02:01 Salyr soñy Sarahs -19: Göç ýola düşýär | |
GÖÇ ÝOLA DÜŞÝÄR
Taryhy proza
Salyrlar özlerini hernäçe seresaply alyp barsalaram, garnizonlardaky serbazlar toý gijesi Zurabatdaky hem Garadepedäki bolup geçýän adaty bolmadyk hysyrdylardan, bagşy sesiniň arasy bilen eşidilýän “şakyr-şukurlardan, “takyr-tukurlardan”, howsalaly “haýt-haýtlardan”, “gaýt-gaýtlardan, köne arabalaryň “jygyldylaryndan” mallaryň “güpür-tapyrlaryndan”, tümlükden çykýan howatyrly “hyşy-wyşylardan, topar-topar bolup toýhana däl-de, garaňka siňip gidýän adamlaryň aýaklaryny gorkuly basyşlaryndan çen tutup, obalara bir üýtgeşikligiň aralaşandygyny barybir aňdylar we şol gijäniň özünde aşaklyk bilen Maşada, gübernator Alymerdan hana gyssagly çapar gönderdiler. Ýöne, Eýranyň daşary razwedka gullugam erbet işlemedi. Olar hatda Zurabatda oturan salyr türkmenleriniň Sarahsa göçmek üçin ors ofiseri, podpolkownik Alyhanow bilen geçiren gepleşikleriniň wagtyna, ýerine çenli öz baýarlaryna beren hasabatlarynda örän takyklyk bilen görkezdiler. Şonuň üçinem, “Salyrlaryň Sarahsa göçmeklerine ýol bermeli däl” diýen görkezme Alymerdan hana serbazlaryň iberen çaparlaryndanam kän öň gelip gowuşdy. Ýöne, Eýran hökümeti salyrlar beýle çalt hem duýdansyz göteriler öýtmändiler. Üstlerini basara, päsgel berere öňlerini çolara maý bolar öýtdüpdiler. Esasanam olar öz algydarlyklaryna bil baglapdylar. Iň bärkisi olaryň parslar bilen ýarpasyna eken bugdaýlaram agza-burna gelip, bu gün erte oraga garaşyp ýatyrdy. Elbetde, Teke hanyňam Maşatda şolar ýaly meseleler boýunça “ýörite” işläp ýören adamlary ýok däldi. Şeýle-de Orsyýetiň Tährandaky ilçisi Melnikow hem gol gowşuryp oturmaýardy. Eýran hökümetiniň Köne Sarahsda we Zurabatda oturan, salyr türkmenleri babatdaky edýän her bir hereketi onuň gözünden sypmaýardy. Şeýlelikde Alymerdan han-a gyssagly suratda salyrlaryň üstüne ýörişe taýýarlanyp başlady, Alyhanow bolsa öň özüniňem salyrlar bilen gepleşip goýşy ýaly, ors hökümetinden derhal Pulhatyna barmak we salyrlaryň sag kenara geçmeklerine ýardam bermek, geçenlerinden soň goraglap Sarahsa eltmek, şol ýerde ýerleşdirmek barada görkezme aldy. Zurabatdan göteriljek gijeleri daň bilen, ýanyna iki ýüz atly kazakdan ybarat goşunynam alyp Sarahsadan çykdy. *** Yzanda-çuwan bolşup, Döwletdurdy tüýdükçini alyp ugran gölegçilere serbazlar azar bermediler. Asla olar bilen işlerem bolmady. Garadepeden arabaly getirilen Nazarly mergeni hem çagalary bilen bilelikde şolara goşdular. Maman apa-da şolara goşuldy. Uly göçüň şu gije ugradyljakdygyndan ogryn-dogryn baryp-ha Allamyradyň toýy gijesi habardar bolan halk garaňky düşüp-düşmänkä göçe taýarlanyp başlady. Erewde-berewlik göz-görtele artdy. Kim gamyşyny alyp gitmek üçin kepbesiniň suwagyny aýryp ýör, kimler bilelikde sürmek üçin gapylaryndaky mal-garalaryny bir ýere toplaşdyryp ýörler, käbir aýallar bolsa hem-ä Zurabat bilen hoşlaşyk, hemem Sarahsa sag-aman aşmak üçin bölek-bölek edip, Hudaý ýoluna nan paýlaşyp ýörler. Jumasaparyň aýaly Akbike-de şolaryň biri. –Zirewedenem dilgir bolmaň, adamlar! Şunça ýyl duzuny iýdik, hor-zar bolsagam üstünde toý tutuduk, önüp-ösdük, mundan buýana bu topragy ýa göreris, ýa görmeris, “Biz senden razy, hoş gal, Zirewe”, diýiň!.. – diýip, ol hatar-hatar syryp, her baran ýerinde şol bir sözüni gaýtalap ýör. Onuň beren bir bölejik nanyndan dadyp: –Hoş gal, Zirewe... – diýenlerinde aýallaryň bokurdaklary dolup, gözlerine ýaş aýlanýar. Köpüsi bolsa aglaýar. Käbirleri welin, özlerini mert tutup, başlaryny silkip goýberýärler-de: –Aglamaň, heleýler! Gaýtam begeniň! Şatlanyň! Biz öz ýurdumyza, ata-Watanymyza barýas, horlukdan çykyp barýas – diýip buýsançly seslenýär. Aglabasy daşy palçyk bilen suwalan ýylgyn ýa gamyş kepbelerde ýaşap ýören pukara halkda dogrusy goş diýer ýaly ullakan bir goşam ýok. Käbirlerinde gara öý bar, olaram beýlekilere görä birneme gurplyrak hojalyklar bolup, ýük urar ýaly birlän-ikilän iş mallary hem bar. Jumadurdy baý ýaly adamlarda araba bar. Paýtun diňe Teke han bilen Maman apada bar. O-da özi gölegçilere goşulşyp gidensoň paýtunyny Jumadurdy baýa goýup gitdi. Ony döwmän, ýençmän Sarahsa aşyrmak, eýesine gowşurmak şonuň borjy. Ulanmak, üstüne adam mündürmek, goş ýüklemek bolýar. Halkyň aglabasy eşekli, düýeli, ýabyly. Gülberini arkasyna alyp paý-pyýada gitmelileriňem hetdi-hasaby ýok. Çünki, Apbas Mürzäniň çozuşyndan soňraky ýüz beren tükeniksiz göç-gon, uruş, aýraçylyk, tozgunçylyklar, şowsuzlyklar, hususan-da ölüm-ýitim, ýesirlikler zerarly san taýdan azalmaklary salyr ilini şon deý egbarlatdy. Çykgynsyz hem gözgyny hala saldy. Halkyň aňynda diňe öz ata-babalaryna bolan buýsanjy, belent ruhy galdy. Şol wagt bu taýpa türkmeniň iň bir ejiz hem garyp bölegine öwrüldi. Ol indi baryp özüniň asyrlarboýy arzuwlap gelen arzyly mekanyny ýurt tutunmaly, gaýtadan kök urmaly, ornaşmaly, özüni dürsemeli, dabanyny Sarahsyň bol suwly mes topragyna diräp zähmet çekmeli, gurplanmaly, şeýdibem täzeden aýaga galmaly. *** ... Daň saz berip, ýaňy bir zulmat gyzaryp ugrandanam, şol bir wagtyň özünde hem Zurabatdan, hem Garadepeden agyr göç äpet uly gara aždarha ýaly bolup, demirgazyk sary süýşüp ugrady. Olar derýanyň çep kenarynda, iki gün bäri mal-garalaryň ýygnanýan ýerinde, Zurabadyň gündogar tarapyndaky pesligiň içinde birleşdiler we wagt ýitirmezlik üçin sessiz-üýnsiz ýollaryny dowam etdirdiler. Serbazlar olaryň bu hereketlerine hem hiç hili garşylyk bildirmediler. Çünki, salyrlaryň niýeti indi olara belli. Üstesine-de göç baradaky habary ýetirilmeli ýerine ýetirdiler. Borçlaryny berjaý etdiler. Şonuň üçinem olar arkaýyn. Näme çäre görmeli bolsa ýokarkylar görerler. Galyberse-de, göçüň daşy edil goragsyzam däl. Salyrlaryň iň bir edermen ýigitleriniň eli ýarag tutany, at-esbaby bolany bosgunlaryň daşyny gallap, islendik hüjüme taýýar bolup barýarlar. Olar hatda Eýran hökümetiniň Maşatdan geläýmegi mümkin hasap edilýän döwlet goşuny bilen çaknyşmaga-da taýýar. Ine-de, olar ýaňy bir oruma gelen bir bölek maýsalyk meýdanyň gyrasyndan geçip barýarlar. Ol halkyň nijembir umyt arzuw bilen eken, arly ýyl göz diken rysgaly. Diýmek, halk şu wagt ömürlik Watan diýip, iki günlik rysgalynyň duşundan geçip barýar. Rysgal bolsa hamala: “Meni taşlap gitmäň” diýýän ýaly olara gol bulaýar, haýpy gelýän ýaly başyny ýaýkaýar. Ýuwaşjadan ygşyldaşyp, dostlarça hoşlaşýar. Olar tä Pulhatyn köprüsine çenli derýanyň çep kenaryny syryp, akymyň ugruna gitmeli we şondan sag kenara geçip Alyhanowyň otrýady bilen duşuşmaly. Ondan aňyrda bolsa olara Köne Sarahs garaşýar. Ýöne, entek Pulhatyna ýetmänkäler Teke hanyň yzda goýup gaýdan gözegçilerinden biri at derledip geldi-de, Alymerdan hanyň alty ýüz atly esger we iki sany topdan ybarat goşun bilen Pulhatyny nazarlap Maşatdan çykandygy barada öz çawuşlaryndan habar alandyklaryny aýtdy. Teke han gyssagara öz egindeşlerini daşyna toplap, at üstünde maslahat geçirdi. Maslahata Öwezgeldi batyr ýaly ýaşlardanam gatnaşany boldy. Olar Pulhatyna çenli gitmekligi, gerek bolsa Alymerdan hanyň goşuny bilen söweşmekligi teklip etdiler. Emma maslahat muny göwnemedi. Ol: “Pulhatyna gitmeli däl. Alymerdan hanyň goşuny bilen urşup pida çekmeli däl. Derýadan şu ýerde, urup geçmeli”, diýen netijä geldi. Şeýle-de maslahatyň karar etmegi bilen, halkyň ejiz bölegine ýardam etmek üçin, Hojaş diýen uzynak, ala gözli murtlary jaýtaryp duran burunlak, süňkleri iri, deşli ýigit bilen Öwezgeldi batyryň başlyklygynda elli sany syrdam, saýlama ýigitlerden ybarat halas ediş topary döredildi. Şondan soň, Teke han göçüň hereketini doly togtatdy. Bir ýere üýşensoňlar öňlerine geçip, ýüze çykan ýagdaýy, şeýle hem maslahatyň gelen netijesini güýçli ses bilen gygyryp köpçülige mälim etdi. Soňundan daş-töweregini gallaşyp duran ekabyrlara ýüzlendi. –Oglan-uşaklardyr, garry-gurtularyň köpüsini öňki agşam ugradanymyz gowy bolaýypdyr. Ýogsam olar ardurja heläk boljak ekenler. Teke hanyň beý diýmeginiň sebäbi bardy. Çünki, derýa parahat däldi. Hanasyny dolduryp, käte ondanam çykyp, o ýan, bu ýan çyrpynýan, towlanjyrap ýylan-deý owsun atýan derýanyň goýnuna şol wagt ýürek edip özüňi urmag-a däl, hatda seretmegem gorkulydy. Düýn öýlän dag içinde dynman ýagyş ýagandygyndan ýolagçylaryň hemmesi habarly. Gabaraly gara bulurlaryň belent-belent dag gerişleriniň üstüne kükreklerini gerip, bagyrlaryny oýkaýyşlaryny olar kesesinden synlapdylar, asmanyň ýüzüni bir zarbada persala edip goýberýän ýyldyrymlaryň ujy ýalaw ýaly dyrnaklaryndan howatyr edip, oglan-uşaklar dagy öýlerine kürsäp-kürsäp urupdylar, şol zatlaryň zulmuna çydabilmän “ah” çekýän gögüň “gübürdisini” diňläpdiler. “Bärik bir gelmäýbilseýdir” diýşip, Biribardan dileg edipdiler.Zemine sahabat seçýan şol uly ýagmyryň sil suwuna öwrülip, daglaryň ýüzi bilen aşak gaýtjakdygyndanam, derýany doldurdyp Köne Sarahsa, Tejen topragyna tarap akjakdygyndanam habarlydylar. Ýöne, hut ertiriň özünde onuň bilen jan dalaşyna girmeli boljakdyklaryndan welin bihabardylar. Çünki, gelnen öňki netijä görä, derýa nähili ýagdaýda bolanda-da göç baryp Pulhatyndan geçmelidi, derýadan urup geçmek göz öňüne tutulmandy. Her niçik hem bolsa ýagdaý şoňa bardy. Derýadan urup geçmek barada buýruk berildi. Tebigat bilen ynsan oglunyň arasyna edil, Magşar dek agyr synag düşdi. Bir bada hiç kimiň töwekgelçilik edesi gelmedi. Ne ulaglylardan, ne pyýadalardan özüni suwa urmaga milt eden bolmady. Her kim biri-biriniň ýüzüne seredip götinjekledi durdy. Göçüň ýaýdanýandygyny görüp, Teke han ýene-de öňe çykdy. –Adamlar! Siz agyr synagyň öňünde dursuňyz. Derýanyň aňyrsynda Watan bar, bärde bolsa ýoksullyk, kemsidilmeler, aýraçylyk bar. Aňry geçsek bize gowy durmuş, ilimiz-günümiz garaşýar. Çünki, külli türkmen şo ýerde. Şol iki çägiň arasynda bolsa ine, möwç urup duran şu derýa bar. Elbetde, ol howply, ýöne, bize bu ýerde galmak ondanam howply. Şoň üçinem bizde başga alaç ýok. – Han ak atyny debsiläp has belent ýere çykdy. – Goş-golamlaryňyzam taşlaň-da, uruň, özüňizi derýa! Gara başyňyzy gutarybilseňiz galannyň bir alajy bolar. Aňry ýüzünde bize ors serkerdesi Alyhan garaşyp dur. Ol bize dosluk goluny uzadýar. Bu ýere bolsa topy-toýhanasy bilen Alymerdan han ýetip gelýär... Ol Pulhatyny eýelär we bizi barybir ondan geçirmez. Uruş etsegem gyrgynçylyk bolar... güýjümiz bolsa pes. Hanyň aýdan sözleri halka iňňän güýçli täsir etdi. Şol wagtam kethuda Begnazar üzeňňä galdy-da, sag goluny derýa tarap galgadyp, bir wagtlar, edil şu derýanyň boýunda, Pulhatynyň başynda, Hyrat häkimi Soltansöýün Baýkara bilen Myraly şir Nowaýynyň aýdyşygyny ulyili bilen gygyryp, dile getirdi. –Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni!!!... Adamlar duran-duran ýerlerinden, yzanda-çuwan: “Ýa, Alla! Ýa Sarahs baba!... Ýa, Gyzyl Ymam!.. – diýşip, özlerini derýa urdular. Pokurryk gatyşykly akýan haýbatly sary läbik welin halky ol kenara beýle aňsatlyk bilen geçirmejekdigini turuwbaşdan duýdurdy. Ýaman algydar ýaly goýnuna gireni gujaklap alyp ilk-ä bagryna basdy, soňam ýanbaşyna göterip dikbaşaşak inderdi. Gomlary bilen dolap alyp holtumyna dykdy, äkidip allaowarralardan çykardy, käbirlerini bolsa eltip guýganaklap duran girdabyň içine sokdy. Adamlaryň gyk-baklaryny, aýallardyr-çagalaryň çyr-çykylyklaryny hasap etmäniňde-de, suwa girmejek bolup galyň-galyň düýeleriň bagyryşýan, atlaryň kişňeşýän, “özüm-ä hiç welin, bulary nädeýin”, diýýän ýaly gözlerini tegeläp gölejiklerine tarap mölerişýän, sygyrlaryň molaşýan, iki baka tazygyşyp ýörüşlerine zaryn-zaryn mäleşýän goýunlaryň, guzularyň, çekreşýän geçileriň, owlaklaryň, hynçgyryşýan eşekleriň sesleri goşulyşyp ol ýagdaýy hasam edrenç görnüşe getirdi. Göräýmäge derýada ummanlardaky ýaly möwç, lemmer, ýa mähnet tolkun, gom ýok, ýöne, akym welin güýçli. Edil ýeriň bir dilkawja bölegi süýşüp gidip barýan ýaly. Towlanjyraşýan depesi ak köpürjikli, onçakly uly bolmadyk tolkunlar birdenkä ik ýaly pyrlanýarlar-da, sary ýuwdarha dek “haşşyldap” öz oklarynyň daşyndan birnäçe gezek pyrlanýarlar. Birdenem, durmuşdan halys bizar bolan betbagt kişi ýaly “öwhüldeşýärler-de” lagşan göwrelerini “pagşyldadyp” aşak goýberýärler we gömülgeniň çägä gömülişi ýaly ýaryndan gowragy gyrmança bolup duran sap-sary, läbik suwuň içine çümüp gidýärler. Ýagdaý şeýle bolansoň, duran ýerinden derýa urup, şol deňdenem ol kenara çykybilýän ýok diýen ýaly. Güýçli akym adamlary öz ugruna alyp gidýär. Ellerini dik ýokary tutup, kä çümüp, kä çykyp, her çykanda-da Hudaýy ýa halasgärleriň birini kömege çagyryşyp, gark urşup barýanlaryň hetdi-hasaby ýok. Diňe dogumly gyzlaryň, gelinleriň we ýetginjek ýigitleriň käbirleri öz güýçleri bilen akymy böwsüp, sag-aman sag kenara çykmaklygyň hötdesinden gelýärler. Olar yzyndan gelýänlere ellerini uzadyp, kenara çykmaklyga kömek edýärler, ýüp zyňýarlar, çekip alýarlar. Käbir saly gowşagraklary bolsa çykyşlary ýaly sermagallakdan gaýdýarlar, halys tapdan düşen göwrelerini “şalkyldadyp” ýere goýberýärler, birsellem çiňarkan ýa ýüzün düşüp “hählerini” alýarlar, özlerini raslaýarlar. sähel wagtdanam yraň-daraň edişip turýarlar-da, kenary syyrp entirekleşip baryşlaryna öz söýerlerini, hossarlaryny, dogan-garyndaşlaryny gözlerýärler. Ysygnsyz hem ýadaw sesleri bilen atlaryuny tutup gygyryşýarlar. Sag kenaryň böwür berýän ýerleri kert bolup, onuň aşagy boşluk. Akym aýlap-aýlap adamlaryň köpüsini şol ýere eltýär. Ol ýerden kenara çykyp bolanok. Ýöne, sähelçe hem bolsa çöp-çalamdan ýapyşyp dynç almaga, özüňi dürsemäge maý bar. Seýrek bolmadyk halatlarda kenar hopýar, “gümmürdäp” aşak gaýdýar. Çünki, derýanyň öz sag kenaryny ýumurmak, hanasyny şol tarapa giňeltmek häsiýeti bar. Ýene bir howply ýeri – kertiň düýbündäki böwürde köplenç “horruldap”, “sokurdap” aýlanyp duran, ortasy guýganakly girdap bolýar. Ol adammy, atmy, eşekmi ýa porrukmy tapawudy ýok, duşundan geçen zady aýlap-öwrüp demine dartyp dur. Şeýle-de bolsa, käbir nesibesi güýçli, maňlaýy daş ýarýan adamlar şondanam diri sypýarlar, ep-esli ýere baransoňlar “zompuldaşyp” çykýarlar, hopugyşyp, ellerini kelemenledişip kenara tarap dyzaşyp başlaýarlar. Nesibesi ýoklar bolsa şol gidişlerine gidýärler, asla çykmaýarlar, gaýdyp görünmeýärlerem, görünäýenlerinde-de hiç-hili hereketsiz, dirilik alamatlary ýok halda görünýärler, suwuň ýüzünde kä arkan, kä ýüzün ýatyp, kä çümüp, kä çykyp, agdar-düňder bolup baryşlaryna kem-kemden daşlaşýarlar we bütinleý ýitip gidýärler. Umuman sag kenary nazarlap çep kenardan özüni suwa uranlaryň aglabasy özlerini diňe akymyň ol kenara elterine, güzeriň ýa-da ýalpagrak ýeriň gabat gelerine bil baglaýarlar. Köplenç şeýle hem bolýar. Ýöne, şol aldym-berdimli pursatda halas ediş toparynyň bitiren işini welin hiç zat bilen deňäp bolmaz. Olar bosgunlaryň iň bir gowuşgynsyzlaryny, ejizlerini, düýbünden ýüzüp bilmeýänlerini atlarynyň ardyna ýa öňüne alyp ol kenara geçirýärler we derhal yzlaryna gaýdýarlar, gelip atlaryna sähelçe dynç berenlerinden soň ýene-de şol bir hereketlerini gaýtalaýarlar. Öňi-ardy adamly ýüzüp barýarkalar sen-men ýok gapdaldan gelip olaryň atlarynyň ýalyndan ýa guýrugyndan aslyşyp gidýänlerem bolýar. Şolar ýalyda ozaldanam gatnaý-gatnaý halys eňki gaçan atlar laky-tak durýarlar we özlerini ol kenara juda kynlyk bilen atýarlar. Teke han umumy gözegçilik bilen başagaý. Beýleki ekabyrlaram şonuň ýaly. Abyt işan kenaryň has görnükliräk ýerinde durup, yzyny üzmän Kurany Kerimden keramatly süreleri okaýar. ...Ýaňy bir ýüki ýaran, üstüne köne-küşül keçe bilen içiniň ýüňleri çykyşyp duran ýorgança bökderilgi, burny gara gökje kürrejik gelşi ýaly biri syrtyndan gop beren dek, guýrugyndan ýapyşyp gelýän orta ýaşlaryndaky egni ýagyrnysy şorlap giden köneje alaçaly, başyna sary dasdar oralan, sarymeňizräk, dolmujrak daýza bilen bilelikde ýüzüniň ugruna özüni suwa urdy. Göreni geňler galdyryp, esli ýere çenli ýüzüp gitdi. Birdenem girdaba gabat geldi-de, öýüň içi ýaly ýerde guýganaklap başlady. Her aýlawdan soňam aşaklamak bilen boldy. Ahyram “hokur-hokur” edip duran girdabyň düýbüne gitdi. Ýa-ha barja baýlygy şol, ýa-da girdap näme, gom näme bilenok, daýza görgülem guýrugyny sypdyrman, kürre bilen bilelikde güw gitdi. Soň olar bir ýerden çykdylarmy ýa suwuň düýbünde müdimilik galdylarmy, ony bilýän ýok, ýöne, sähelçe wagtdan soň girdapdan taýak atym aňyrrakda dört aýagynam dik ýokary tutup tolkundan-tolkuna geçip, garnyny akjardyp barýan bir malyň şol gökje kürre bolaýmagynyň ahmaldygyny bu hadysa başdan-aýak syn edip duran Teke han çak etdi. Şonuň üçinem, ol ýap-ýaňyja sag kenardan gaýdyp gelen Hojaşa ätiýaçdan şol töwerege aýlanmagyny haýyş etdi. Emma ne Hojaşyň, ne beýlekileriň gözüne salgy berlen ýerde hiç hili garam-guram görünmedi. Birdenem: “Ine men bärde” diýýän ýaly edil Teke hanyň duran ýerine golaýrakda hälki daýzanyň kellesi göründi. Bir aýlaw edibem, ýene-de ýom-ýok boldy. Gaýdybam görünmedi. Indi, özüni suwa urubilmän ýaýdanyşyp duran-a ýok. Ýöne, her kim birhiliräk öz alajyny edip, onsoň girýär. Tulum çişirip oturanam bar, hatda ýetginjek oglanlardan balaklaryna ýel berip, çişirip münýänlerem bar. Göç uly bolansoň bir-ä ýaýrawy giň birem üzlem-saplamrak. Her kim kenaryň amatlyrak ýerini peýläp gidip otyr. Birdenem kimdir biriniň: –E-eý, Hojaş, gelniň gark boldy-y... – diýen çasly sesi eşidildi. Hakykatda Hojaşyň gelni ýok. Ol entek öýlenmedik. Ýöne, salyrlaryň öz aýdyşlary ýaly geleşdirilen. Geleşikli. Özem bir çak toý edilmelidi-de, galyň meselesinde düşünişmezlik bolup, gaýra süýşürilip ýördi. Diýmek, gark bolýan onuň gelni däl-de, gelinligi, ýagny geleşiklisi bolmaly. Sesiň gelen ýerine Hojaşa görä-de Öwezgeldi batyr golaýrak durdy. Şonuň üçinem, ol derhal atynyň başyny şol tarapa öwürdi. Ýöne, Hojaş bir demde onuň yzyndan ýetdi-de: “Dur!” diýdi we çep kenar bilen aşaklygyna tarap atyny ýüzün saldyryp gitdi. Ho-ol, aňyrrak barybam aty bilen bilelikde özüni suwa urdy. Möwçleriň arasy bilen gaýdyrylyp barýan gelinliginiň öňüni çolady. Golaýyna gelendenem garbap alyp atyň öňüne çekdi, sypdyrmazlyk üçin gujaklady. Ejap etdimi, nämemi, gyz şol aralykda-da onuň elinden sypjak bolup dyzady, urundy, kakyndy, elleri bilen ýüzüni tutdy, ýöne, ýigidiň berdaşly gollary ony sypdyrmady. Birneme aňyrrakdanam bolsa ol öz gelinligini sag kenara alyp çykdy. Ygym-sygym bolşup gyzyň hossarlaram kenara çykdylar. Hojaşa müň kerem sag bolsun aýtdylar. Ejesi görgüli bolsa dyzyna çöküp saçlaryny ýaýyp oturşyna: –Şu gün alsaňam seňki indi şu gyz, jan Hojaş – diýip, hünübirýan aglady. Kakasam çöp-çalamdan we läbik suwdan ýaňa çyr-çyrşak bolan ýüzüni iki-baka sypajakladyp durşuna aýalyna tarap barmagyny çommalyp göwünli-göwünsizräge-de: –Heseliň aýdýany dogry şol... – diýdi. Hojaş esli wagtdan soň Teke han dagynyň ýanyna gaýdyp geldi. –Edil şol wagtam kenarda henizem öňki agşamky toýda aýdylan aýdym-sazyň humaryndan çykybilmän hiňlenjiräp gelýän Baky lütjek peýda boldy. Ol Pulhatyndan geçiler diýip arkaýyn bolan bolsa gerek, göçden kän yza galypdyr. Özem ýabysyny idip gelýär. Üstünde-de aýaly. Ol ärine bir zatlar diýip gygyrýar, ýöne ol ony eşidenok. “Paliýilliň-pal, paliýilliň-pal..” diýip, öz ýanyndan, henizem “Balsaýady” çalyp gelşine aşaklyk bilen käte bir daş-töweregine göz aýlaýar. Ýagaýyň öwerlik däldigini, bu kenarda uzak eglenmeli däldigini bütin durky bilen syzýar. Oňa çenli Begnazar atyny debsiläp bardy-da, onuň üstüne abandy. –“Pylly-pyllyňy” goýda, ur özüňi suwa! Heleýiňe-de özüň jogap berýäň! Bol, çaltrak! Baky lütjek: “bor, bor...” diýdi-de, ýabysynyň uýanyndan tutup suwa girdi. Aýaly: “Waý!..” diýip gygyrdy, ýöne, elini eýeriň gaşyndan aýyrmady, gaýtam barha berk ýapyşdy. Ýapyrylyp, ýabynyň boýnundan gujaklady. Lagar ýaby gudrat görkezdi diýseňem boljak, ol men diýen atlar bilen bir hatarda eýesiniň ikisinem ol kenara alyp çykdy. Elbetde göreşsiz däl. Bilip etdimi, bilmän etdimi ol akymyň güýçli ýerine, derýanyň ortasyna barýança-ha göni ýüzdu, soňam özüni möwje urdy-da, lemmerleriň arasy bilen hiç hili garşylyk görkezmezden akymyň ugruna bakan gidiberdi. Maman apa ýaly gözleriniň agyny köpeldip barşyna kem-kemdenem sag kenara tarap gyýaklady. Yýandan ýapyşyp, “pyl-pyl” edip barýan Baky kenara çykandan soň ýabysynyň ýalyndan ýapyşyp boýnundan gujaklap aglady. Gaty gygyryp aýtmasa-da: Her menzilde on jam arpa, Berenlerin halal olsun... –diýip Göroglynyň öz Gyratyna bagyşlap gaýran namasyna hiňlendi. Ýere düşüp, “has-has” edip oturan aýalam oňa şol wagt düýn-öňňinki alyjy tapylsa ýabysyny sataýmak hyýalynyňam ýok däldigi baradaky eden gürrüňini ýatlatdy. –Aç ölýänem bolsak şu ýabymyzy hiç kime satmaly Baky. –I-i-i... Satyp näme e-e. Satmarys... – diýip Bakam buýsançly gygyrdy. Derrewem sazyna başlady. – Paliýilliň-pal, paliýilliň-pal... Ýöne ol sazyny basym bes etmeli boldy. Çünki, eýelerine bolan yhlasyny subut etmek üçin ýaby janawer özüniň iň soňkuja kuwwatjygyny sarp edipmi ýa boljagymy, gulaklaryny sallap, boýnunam aşak egip duran ýerinde birki ýola o ýan, bu ýan yraň atan ýaly etdi-de, “güpürdäp” bir gapdala ýykyldy. “Razy boluň” diýýän ýaly, kellesini galdyryp iň soňky gezek eýelerine seretdi. Şol hem onuň şu garyp ömründe eden ähli hereketleriniň iň soňkusy boldy. Är-aýal ikisem uly illeri bilen ses edip, özlerini ýalňyz mallarynyň üstüne zyňdylar. Bakynyň sesi hasam naýynjar çykdy. –Waý-aý, hany-manym aý-a. Sag kenara çykyp gelýän, orta ýaşlaryndaky bir daýaw aýal olaryň deňinden hatda aýagam çekmän geçip barşyna ýüzüni-gözüni çytyp, garaçyny bilen käýindi. –Goýuň-a zat görmedik görümsiz masgaralar. Il-günüň içinde ýakynlaryny ýitirip seslerini çykarman gidip barýanlary ba, siziňki näme... Şondan soň är-aýal ikisem seslerini goýdular. Ýerlerinden turup, sallam-sajak ýola düşüp barýan bosgunlaryň yzyna düşdiler. Iň soňkularyň hatarynda özüniň kethudalyk edýän kiçijik urugynyň adamlaryny yzyna tirkäp Jumasapar geldi. Onuň öňünde iki eşek. Biriniň üsti ýükli. Ýükleriniň arasynda şo-ol, meşhur ýalpyldawuk pil görünýär. Ikinji eşegiň üstünde Akbike otyr. Jumasapar öz Noparyndan saýlandy-da, Teke han dagynyň duran ýerine geldi. Elindäki bir ujy çiş ýylgyn taýak bilen kebzesiniň arasyny gaşap durşuna gözlerini gymşaýdyp: –Ýazmuhammet, mallar bir başybitin derýadan geçdimikä? – diýdi. Şu aralykda onuň nebsiniň gürrüňini edip durşuna Teke hanyň gahary geldi. –Mal bilenem işiň bolmasyn, çopan bilenem. Goş-golamlaryňam taşla-da, geç derýadan, gyzylbaşyň elinde ömürlik galmajak bolsaň. – Han ak atyny debsiläp Jumasaparyň toparynyň ýanyna bardy. Gamçysyny derýa tarap çommmaltdy. – Uruň özüňizi suwa! Han aýtdy, gutardy. Ol-a derýa ekeni, özüňi guýa at diýse-de ataýmaly. Her kim “pat-pat” etdirip elindäki, arkasyndaky, eşekleriň üstündäki goşlaryny bir gyra taşlady. Jumasaparyň özem şeýtdi. Az salym ýaýdanyp durandan soňam ýuwaşlyk bilen aşak egildi-de, goşlarynyň içinden pilini sogrup aldy. –Ähli goşumy taşlasamam şun-a taşlajak-gä... Şondan soň Noparyň adamlary ýeke-ýekeden, gorka-ürke suwa girdiler. Gara maly barlar mallarynyň guýruklaryndan aslyşdylar. Eşegi barlar üstüne mündüler. Hatda itleriň boýnundan aslyşyp girenlerem boldy. Jumasaparam ýükden boşan eşegine mündi-de, aýalyna ýüzlendi. – Ýör, Akbike, sür, tersimiz takdyra ýazylmadyk bolsa hiç zadam bolmaz. Hümf-çü-üýf... Derýa köşeşdimi ýa gaty ylaýyk ýerine gabat geldilermi, Jumasaparyň Noparynyň tas hemmesi diýen ýaly sag-aman o tarapa geçdi. Orta ýaşdan geçeňkirlänräk bir kişi derýanyň ortasyndaky güýçli akyma düşüp ep-esli ýere çenli “garkyldap” gitdi. Ýöne, onam kän daşlaşmanka yzyndan ýetip Öwezgeldi batyr halas etdi, aňyrky kenara çykardy. O kenara çykansoň sag-aman geçen garyndaşlaryny tükelläp duran Jumasaparyň elindäki ýalpyldawuk piliň Gün bilen çaknyşyp çykarýan ýiti şöhlesi çep kenarda duran ekabyrlaryň ýüzlerine düşüp, gözlerini gamaşdyrdy. Jumasaparyň toparynyň arasynda Gülbedenem bar ekeni. Ol elbetde, onuň urugyndan-a däl, ýöne, näme üçindir Zurabada soňky gezek göçüp gelineli bäri şolar bilen hatardaş-a otyr. Bir körümşek ejesi bilen on dört ýaşlaryndaky oglan jigisi bardy, olaram düýnki kiçi göç bilen gitdiler. Hemmeleri haýran galdyran zat, şol aljyraňňylygyň içinde-de onuň şähdi açyk. Ýüzünde gorky-ürki ýok. Gaýtam toparyň barysy geçip bolýança garaşyp, olara göwünlik berdi durdy. Özüne gezek gelendenem, üç-dört ädim gaýra tesdi-de, başyndaky ýaglygyny kakyp alyp, biline daňdy, köwüşlerinem şol guşaga gysdyrdy-da, bat bilen ylgap gelip özüni derýa oklady. Ortasyna çenli balyk ýaly ýüzüp gitdi-de, birdenem zym-zyýat boldy. Esli wagtlap görünmedi. Akym äkidendir öýdüp ekabyrlar o ýan, bu ýan garanjaklaşdylar, soň halasgärleriň ýüzlerine seredişdiler, Öwezgeldi batyr bilen Hojaş atlaryny çapdyryp öňe gitdiler, ýöne Gülbeden ekabyrlaram, topardaşlarynam ýene bir gezek haýran galdyryp, edil suwa uran ýeriniň deňinden, aňyrky kenardan çykdy. Eglip, bir gujakdan az bolmadyk gara saçlaryny elleri bilen sykyp durşuna birgeňsi ýylgyryp ekabyrlara seretdi. Ekabyrlaryňam näme üçindir barysy birden Abyt işanyň ýüzüne seretdiler. –Akymyň aşagyndan ýüzüp geçen bolmaly... – diýip, Abyt işan ýuwaşja seslendi. Çalajada ýylgyrdy. – Mert maşgala ekeni. Beýlekilerem: –Howwa, zora-zor, ökdä-ökde diýmeli – diýişdiler. Oňa çenli Öwezgeldi batyr bilen Hojaşam atlaryny segredip gaýdyp geldiler. *** ...Şeýdip göç derýadan geçdi. Pidasyz bolmasa-da, esasy iş bitirildi. Bu kyn pursatda her kimiň ykbaly özüniň nesibe takdyryna, dogum gaýratyna, şeýle-de mal-garalaryna bagly boldy. Ýöne, uly-kiçi, aýal-erkek hemmesine şol wagt güýç-kuwwat beren, ýa öleýin, ýa alaýyn diýip, özleriini däli derýanyň gujagyna okladan gaýratyna galdyran bir zat bardy, o-da Ata-Watana aşmak, mähriban topraga gowuşmak höwesi. Şol isleg, şol arzuw hem olary möwçlerden, lemmerlerden geçip, sag kenara çykmaklyga ýardam berdi. Öň gepleşip goýulyşy ýaly, bosgunlar sag kenara şol ýerden geçerler öýdüp, Alyhanow öz otrýady bilen Gün guşluga galyberende Pulhatyna geldi. Gark bolan bosgunlaryň käbirleriniň jesetleriniň kä ýerde bir görnüp gitmekleri, käbirleriniň bolsa köprrüniň hüjrelerine dykyn bolmaklary, şeýle hem Maşatdan gaýdan kowgynyň bosgunlaryň öňüni çolamak üçin hut Pulhatyny nazarlap gaýdandyklary baradaky habaryň gelip ýetişmegi netijesinde Alyhanow salyrlaryň nä güne düşendikleri hakynda dogry netije çykardy we gyssagly suratda sag kenar bilen ýokarlygyna, tä bosgunlar öňlerinden çykýança hereket etmekligi öz soldatlaryna buýurdy. Kazaklar baranda halas bolan bosgunlaryň hemmesi derýanyň sag kenaryna ýygnanyp, öz ekabyrlaryna garaşyp durdular. Daýaw hem sarç atlar han-begleriň hemmesini baş esen, bagry bitin sag kenara çykardylar. Alyhanow bosgunlaram, han-beglerem özleriniň taryhy watanlaryna gowuşmaklary, mähriban topraklaryna aýak basmaklary bilen gutlady. Ýitgi çekenlere duýgudaşlyk bildirdi. –Derýanyň o kenarynda bolsun, Zurabatda ýa Garadepede bolsun, galdyryp gaýdan zatlaryňyzyň ählisini soň gelip alyp gitmäge mümkinçilik dörederis. Bugdaýyňyz barada hem Eýran hökümetiniň wekilleri bilen gürleşeris. Häzir siz esasy etmeli zadyňyy etdiňiz, derýadan, ýagny serhetden geçdiňiz. Indi siz Orsyýetiň raýaty. Sarahsa tarap ýol açyk. Ugralyň. Agyr göç ýene-de ýola düşdi. Ýöne, olar indi juda ýadawdylar. Egbardylar. Üstesine olaryň köpüsi ýap-ýaňyja ýitiren hossarlarynyň agysynam aglamaly bolýardylar. Iki ýüz sany atly kazak bolsa nyzam bilen olaryň daşyny gorap gelýärdiler. ...Pulhatynyň deňine baranlarynda Eýran tarapdan Alymerdan hanyň goşunam gelip ýetdi. Alyhanow Teke hana bosgunlary kem-kemden kenardan daşlaşdyrmaklygy tabşyryp, özi kazaklary bilen kenarda galdy. Bosgunlar bilen Eýran goşunynyň arasyna girdi. Alymerdan hana ýa-ha şa tarapyndan şeýle buýruk berlipdir, ýa-da özi diplomatiýanyň düzgünlerini gowy bilýär, öz goşunynyň san taýdan agdyklyk edýändigine garamazdan, bosgunlar bilen aralykda duran, bary-ýogy iki ýüz atlydan ybarat ors goşunyna garşy hiç hili uruş meýillerini ýüze çykarmady. Pulhatyndan geçmäge milt etmedi. Şol pursat Eýran şasy Orsyýetiň Tährandaky ilçisi Melnikowdan Alyhanowyň öz atlylaryny bosgunlar bilen Eýran goşunynyň arasyndan aýyrmaklygyny talap etdi. Emma Melnikow Ak patyşanyň görkezmelerine we tabşyryklaryna salgylanmak bilen, hususan-da Alyhanowyň kazaklaryňam, bosgunlaryňam eýýäm resmi taýdan Orsyýede birikdirilen toprak üzre ýöräp barýandyklaryny göz öňüne tutmak bilen, onuň şol talaplaryny ret etdi. Şondan soň Alymerdan han sag kenar bilen derýanyň aşak akymyna tarap, bosgunlary penalap barýan kazaklary esli ýere çenli gözi bilen yzarlap, deňdeş gitdi, kem-kemdenem kenardan daşlaşdy. Arany açdy. Ahyram topy-tophanasy bilen bilelikde kenary ýakalap oturan gür jeňňelligiň içine siňip gitdi. Şol ýerden ol göni Täze Sarahsa, ýagny, Eýran Sarahsyna bardy we şanyň öňünde hiç hili hyzmat görkezmedik, salyrlary saklamak üçin hiç hili hereket etmedik, çäre görmedik adam hökmünde görünmezlik üçin, “Ruhnabady” orslara beripsiň” diýen bahana bilen, iki sany pars ofiserini tussag etdi hem-de resmi suratda jezalandyrdy. Alty ýüz serbazdan we iki topdan ybarat goşunyň bary-ýogy ýüz kazakdan ybarat otrýada batyrynyp bilmezligi ors hökümetiniň güýjüni salyrlaryň gözüne Eýran hökümetiniňkiden kän-kän kuwwatly edip görkezdi. Abraýyny artdyrdy. Olaryň her biriniň aňynda: “Ine, bu döwlet bize arka durup biler, ähli bela-beterlerden gorar, hiç kime ynjytdyrmaz” diýen düşünje döretdi. Ýolda uly ýitgiler çekendiklerine, heläkçiliklere uçrandyklaryna garamazdan, Zurabatdan we Garadepeden Köne Sarahsa göçüp gelen bosgunlaryň öý sany şol wagt 3250-ä, ilat sany bolsa 16.000-e barabar boldy. Teke han Alyhanow bilen bilelikde olary öz isleglerine, ýagny, her tiräniň öz öňki oturyp giden ýerlerini saýlap-seçmeklerine görä, kowçum-kowçum, oba-oba edip ýerleşdirdi. Hersiniň özüne degişli ekin meýdanlaryny, görkezdi. Ýap meselesinde bije atyldy. Şonuň esasynda ýokarky ýap – Ýalawaja, ortaky ýap – Kiçiaga, ilerki ýap – Garamana düşdi. Şonda ýeriň-ýurduň häsiýetine, bereket-sahawatyna görä, il arasynda: “Ýalawaç ýere eýe boldy, Kiçiaga suwa eýe boldy, Garaman pula eýe boldy” diýen nakyl şekilli gürrüň döredi. Munuň manysy şeýleräk: Ýalawaja düşen ýer gowy. Mes. Tekiz. Giň. Kiçiaganyň ýaby göni. Gidişi pesräk. Suwy akgynly. Garamanyň oturan ýeri Eýrana golaý. Serhetdeş. Eýran Sarahsynyň Maşat ýaly uly bazarly şäheriniň alkymy. Söwda-satyk üçin amatly. Üstesine-de Eýran bilen aralygy Weýeňňämden başlap tä Kindiklä çenli bir gezek suwaryp ekibilseň, ähli ekin düme bitýä. “Salyryň baýy Garamandadyr”, diýilmegem şonuň üçin. Gowy ýerleşenlerinden soň, Teke han: “Haýsy milletdendigine, türkmeniň haýsy taýpasyndandygyna garamazdan, kim hünärli bolsa, daýhan bolsa, mirap ýa söwdagär bolsa gelibersin, biz Sarahsda ýurt tutdyk, ýap gazdyk, çil çekdik, ýer kän, suwam kän, ýer diýene – ýer, suw diýene – suw berjek” diýip, çar tarapa jar çekdirdi. Çaparlar gönderdi. Bu habary eşidip salyrlaryň Eýranda, Owganda, Pendide galan-gaçaklaryndan başga-da dürli milletlerden bolan kän-kän adamlar sarahs topragyna ýygnandylar. Şeýlelikde, Sarahs topragy bellenen möhletden gijä galdyrylman türkmenleşdirildi, resmileşdirildi. Onuň Aly Hezretleri Beýik imperator Ak patyşanyň Sarahs we salyr türkmenleri babatda, özüniň şol ýerdäki dikmelerine beren buýrugy berjaý edildi. Şol günüň ertesi, ýagny, Eýranyň Horasan welaýatynyň merkezi şäheri bolan Maşatda oturýan, ýöne, soňky wakalar sebäpli düýnden bäri Täze Sarhasda bolýan gubernator Alymerdan han öz sertibi Bagyr hany Köne Sarahsa, Alyhanowyň ýanyna iberdi. Ol Alyhanowa öz hojaýynynyň salyr türkmenleri barada ors baýary bilen gürleşmek, pikir alyşmak, düşünişmek isleýändigini aýtdy we iki tarapyňam mertebesine zeper ýetirmezlik üçin, haýsy tarapda, derýanyň çepmi ýa sag kenarynda duşuşsalar gowy boljakdygyny sorady. Ýa-da iki tarap üçinem amatly bolar ýaly aralyk bir ýerde duşuşmalymy? Alyhanow ýeňijiniň sowukganlylygy bilen Bagyr ghana şeýle diýdi: –Alymerdan hanyň ýanyna myhmançylyga meniň baranym bilen rus ofiseriniň mertebesi kemelip durmaz. Şol güniň agşamy ol hakykatdan-da öz ofiserleri bilen Täze Sarahsa, Nusratulmülk Alymerdan hanyň ýanyna gepleşige bardy. Ony pars myhmanparazçylygynyň iň ýokary derejedäki medeniýeti bilen garşyladylar. Hezzet-hormat etdiler. Umumy hem-de syýasy gürrüňlerden soň, Alymerdan han hususan-da, Tejen derýasynyň çep kenarynda, ýagny, Zurabatda salyrlar bilen on müň rus rublyna barabar bolan baha laýyklykda ýarpasyna eken bugdaýlarynyň ykbaly bilen gyzyklandy. Alyhanow: –Bize ýap-ýaňyja Marydan habar gelip gowuşdy, onda üç sany teke türkmenleriniň şu ýerde bendilikde ýatnadyklary, şeýle hem şolaryň ýüz düýesiniň alty aý bäri sizde bikanun saklanýandygy aýdylýar. – diýdi. – Egerde, siz tekeleri boşatsaňyz, şeýle hem olaryň düýelerini gaýtaryp berseňiz, derýadan bäri geçen salyrlaryň Zurabada gaýdyp baryp, gyssagara ol ýerde we derýanyň kenarynda galdyryp gaýdan zatlaryny, tazygan mallaryny arabadyr-goşlaryny alyp gaýtmaga, şeýle hem bugdaýlaryny ormaga rugsat berseňiz, salyrlar size bermeli paýlarynyň ýekeje dänesinem kemmezler. Üzlüşerler. Bu olaryň özleriniňem islegleri. Bergilerini hasaplaşman, gaçyp gaýdan adamlar hökmünde görünmekligi olar özleri üçin namys hasap edýärler. Bu ýyl hasaplaşyp bilmeseler, galanyny indiki ýylyň hasylyndan özleri üstüňize eltip bererler ýa-da şu ýere, Eýran Sarahsyna getirerler. Muňa biz güwä geçýäris. Alymerdan han ors ofiserini üns bilen diňledi we onuň aýdanlary bileen doly razylaşdy. Egerde, agzalan düýeleriň içinde öleni ýa dereksiz ýiteni bar bolsa, onda olaryň her biri üçin segsen rubl tölenjekdigini aýtdy. Ertesi Alymerdan han Köne Sarahsa, Alyhanowyň ýanyna jogap wiziti bilen bardy. Ony hem döwlet derejesine laýyklykda, resmi suratda garşy aldylar. Saçak ýazdylar, hyzmat etdiler. Gürrüňçiligiň barşynda Alymerdan han düýn söz berşi ýaly, salyrlaryň Zurabada baryp gaýtmaklaryna idin berýän ýazmaça resminama gowşurdy. Düýeler we ýesirler barada hem edil düýnki gepleşişleri ýaly boljakdygyny ýene bir gezek tekrarlady. Şol söhbetdeşlikde Alyhanow salyr türkmenleriniň Eýran goşunynda gulluk edýän ýigitlerini serbazlykdan boşatmak barada hem gürrüň gozgady. Alymerdan han oňa hem razy boldy. Şondan soň ol uzak eglenmedi. Edil garşy alşy ýaly Alyhanow ony gidende-de uly hormat bilen ugratdy. Şonuň bilenem, olaryň arasyndaky iki gün dowam eden, şahsy hem resmi gatnaşyklary tamam boldy. Şol günüň özünde Alyhanow Horasan gubernatorynyň beren rugsatnamasynyň gapdalyna salyrlaryň Orsyýede raýat bolandyklary baradaky haty hem goşun, alty ýüz adamdan ybarat uly topary galla ormak üçin Zurabada ugratdy. *** Salyrlary Köne Sarahsa ýygnamak, Mary bilen bilelikde Pendi ýaýlalarynda oturan saryklary hem öz raýatlygyna almak arkaly, Orsyýet özüniň günorta serhedini Owganystan bilen-ä Şeýhi-Jüneýitde – Guşgyda, Eýran bilen bolsa Köne Sarahsda çäklendirdi. Şeýlelikde ol Hindistandan geçip Owganystanyň üsti bilen türkmen topragyna aralaşmaklygy, owgan serhetini giňeltmek bilen Orsyýetiň Orta Aziýadaky basybalyjylykly hereketlerini mümkingadar aňyrrakda togtatmaklygy, şeýdibem, olary özünden daşlaşdyrmaklygy we şol maksadyna laýyklykda öňi bilen Guşga, şeýle hem Sarahsa gadam basmaklygy köpden bäri arzuw edip ýören iňlis şirine hem dişini görkezdi, ony omzy bilen itip, birneme aňyrrak süýşürdi. Şeýle-de bolsa ahmyrdan çykmak üçin Angliýanyň iň bolmanda Sarahs babatda serhet dawasyna ýüz urmagy, şol meseläni halkara derejesinde gozgamagy, gorjamagy mümkindi. Şonuň üçinem, 1884-nji ýylyň 4-nji awgustynda, Orsyýetiň Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň direktorynyň adyna ýazan hatynda Kawkaz harby okrugynyň goşun ýolbaşçysy knýaz Dondukow hem hut şol, meseläni gozgady. Ýagny, ol Zurabatdan Köne Sarahsa göçürilip getirilen salyrlaryň Orsyýetiň raýatlygyna kabul edilendikleri baradaky hakykatyň haýdan-haý döwlet derejesinde resmileşdirilmegini sorady. Bu çäräniň haçanam bolsa, nirede hem bolsa, kim tarapyndanam bolsa serhet dawasy ýüze çykaýan ýagdaýynda Orsyýet üçin resmi tutaryk bolup hyzmat etjekdigini, onuň basybalyjylykly hereketlerini sähelçejik hem bolsa ýuwmarlajakdygyny tekarlady. Şeýle hem ol: Eýran we Owganystan bilen bagly serhetimiziň degişlilikde salyr we saryk türkmenleriniň daşyndan aýlanandygyny şol taýpalaryň özleri tarapyndan raýatlyk sorap ýazan haýyşnamalary arkaly halkara derejesinde resmileşdirip bilsek ne Eýran, ne Owganystan, ne-de şol ikisiniň arasy bilen sokjarylyp gelýän Angliýa hiç haçan biziň bilen serhet dawasyny edip bilmez” diýip, öz iberýän beýleki telegrammalarynda hem öwran-öwran nygtady. Şol çäräniň özleri üçin hakykatdan-da gaýragoýulmazsyz möhüm meseledigi soňabaka Orsyýetiň harby we syýasy guramalarynyň ählisine mälim boldy. Iş jygba-jyga geldi. Ahyram Ak patyşanyň özüne diredi. Ol bu işi ikielläp goldady we ony haýal etmän durmuşa geçirmek barada degişli edaralara görkezme berdi. Olaram ony amala aşyrmaklygy eýýäm salyrlar bilen işleşip we dil tapyşyp ýören podpolkownik Alyhanowa tabşyrdylar. Ol muňa nözüniň öň başlan işiniň dowamy hökmünde uly höwes bilen ýapyşdy. Öňi bilenem salyr ýaşulylary, hususan-da Teke han bilen gürrüňçilik geçirdi. “Şeýle bir möhüm iş bar, netijesi iki tarap üçinem bähbitli”, diýdi. Kethudalar onuň aýdanlaryna derhal amal etmek bilen boldular. Öňi bilenem üýşüp, Eýran şasynyň Horasandaky dikmesi Ruknäddöwlläniň adyna hat ýazdylar. Hatyň mazmuny şeýle: “Lagl-merjenlerden doly aýak tozuňyza başymyz gurban bolsun! Biziň, ýagny, salyrlar jemgyýetiniň ýaşaýjylarynyň arzy-beýanatlary budur ki, biz mundan üç ýyl ozal özümiziň müňlerçe ýyllardan bäri ata-watanymyz bolan Sarahsa göçüp geldik, ýöne, muňa garamazdan, merhum Sypahsalar Horasan hanlarynyň maslahatyna eýerip, bizi güýç bilen Sarahsdan çykardy we Zurabada görürdi. Ine, şondan bärem biz ýersiz-suwsuz, agyr zähmetler we jepalar içinde ýaşap ýörüs. Aňrybaş mätäçlik bizi çar tarapa urunmaga mejbur etdi. Sürmäge sähelçejik mümkinçilik bolan ýerde biz iň bolmanda ýarpy hasyl-a alarys-da, diýen umyt bilen ekin ekdik. Biz muny şu ýylam şeýtdik. Biziň halkymyz bu ýagdaýda mundan artyk ýaşabam bilmez, bu ýerde galybam bilmez. Biz gajar hökümetinden diňe ýagşylyk gördük, şonuň üçinem oňa garşy hiç hili närazyçylygymyz ýok. Gеçen ýуl Мaşada şаlar şаsy Nаsreddin şа gеldi. Öz ulusуmyzyň hal-ýаgdaýynyň düzеdilmegini hаýyş еtmek üçin biz оnuň ýаnyna gitdik, еmma nеbsimiz аgyrsa-da, öz аrzy-hаlymyzy оnuň аly hеzretlerine ýеtirip bilmеdik. Diňе bаş еgip oňmаly bоlduk. Ýüz tutmаk üçin hеrnäçe jаn çeksеgem оnuň golаýyna gоýbermediler, dеrwezä bаrýan ýоluň öňüni kеsdiler, baglаdylar. Sizе edеn öňki şikаýatlarymyz bоlsa hiç-hili nеtije bеrmedi. Jоgapsyz gаldy. Оňa derеk siz bоýy kеltejik, уnjyk wе dogаny-dоgana küşgürýän, öz hеreketleri bilеn biziň ulusуmyzyň arаsynda аgzalaçylyk dörеdýän Аlymerdan hаny bаşymyza hеkem ediр gоýduňyz. Оl biziň iki sаny bigünä kethudаmyzy tutuр Мaşada äkitdi wе şоl ýеrde olаry bäş aýlаp tussаglykda sаklady. Özüniň şolаr ýаly еden-еtdiliklerini bеs еtmegini towаkga еdip, biz Аlymerdan hаna kän gezеkler ýüz tutduk, ýönе, häkimlik güýjündеn peýdalаnyp оl biziň аrzy-şikаýatlarymyza üns bermеdi, ahу-nalаlarymyzy diňlеmedi wе kellеsine gelеnini еtdi ýördi. Оl häzirеm şеýdip ýör. Вiz bu ýеrde bäş günlik mуhman hökmündе оturanam bоlsak, hоrasan gоşunyny öz ýigitlеrimiz bilеn üpjün еtdik, egеr-de ýokаrda аýdylanlar ýаly ýаnamalar bolmаdyk bolsаdy, оnda biz bu ýеrde еntegem gаlardyk wе öňkimiz ýаly gulluk еderdik. Оrs gоşunynyň Sarаhsda pеýda bоlan ilkinji güni, ähli ýaşаýjylarymyz bоlup, оnuň ýаnyna bаrmak, raýаtlyk sоrap ýüz tutmаk bаrada biz öňdеn bäri göwün ýüwürdiр ýördük wе Нudaýa şükür, inе, bu gün şоl mаksadymyza-da ýеtdik. Мundan buýаna biz оrs hökümеtiniň еrkine wе häkimliginе bоýun еgeris hеm-de оlar bilеn ylalаşykly ýаşarys. Şundаn аrtyk аýtjak zadуmyz ýоk. Аlla ýаryňyz bоlsun...”. Hat öňürti salyr ýaşulylary tarapyndan parsça ýazylyp, soň molla Sähet tarapyndan ors diline terjime edildi. Hatyň aşagyna salyr kethudalaryndan jemi on bäş adam gol çekdi. Teke han, baş kethuda Begnazar, baş kazy molla Oraz dagylar gollarynyň gapdalyna öz şahsy möhürlerini hem goýdular. Olar şol bir wagtyň özünde Orsyýetiň raýatlygyna alynmaklaryny sorap Zakaspiý oblastynyň naçalnigi, general leýtnant Komarowyň adyna hem haýyşnama-hat ýazdylar we olaryň ikisinem uly dabara we buýsanç bilen, ors goşunynyň ofiseri, indi özleri bilen işlemäge birneme öwrenişen podpolkownik Alyhanowa gowşurdylar. Şeýlelikde, salyr türkmenleriniň Eýrandan türkmen topragyna eden taryhy ýörüşleri halkara derejesinde resmileşdirildi. Bu ýagdaý köpden bäri goňur aýynyň abşanaklap gelip Hindistanda peýda bolaryndan, özi bilen şol ýerde döşleşerinden howatyr edip gelýän iňlis şirine-de kem ýaramady. Guşga, Sarahsa gadam basmakdan, ol ýerleri eýelemekden geçen we özleriniň ençeme wagt bäri göz dikip gelýän topraklaryny şeýle gysga wagtyň içinde ellerinden giderendiklerine garamazdan, “zyýanyň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda” diýäge-de, eýerip, häzirlikçe bir gyra çekilip oturyberenlerini kem görmediler, gaýtam Orsyýetiň öz hereketini şol ýerlerde togtadandyklaryna müňde-bir şükürler etdiler. “Öwhüldeşip” dem aldylar. Ýüreklerine sowuk suw urdular. Köşeşdiler. Ynjaldylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |