşdyk. Kiçigöwün, pespäl, onsoñam, birneme göwnüçökgün şahyr galkynyp gitdi, ýaz ýaly açyldy, onuñ ruhy oýandy, göwnüme bolmasa, şo halatda onuñ batyl gözlerine-de täzeden nur çaýylan ýaly boldy. Şahyr howlukman gürleýärdi, men diñleýärdim hemem käbir zatlary ýandepderçäme belleşdirýärdim. Juma aga: "Bu zatlar gazet üçin däl" diýýärdi... Men onuñ ýagdaýyna düşünýärdim. Tüýs işläýjek, döredäýjek wagtynda badyna kakylan, "gözüniñ ody alnan" diñe bir Juma Ilmyratmydy näme?! Sistema etjegini edipdi, ol päl-niýetine görä, baý, ot gorsapdy! "Galamyñy döwerin" diýip, haýbat atan syýasatçysumaklaryñ maksady şoldy ~ türkmeniñ buýsanjyny elinden almakdy, ony ejizletmekdi, öz öñünde dyza çökermekdi. Olardan gazabyna duçar bolanlar, üstünden telim ýyllar geçendigine, döwrüñ üýtgäp barýandygyna garamazdan, geçmişiñ agyr yzasyny hiç ininden-süññünden çykaryp bilmeýärdiler, añsat özüne gelip bilmeýärdiler, bu barada dil ýarmak hem hatarlydy. Juma aganyñ özi barada-da, onuñ özüniñ hut sowet sistemasynyñ gazabyna duçar bolşy barada makala ýazmagymy, eýýäm diýdimzor imperiýasynyñ ýanyny ýere berip başlandygy we ýene birnäçe wagtdan halkymyzyñ öz hak-hukugynyñ, öz ýurdunyñ doly hukukly eýesi boljakdygy görnüp duran hem bolsa, birbada oñlamanlygynyñ sebäbi hem şundady.
Bular dogrusynda ýazmajakdygym barada Juma aga söz beren ýaly eden-de bolsam, barybir, ýazman durup bilmedim. Şahyryñ ýürek awusy ~ halkyñ agysy ahyryn. Heý, möwriti gelende, türkmene döwür-döwran dolananda agyly-gussaly, ýalynly-tüsseli sowet geçmişiniñ halkymyzyñ, onuñ iñ gaýratly, iñ edermen, iñ zehinli ogullarynyñ garşysyna eden hyýanatçylygy, jenaýatçylygy, diýdimzorlugy barada dil ýarman durup bolarmy?! Uzak ýyllar çydadyk, uzak ýyllar dymdyk, besdir! Şeýlelik bilen, metbugatda meniñ Juma Ilmyradowyñ ömrüniñ we döredijiliginiñ käbir taraplary barada söhbet açýan makalam peýda boldy. Ata Watanymyz Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ bütin dünýä jar edilenine heniz bir aý hem geçmänkä çap edilen şol makalada, esasan, otuzynjy ýyllaryñ aýaklarynda heniz ýigrimisini hem doldurmadyk, emma eýýäm özüni okyjylara tanadyp ýetişen şahyr Juma Ilmyradowyñ stalinçilik basha-baslygyñ pidasy bolşy ~ hiç bir günäsiz halyna, sud-beýleki edilmän, gepsiz-gürrüñsiz "halk duşmany" hökmünde tussag edilişi, berk gabawda saklanylyşy barada gürrüñ berilýärdi, şeýle hem 1944-nji ýylda ýazan we 1945-nji ýylda "Sowet Türkmenistany" (häzirki "Garagum") žurnalynda çap etdiren "Türkmenistanym" goşgusy üçin üstünden ep-esli wagt geçenden soñ ~ 1951-nji ýylda şahyryñ stalinçilik sütemhorlugyñ nobatdaky zarbasyna duçar bolşy, çogup barýan zehininiñ badyna kakylyşy, ruhy ejire sezewar edilişi yzarlanylýardy.
Şu ýerde otuzynjy ýyllaryñ aýaklaryndaky, şeýle-de ondan öñki we soñky ýyllardaky baknaçylyk, diýdimzorluk syýasatynyñ türkmeniñ gül ýüzli ýigitlerini ýok edişi, olaryñ ýene ýüzlerçesini we müñlerçesini agyr fiziki we ruhy jebir-süteme sezewar edişi, bütin halkymyzy gorky-hasrat astynda saklaýşy, türkmeniñ ýüregine bitmez ýara salşy barada-da, türkmeniñ tüýs ruhundan syzylyp çykan beýik eserleri okany ýa öwreneni üçin-ä däl, olaryñ adyny tutany üçinem adam barynyñ yzarlamalara, gynamalara duçar edilişi barada-da gürrüñ etmek bolar. BK/b/P MK-nyñ "Ленинград" we "Звезда" žurnallary hakyndaky" ýaly kararlarynyñ, umuman, kommunistik merkez tarapyndan öñe sürlen we buýrulyşyndan hem beter ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edilen bütin ideologik sarnamalarynyñ edebiýatdan, sungatdan halk ruhuny düýp-teýkary bilen ýok etmek, ahyrsoñunda bolsa milli garaýyşlary, duýgy-düşünjeleri halkyñ añyndan we kalbyndan, bütin ýaşaýyş-durmuşdan süpürip-taşlamak maksady bilen, orta çykarylandygy dogrusynda-da aýtmak bolardy. Sistemanyñ, ine, şol gara päl-niýeti bilen baglanyşykly 1951-nji ýylyñ iýulynda "Правда" gazetinde peýda bolan "Edebiýatda ideologik ýoýuşlaryñ garşysyna" atly makala jogap hökmünde, has dogrusy, "merkeziñ" bildirýän aýylganç höküm-talabyna jogap hökmünde öñki soýuzyñ ähli ýerlerinde, şol bir wagtyñ özünde biziñ respublikamyzda hem alnyp barlan "arassalaýyş çäreleri", hut şol "çäreler" zerarly "Gorkut ata" eposyny neşir edendigini üçin Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Orazmämmet Abdalow dagynyñ, "Türkmenistanym" goşgusy üçin Juma Ilmyradowyñ, "Türkmensiñ" goşgusy üçin Gurbandurdy Gurbansähedowyñ, "Söýýärin" goşgusy üçin Rehmet Seýidowyñ stalinçileriñ rehimsiz penjesine ilişi hakynda-da anyk delillere salgylanyp, has giñişleýin durup geçmek bolardy. Ine, şol söhbetleriñ ählisi biziñ şu makalamyzyñ baş gahrymanynyñ geçen durmuş ýoluna, ýaşan döwrüne, döredijiligine has gowy göz ýetirmäge kömek ederdi. Emma bular barada metbugatda ozal hem çykyş edendigime hem-de ýokarda ýatlan şol makalamdan soñra, J.Ilmyradowyñ döredijilik we durmuş ýoly barada başga-da birnäçe çykyşlaryñ peýda bolandygyna, olaryñ käbirinde şahyryñ sistemanyñ sütemine sezewar bolşy dogrusynda, has giñişleýin, jikme-jik diýen ýaly gürrüñ edilendigine görä, şol aýdylanlary gaýtalap durmazlygy makul bilýärin. Emma Juma Ilmyradowyñ poeziýasyndaky türkmen ruhy barada, añrybaş millilik barada, türkmen halkyna we türkmen topragyna bolan çuññur söýgi barada aýtman geçmek bolmaz.Bir zada üns beriñ: näme üçin Türkmenistan hakda, türkmen topragy, türkmen tebigaty hakda ýazmaly bolanda şahyryñ galamy juda ezber işleýär, setirler duýgudan püre-pürlenýär, içki buýsanç bialaç daşa çykýar ~ şygryñ ruhuna siñýär, şu ýurda, şu ile göz-görtele ummanlanyp, başga bir islendik garaýyşlardan, döwrüñ syýasy reñki degen başga bir goşgulardan has belende galyp görünýär?! Munuñ özi ýöne ýere däldir, haçan-da bedewiñ ýüzüne urulmasa, ol menziline jüp toýnak salýar. Ýüregini aýdanda, şahyryñ galamy erkin işleýär, owazy şirin ýañlanýar, belent çykýar. Juma Ilmyradyñ belli-belli eserleri babatda, "Türkmenistan" goşgusy babatda hem hut şuny aýdyp bolar. Ine, onsoñ "hüşgär", durşy bilen göz-gulaga öwrülen, öz janyny hiç kime ynanmaýan we tutuş dünýä howatyrlanma bilen garaýan, özüniñ çüýrük pelsepelerden "bina" bolan göwresini ýykman saklara berk ynamy bolmansoñ, halk ruhundan aýry we halk ruhuna garşy bolansoñ, mydama halkdan we hak sözden gorkup gelen "merkeziñ" ideologlary üçin bahana aramaga-da, yrsaramaga-da, siltemäge-de sebäp bardy. Hernä, baryp, 1938-nji ýylyñ aprelinden 1939-njy ýylyñ apreline çenli ~ laýyk bir ýyllap, gep-gürrüñsiz, sud edilmän tussaglykda saklanan şahyr bu sapar, näme-de bolsa, "aman" sypypdyr, sorag-ideg edilip, eden işine puşman edýändigini aýtmagy talap edilip, Türkmenistan Kompartiýasynyñ MK-synda, onuñ gurultaýynda, plenumynda, ýazyjylar soýuzynyñ gurultaýynda, dürli derejeli ýygnanyşyklarynda, Çärjew obkomynyñ plenumynda, oblastyñ ýazyjylarynyñ maslahatynda, metbugat sahypalarynda yzly-yzyna tankyt ýassygy edilip, "Türkmenisanym" goşgusyndaky "reaksion-milletçilikli" pikirler, ideologik ýoýuşlar barada TK(b)P MK-nyñ karary çykarylyp, beýleki "çäreler" görlüp, J.Ilmyradowa nobatdaky agyr ruhy ejir çekdirilen hem bolsa, bu sapar ony türmä-hä dykmandyrlar.Hawa, J.Ilmyradowyñ gürrüñi edilýän goşgusynda-da, beýleki käbir setirlerinde-de bütin durky haramdan guýlan, ynsan barynyñ ganyna galyp gurlan, niýeti ýaman sistema üçin yrsaramaga zat bardy, onda-da düýpli zat bardy. Edil şol döwürlerde, stalinçilik diýdimzorluk syýasatynyñ milli duýgy-düşünjelerden, halk bähbidiniñ, halk ruhunyñ herekete gelýän her bir hili halatyndan gorkusyna öz aýbyny gizlemek, öz häkimligini saklamak üçin hiç bir ýaman işden gaýtman, guduz açýan döwürlerinde öz milli duýgy-düşünjäñe ýugrup eser döretmek gara aždarhanyñ agzyna kelläñi sokmak bilen barabardy."Türkmenistanym" goşgusy ilkinji setirlerinden başlap, türkmeniñ ýurdunyñ gözelliginiñ deñsiz-taýsyzdygyny iñ ýokary perdelerden tutup wasp edýär:
"Ak jerenler ymgyr çöllerde joşar...
Men bilbilem, göwnüm güllerde joşar,
Güldür, gülüstandyr Türkmenistanym".
Ýa-da:
"Bahardyr, bossandyr Türkmenistanym",
"Dilimde dessandyr Türkmenistanym".
Leninçilik, stalinçilik ideologiýany "halkyñ gany, damarda jany" diýip, dynman wagyz edýän, abat ojaklary ber-bibat edip, dünýä gan çaýkan zandyýaman imperiýa barada adamlaryñ añyna ters düşünjeleri zorluk bilen guýmaga çytraşýan we geljekde bütin Ýer ýüzüni öz gol astynda saklamaga ~ külli adamzady gul-gyrnaga öwürmäge dalaş edýän "merkeziñ" oýnatgy syýasatçysumaklaryny gazap atyna atlandyran aşakdaky ýaly setirleri okap görüñ:
Adam diriligi tende gan diýrler,
Damarymda gandyr Türkmenistanym.
Eýsem-de bolsa, şol ýyllarda, "suw getiren bilen küýze döweniñ" deñ görülýän, hemmeleriñ biraýakdan sürülýän, ýagşy-ýaman, beýik-pes, halal-haram garym-gatym edilýän, zehiniñe, zähmetiñe, başarjañlygyña görä baha berilmeýän, halal zähmetiñe görä ýaşamaga, gurply, baý bolmaga hiç bir hili mümkinçilik berilmeýän, hatda şu hili ýaşaýşa ymtylmag-a däl, ol hakda pikir etseñem, buržuaz-milletçi, köne ýaşaýşy küýseýän adam hökmünde ýoguña ýanýan sowet sistemasynyñ gysajyndakañ "Belent çykar barly öýüñ tütüni" diýmegi başarmak üçin nähili uly ýürekliligiñ, nähili mertligiñ, nähili gaýratlylygyñ gerekdigi barada pikir edip görüñ! Ýa-da käbirleriniñ pikir edişi ýaly, şahyr bu setirini nähilidir bir tötänden ýazandyr diýibem bolmaz, sebäbi goşguda hut şu hili türkmen ruhly, türkmençe ýaşaýşu wasp edýän beýik setirler başga-da bar. Ýa-da bolmasa, käbirleriniñ aýdyşy ýaly, şahyr bu ýerde düýbünden başga zady ~ "gurply ýaşaýan kolhozçynyñ durmuşyny" wasp edipdir diýmegem gülkünç bolardy. Pikiri her näçe gapdala alyp gaçjak bolsañam, bu başartmaz. Şahyr diýesi gelýän zadyny diýip bilipdir ~ döwür her näçe agyr hem bolsa, sistemanyñ hökümine görä däl-de, hiç bolmanda şu gezeklikçe, ýüreginiñ hökümine görä ýazypdyr. Bu ýerde pikir ap-aýdyñ ahyryn ~ şahyr bolşewistik diýdimzorluk syýasatyndan ozal, bir mahal baý-gurply ýaşan, gapysynda bedew aty kişñäp duran, boz maýasy, ineri, süri-süri maly bolan, halal bereketiniñ, ar-namysynyñ eýesi türkmeni, hatar-hatar ak öýleri içiniñ-daşynyñ bezegi-gözelligi bilen haýran galdyrýan türkmen ilini, bu gözel iliñ abadançylygy-agzybirligi, yrsgal-bereketi bilen buýsançlylygyny wasp edýär, şol gözel durmuşy şahyr öz hyýalynda-añynd täzeden janlandyrýar, oña dowamatlyk, bakylyk berýär. Ar-namysyñ, mertligiñ, erkinligiñ, halallygyñ, pähim-parasatyñ gaýnap-çogup çykan ýerinde, ýagşa-ýamana, aga-gara, merde-namarda, akyla-nadana örän inçelik bilen parh goýulýan türkmen jemgyýetinde gaýratly äriñ bagt atyna atlanýandygyny ~ şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolýandygyny şahyr ýeke setirde aýdyp bilipdir. Geliñ, gowusy, şygryñ şu bendini tutuşlygyna okap göreliñ:
Belent çykar barly öýüñ tütüni,
Gaýratly är müner bagtyñ atyny,
Munda azatlygyñ mermer sütüni,
Keýp-sapasy kändir Türkmenistanyñ.
Hawa, gürrüñ diñe ata Watan hakynda ~ Türkmenistan hakynda. Ähli eşret, iñ gözel, iñ halal ýaşaýyş, iñ sapaly durmuş, iñ mert, gaýratly adamlar şunda ~ Türkmenistanda, onda-da azat Türkmenistanda diýlip görkezilýär. Bu ýerde "sowetleriñ" wagyz edişi ýaly, on ýedinji ýyldan soñ, "azat bolan", kommunistik imperiýanyñ bir "düzüm bölegi" bolan Türkmenistan däl-de ~ goşguda beýle düşünjäniñ ady-sory, ys-koky ýok ~ hakykatdan-da, azat-erkin Türkmenistan, döwletli-döwranly, azatlyk-garaşsyzlyk binasynyñ mermer sütünleri dikeldilen Türkmenistan göz öñüne gelýär. Şol döwürde şahyryñ bu barada oýlanyp bilşine, arzuw edip bilşine, hyýalynda Garaşsyz ýurduny görüp bilşine haýran galaýmaly. Beýik Magtymguly XVIII asyrda beýik türkmen döwletini ruhy taýdan esaslandyrypdy, şahyryñ ölmez-ýitmez "Türkmen binasy" şygrynda Berkarar Türkmen Döwleti örboýuna galýar. Il-ýurdumyzyñ sowet sistemasynyñ ganly gysajynda saklanýan we stalinçilik sütemhorlugyñ ýetjek derejesine ýeten ýyllarynda-da beýik Pyragynyñ döwlet hem döwletlilik baradaky ideýalarynyñ, umyt-arzuwlarynyñ onuñ şägirtleriniñ kalbynda köräp durandygy, şol mukaddes arzuw-umytlaryñ bolsa, juda seýrek we birneme gyýtaklaýyn, gizlinräk bir görnüşde, döwrüñ syýasy "reñkine" perdelenen görnüşde bolsa-da ýüze çykandygy guwandyrýar.
Juma aga bilen şol iñ soñky sapar söhbetdeş bolanymda, ol maña şeýle sowal bilen ýüzlendi:
- Akmyrat, nähili pikir edýäñ, Türkmenistan Garaşsyz ýurt bolarmyka?
Bu sorag ata Watanymyzyñ Garaşsyzlygynyñ yglan edilmeginiñ edil öñ ýanynda berlen sowaldy. Men:
- Elbetde, Juma aga! Gürrüñsiz! Türkmenistanyñ Özbaşdaklygy hakyndaky Jarnamadan habaryñyz bardyr... Şondan eýýäm hemme zat aýdyñ ahyryn... Prezidentimiziñ gije-gündiz dynman çekýän zähmeti, beýik ideýalary diñe bir mukaddes maksada ýetmek üçin, Biribar Saparmyrat Nyýazowa kuwwat bersin! - diýip, jogap berdim.
Şondan soñ şahyr rahatlandy, ýüreginden haýsydyr bir ünji-aladalary aýrylan ýaly boldy, ýuwaşja gürledi:
- Men saña aýdýaryn, inim. Senem muny entek hiç kime aýtma. "Türkmenistanym" goşgymyñ iñ soñky setiri "Döwletli döwrandyr Türkmenistanym" diýip tamamlanýardy. Ýaşlyk-da, bir zat diýip goýberipdirin, sen seresapsyzlyk diýseñem bolar... Soñ žurnala berjek bolanymda, şol setiri üýtgetmegi soradylar. Şeýdibem, ol setir "Ýigrimi ýaşandyr Türkmenistanym" görnüşde çap edildi. Megerem, şu-da meniñ basylman galmagyma kömek edendir...
Şygryñ:
Mertler äşgär bolar synag ýüzünde,
Ýalpyldap ot ýanar gara gözünde -
- diýen setirleri Magtymgulynyñ, Seýdiniñ, Zeliliniñ, beýleki klassyk şahyrlarymyzyñ il-günüñ ar-namysy, Watanyñ eldegrilmezligi, ýurt goragy üçin ata çykan, ýowuz duşmana berk gaýtawul berýän türkmen goç ýigitleri baradaky çuññur watansöýüjilige ýugrulan setirlerini ýatlatmaýarmy näme?
Stalinçileriñ bu goşgynyñ
"Ýeke däl, jana-jan dosty-ýary bar,
Pähim-parasatly howandary bar" -
- diýen setirler soýuzyñ keşbini, Staliniñ "serdarlyk" keşbini bermeýär diýip, janlaryny ýakmalary-da, goşguda türkmen halkyna aýratyn häsiýetler bermäge çalşypdyr, türkmen halkynyñ 17-nji ýyldan ozalky ýaşaýşu mahabatlandyrylypdyr, J.Ilmyradow türkmenleriñ nähilidir bir özbaşdak ýaşaýyş-durmuşyny isleýär diýip howpurgamalary-da ýöne ýerden däldi. Hakykatdan-da, goşgynyñ ruhy stalinçileriñ islegine düýbünden gabat gelmeýärdi. Onuñ:
Watan derýasynda arslan-şiri bar
Şöhratdyr hem şandyr Türkmenistanym -
- diýen setirleri hem türkmen topragyny elgarma eden, türkmeniñ kalbyna hem añyna, ýurduna talañ salan, türkmenden hem türkmençilikden öler ýaly gorkan, şoña görä-de bu güýji basyp ýatyrmagy maksat edinýän "alynmadyk myhmanlaryñ" iki aýagyny bir gonja sokupdyr. "Watan dawasynda arslan-şiri bar" diýip, adamlaryñ milli duýgularyny oýarmak sistema üçin örän howpludy.
"Türkmenistanym" goşgusy türkmen topragyna bolan çäksiz söýgä eýlenip, tüýs milli ruha ýugrulyp ýazylan eserdi, munuñ özi bolsa şol wagtky sistemanyñ islegleri bilen bir ýere sygyşmaýardy, şu hili eserleriñ köpelip gidibermeginden, munuñ soñunyñ has çuñlaşyp-ýitileşip gidibermeginden gorkulýardy. "Merkezden" gelýän her bir şu hili görkezmä ýerlerdäki "wepaly nökerler" hezil edinýärdiler, olar adam barynyñ janyny agyrdyp, ömrüni syndyryp, "arassalaýyş işlerini" geçirýärdiler, "howply" eserleri ýakyp-ýandyrýardylar, indi dörejek eserleriñ öñüne böwet basýardylar...
Dogrudan-da, milli buýsanjyna ýugrup eser ýazanda, Juma şahyryñ galamy has ýiti işleýär. Çünki, şeýle ýazmak onuñ ganynda bardy! Zehini haçan-da ata-baba ruhlary bilen birleşende, zannyna görä işlände şahyr özüni has gowy açýar, şygyr has gözel görnüşe girýär, has şirin saýraýar. Kommunustik imperiýaçylary gorkuzýan zadam şudy!Şahyryñ "Köýten dagy", "Pöwrize" ýaly goşgulary-da türkmen tebigatyny wasp edýän, watançylyga ýugrulan eserlerdir.
Ýaşyl donly, kümüş kelle gojaman,
Göýä köp zürýatly nesiller başy,
Agtyk-çowluklarna garap mähriban,
Synlap duran ýaly töwerek-daşy...
Otyr ýaýrap, gök asmana baş diräp,
Tükenmez hekaýa sözleýän ýaly,
Otyr Jeýhuna-da dyngysyz garap,
Kimiñdir ýoluna gözleýän ýaly.
"Köýten dagy" goşgusyndaky bu setirler üçinem stalinçiler yrsarasa yrsarap bilerdiler. Emma bu goşgy stalinçilik "doñaklygyñ" öz ornuny "maýylgançylyga" beren ýyllarynda ýazylypdyr. Juma Ilmyradowyñ durmuşyna, bütin döredijiligine iññän belet, onuñ bilen ýakyn aragatnaşykda bolan şahyrlaryñ biriniñ aýdyşy ýaly, "ýokardaky mysaldan Oguzhanyñ sekizinji asyrlardan bäri hiç hili kynçylyga, gaý-tupana ýan bermedik nesil daragtynyñ dowamy göz öñüne gelýär".
Şu ýerde ýene bir zady ýatlamak isleýärin. Galamdaşlary, obadaşlary, oña belet adamlar ony diñe bir şahyr hökmünde däl, kiçi göwünli, pes pälli, iññän belent adamkärçilikli ynsan hökmünde-de tanaýarlar. Mugallym, mekdep direktory, raýon gazetiniñ redaktory wagtynda-da, ýazyjylar soýuzynyñ Çärjew obalsty boýunça edebi konsultanty döwründe-de, oblast telestudiýasynda, gazetde işlän ýyllarynda-da, ol işe ak ýüregi bilen berlen adam, ýaşlaryñ halypasy hökmünde abraýdan peýdalanýar.
Juma aga TK/b/P MK-nyñ 1951-nji ýylyñ sentýabrynda kabul eden "Türkmenistanym" goşgusy baradaky biadyl kararynyñ mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan ýatyryljakdygyna umyt baglaýardy. Ömürboýy zandyýaman sistemanyñ gara tagmasyndan dynmagy köñlünde göterip gelen, ömrüniñ soñky ýyllarynda kesele uçran şahyryñ Garaşsyzlyga ýetmän ölesi gelmändir. Il-ýurduñ bagtyna dörän Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Türkmenistanyñ Garaşsyzlygyny dünýä ýüzüne jar edenini gören şahyr bu günlere kän garaşan gözlerini rahat ýumup, baky uka gitdi.
Şahyryñ iñ gowy eserleri, çuñnur watansöýüjiligi, belent adamkärçiligi, ol baradaky ýagşy ýatlamalar biziñ ýüreklerimizde baky ýaşaýar.
Akmyrat HOJANYÝAZ.
# edebiyatwesungat_99
Edebi makalalar