19:13 Sapargeldi Hudaýberdiýew | |
SAPARGELDI HUDAÝBERDIÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Şahyr Sapargeldi Hudaýberdiýew 1943-nji ýylda Ýolöten etrabynyň Momataý obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň çagalygy urşuň agyr ýyllaryny gabat gelýär. Ol barada şahyryň goşgularynda ynandyryjy suratlandyrylýar. Sapargeldi orta bilimi obalarynda alýar. Soň goşun gullugynda öz borjuny ödäp, gulluk edip gelýär. Onuň yzysüre-de okuwyny dowam etdirip Mary şäherindäki peduçilişe okuwa girýär, ony tapawutlanan diplom bilen tamamlap öz dogduk obasynda mugallymçylyk edip başlaýar. Ol şol ýyllarda-da döredijilik edip ençeme goşgudyr poemalary döredýär, etrabyň şol wagtky “Täze durmuş” gazetinde, şeýle hem welaýatyň “Lenin baýdagy”, häzirki “Maru-şahu-jahan” gazetinde yzygiderli çykyş edýär. Şahyr şol bir wagtda-da öz bilimini artdyrmak üçin Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, ony üstünlikli tamamlaýar, dil-edebiýat ugrundan ýokary bilim alýar. Bu bolsa onuň döredijiligine uly täsir edýär. Onuň goşgularynda many-mazmun taýdan gowulyga tarap öňe gidişlikler has-da gözüňe ilip başlaýar. Şahyryň döredijilikörüsi giňäp, onuň çeper ýazylan goşgudyr poemalary ýurdumyzyň merkezi neşirlerinde-deçap edilip başlanýar. Bu bolsa onuň okyjylar köpçüligine ýakyndan tanalmagyna göz görtele täsir edýär. Döredijilik bilen terbiýeçilik işini utgaşdyryp, sazlaşdyryp alyp barýan şahyryň barha ümzügi öňe bolýar. Ol öz söýgüli mugallymçylyk käriniň ussady – Türkmenistanyň Halk magaryfynyň otliçnigi diýen hormatly adyň eýesi bolýar. Şeýle hem 1975-1977-nji ýyllar arasynda mekdep direktory wezipesinde, usulçy pedagog bolup ýaş nesle bilim we terbiýelemek işi bilen birlikde oba adamlarynyň arasynda-da yzgiderli wagyz işlerini alyp barýar, köpçülikde uly sylag-hormatdan peýdalanýar, ýaşlara ýagşy öwüt-ündewler edýär. Oba ýaşulysy hökmünde il-günüň agzybirligi, gowy durmuşyň häziri barada, beýik Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Bagtyýarlyk barada, onuň halkymyza eçilen miweleri barada düşündiriş işlerini alyp barýar. Şeýle bolansoň oňa oba adamlary guwanç bilen hormat goýýarlar. Olam öz gezeginde ilhalar goşgulary bilen öz okyjylarynyň göwnüni awlamagy başarýar. Ýaşuly şahyr şeýdip ýüreklerde-ýürege barýar. Şahyr häzirem özüniň ajaýyp ýazylan eserlerinde il-günümiziň eşretli zamandaky gowy durmuşyny irmän-arman wasp edýär. Onuň ýürek nagmalary “Asuda Murgabyň” gujagynda möwç ulup tolkun atýar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |