08:40 Şahyr oglan | |
ŞAHYR OGLAN
Goşgular
Şu günki gazette çykypdyr goşgyñ, Ýanyna-da ýelmenipdir suratyñ. Goşgularñy şeýle gowy göremsoñ, Suratyñam içgin-içgin synladym. Goşgyñ bilen syrdaş bolup oturdym, Ýazypsyñ bir gyzy çaksyz söýýäniñ. Arzuw etdim, "Wah, şol gyz men bolsadym", Hem düşündim nämedigne söýmäniñ. Ah, gizläp nädeýin, seni haladym, Sen bolarly, şu çaka çen gözlänim. Seniñ gözleñdäki üýtgeşik mähri, Görmedim men gözlerinde özgäniñ. Öñler "Söýgi näme?" diýseler maña, Jogabyna egnim gysyp oñýardym. Söýgä duşup, ykbalymy tapdym men, Täleýimiñ sendedigni añmandym... Aýjeren ÝAZDURDYÝEWA, Wekilbazar etraby. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |