06:50 Saña | |
SAÑA
Goşgular
Senem üýtgäpsiñ-le täzeden bäri, Meni ýalñyz goýup gidiberýäñ-ä. Sag otur ýok, çag otur ýok, hoş diýmän, Gep-gürrüñsiz, birden gaýdyberýäñ-ä. Sen hem üýtgäpsiñ-le täzeden bäri, Ýagyşlarda ezilenim gaýgyñ däl. Çala çalyp darykmagyn pyçagy, Dabanymdan ýüzülenim gaýgym däl. Bilip durkañ bu dertleriñ agramyn, Ýene çensiz ýük ýykýarsyñ omzuma. Öz sözüñe gaýta-gaýta dogry diýp, Sen düşünmän, çüý kakýarsyñ mañzyma. Entejik ýalñyşa gyzypdy eýýäm, Depämden ýygnaýañ asmany tutuş. Onsoñ nirä uçsun serçe ýüregim, Bir ýelek çäräm ýok, gel, özüñ ýetiş. Hajymyrat AK. | |
|
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |