09:14 Saña köp şükür / goşgular | |
SAÑA KÖP ŞÜKÜR
Goşgular
Türk şahyry Aşyk Ýaşar Reýhany Erzurumyñ Hasangala etrabynyñ Alwar obasynda 1932-nji ýylda doglan. Kakasynyñ ady Muhitdin ogly Rejep, ejesiniñ ady Maýyl aga, gyzy Ýyldyz. Orta bilimli. Maşgalaly. Dört gyzy, üç ogly bar. Öz halk döredijiligi bilen ýaşaýan Reýhany häzir Erzurumda ýaşaýar. (A.Ý.Reýhany 2006-njy ýylyñ 10-njy dekabrynda Bursada aradan çykdy. -t.b.). Reýhany Aşyk Hijaranynyñ, Dursun Jöwlanynyñ yşky däplerini dowam etdirip, il içinde we ondan daşarda birnäçe şygyr aýdyşmalaryna goşulyp, dürli ýaryşlarda ilkinji orunlary eýeläpdir. Onuñ "Alwarly Reýhany" we "Täsin baglar" atly kitaplary özi tarapyndan neşir edilip, goşgulary "Soluk", "Türk folklory-araştyrmalary", "Konewi", "Pinar" ýaly žurnallarda we dürli-dürli gazetlerde çap edildi. Reýhany birnäçe liriki eserleri we yşky hekaýalary bilen meşhurdyr. Ol "Gündogar halk ozanlary Medeniýet merkeziniñ" hem başlygydyr. ■ Saña köp şükür Bir zamanlar men ýok erdim, Bar etdiñ, Saña köp şükür. Jansyz toprakda häk erdim, Ter etdiñ, Saña köp şükür. Adam bile çöle atdyñ, How ene bile bir etdiñ, Bir zaman jübüt ýaratdyñ, Nar etdiñ, Saña köp şükür. Diñlediñ zary-ahymy, Dep kyldyñ nala-wahymy, Geçip näçe günähimi, Ýalkadyñ, Saña köp şükür. Sena ýetirdiñ dilime, Kuwwat getirduñ bilime, Ygtyýar berdiñ elime, Bagtyýar etdiñ, köp şükür. Dört möwsümi berdiñ maña, Ryzgyñ üçin tagzym saña, Ruh iberdiñ Reýhana, Döretdiñ, Saña köp şükür. ■ Gözledim Ömrüm geçdi syr beräýjek, Bir dogry ynsan gözledim. Kalba akyl ýetiräýjek, Bir dogry ynsan gözledim. Huzurynda durjakdym men, Işiginden girjekdim men, Bar malymy berjekdim men, Bir dogry ynsan gözledim. Onuñ gülleri solmasyn, Gündizi gije bolmasyn, Ömür boýy hiç ölmesin Bir dogry ynsan gözledim. "Köwser suwun içsin" diýp, "Gylsyratdan geçsin" diýp, "Her gün göge uçsun" diýp, Bir dogry ynsan gözledim. Reýhany diýr, ýok ýalanym, Gurban bolsun janym, malym, Her gün, her sagat nalanym, Bir dogry ynsan gözledim. ■ Maña diýýärler "Sen eýle-beýle" diýýärler, Ne eýle, ne beýle men. Maña "Çyn söýle" diýýärler, Ýalany neçüýn söýlär men?! Gynanýan ýigitler ölse, Gerçekler topraga dolsa, Kim meni nähili bilse, Hut şonuñ üçin şeýle men. Dünýä maña güzer boldy, Şemal ösdi, tozar boldy, Melhem goýdum, azar boldy, Indi bu derde neýleý men? Reýhany men, ne eýlesem, Haýsy menzili saýlasam, Menem ynsan, ne söýlesem, Ýa eýle men, ýa beýle men. ■ "Manylar" kitabyndan (Türk halk döredijiligi) Guş atdym, diri çykmaz, Gany gurapdyr, akmaz. Ýaşlykdan bir ýar söýdüm, Indi ýüzüme bakmaz. * * * Nämäm bar jandan artyk, Din-imanymdan artyk. Sensiñ meniñ söýenim, Kimim bar senden artyk. * * * Seret Aýa, ýyldyza, Aklymy alan gyza, Gyz, Haky söýýän bolsañ, Başyñy galdyr bize. * * * Suw ýaly akma, ýarym, Ýatlara bakma, ýarym, Bütin il meni ýakýar, Sen weli ýakma, ýarym. Türkçeden terjime eden: Aman NURALYÝEW. 16.11.2002 ý, "Edebiýat we sungat" gazeti. | |
|
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |