20:17 Şandor Petýofiniñ terjimehalyndan | |
ŞANDOR PETÝOFINIŇ TERJIMEHALYNDAN we DÖREDIJILIGINDEN PARÇALAR
Teatr we kino sungaty
Petýofi Şandor 01.01.1823-nji ýylda Kişkýorýoş şäherinde dogulýar we 31.07.1849-nji ýylda Şegeşwarada aradan çykýar. Ol wenger şahyry-rewolýuseneri we dramaturgy. Ş.Petýofi häzirki zaman edebiýatynyň we rewolýusion-demokratik estetikasynyň düýbüni tutujy. Onuň döredijiligi wenger teatrynyň ösmegine öz uly täsirini ýetiripdir. Ş.Petýofi 1839-1840-njy ýyllarda sergezdançylykdaky (obalara aýlanyp ýören) aktýor truppalaryna goşulyp, spektakllarda iň esasy keşpleri döredipdir. Ol hat-da U.Şekspiriň "Korol Lirinde” Şutyň (masgarabazyň) keşbinem döredipdir. Sahna aktýorçylygyny goýandan soň, 1844-nji ýyldan başlap edebi döredijiligine baş goşýar. Onuň ilkinji drama eseri "Marsi-Zýold” (1845) olupdyr. Şol eseriň esasy manysy ezilýän halklaryň arkasyny tutýan galtamanyň keşbini beýgeltmekden ybarat bolupdyr. Ol eser sahna çykarylmakdan gadagan edilýär. Ş.Petýofi häkimýetleriň bu etmelerine garşylyk hökmünde öz golýazmasyny ýakypdyr. Ol 1845-nji ýyllaryň aýagynda taryhy dramasy bolan "Gaplaň we syrtlan” pýesasyny ýazypdyr. Bu eseriň esasy korollygyň kürsüsini söýýän knýaz Boriç bilen kör "kepderi” atlandyrylýan korol Bely II arasyndaky gapma-garşylygy açmak bilen, halkyň taryhynda şahsyýetiň roluny görkezmekden ybarat bolupdyr. Drama Arzuwçyllyk edähetleriniň (usullarynyň) iň ýokary derejesinde bolup, klassisizmiň ähli kada-kanunlaryny, şertleýinliklerini bozup, teatrlaryň arzuwçyllygyň subýektiwiziminden (Subýektiwizm - bu ýerde teatrlaryň öz garaýyşlarynyň, öz nukdaýnazarlarynyň bolmalydygyny görkezýär) ugur almalydygyny görkezipdir. Ol şeýle ýagdaýy keşplerdäki gapma-garşylyklaryň we häsiýetleriň üsti bilen döredipdir. Ş.Petýofiniň Peşt şäherindäki "Milli teatra” ýazan birnäçe synlarynda (resenziýalarynda) teatr hakynda, estetika hakynda, aktýorçylyk sungaty hakynda, ýurdy çuňňur demokratiýalaşdyrmak hakynda, rewolýosiýa we raýatlyk barada ýazmak bilen şu bellänlerini durmuşa geçirmekde teatryň uly güýçdigini gaýta-gaýta ýaňzydypdyr. Ol Wengeriýada "halk pýesalary” atlandyrylýan žanra garşy bolupdyr. Sebäbi şol žanrda halk durmuşyny suratlandyrmakda ýoýulmalara, dramaturgiýadaky şertleýinlikleriň, häsiýetleriň bozulmagyna alyp barýandygyny belläpdir. Ol öz häsiýeti boýunça arzuwçyllyga golaý bolmak bilen keşpdäki gapma-garşylyklary, häsiýetleri döretmekde antitez (antitez - edebiýatda, sungatda biri-birine ters, garşy bolýan düşünjeleri, keşpleri deňeşdirmekden ybarat bolan stilistik ugur) we kontrastlardan (kontrast - gapma-garşylyk, ýagtylygyň, reňkleriň gapma-garşylyklary) ugur alypdyr. Ş.Petýofi 1848-nji ýyllaryň başyndan aşary ýurt edebiýatlaryny wenger diline geçirmekligiň ilkinji başyny başlaýjylaryň biri bolupdyr. Ol U.Şekspiriň saýlanan eserlerinden "Koriolanany” wenger diline geçirip "Romeo we Džullettony” geçirip ýörkä 1848-nji ýylyň wenger rewolýusiýasynyň soňky söweşleriniň birinde ýaradan ölýär. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |