21:14 Satlyk düýeguşlar / hekaýa | |
SATLYK DÜÝEGUŞLAR
Hekaýalar
Eger guşlaryň bahasy barada gürrüň etmeli bolsa, onda men üç ýüz funt sterlinge satylan düýeguşy gördüm. Ynanýaňyzmy, üç ýüz funt — diýip, dünýäniň dört künjüni torç eden gäp ussasy ýaşlyk ýyllaryny ýatlap, äýneginden üstaşyr maňa seretdi. — Dört ýüz funt sterlinge soralanda-da berilmedigini gördüm — diýip, men onuň özündenem beter bolup jogap berdim. — Ýöne ol guşlaryň üýtgeşik ýeri ýokdy, adaty düýeguşlardy. Gaýta ýarym aç saklanansoň, biraz ýelekleriniň düşen ýerleri bardy. Bahasy beýle gala bolar ýaly, şol wagt düýeguşlara bolan isleg o diýen uly däldi. Men-ä bäş sany düýeguşuň Gündogar-Hind kompaniýasyna — ýüzüp barýan gämimiz şoňa degişlidi — şonça baha düşendir öýdemok. Ýok, gürrüň başga zatda — ol düýeguşlaryň biri göwher daşyny ýuwudan eken. Ejir çeken ýöne-möne adam däldi, jenap Mohini öz ýurdunyň şasydy. Ol gowy geýinmegi diýseň halardy. Ony boýdan-başa synlap, dogrusy, çigninden aýagyna çenli synlap: «Pikkadillileň kaşaň geýinýän jalaýlary bol-a» diýersiňiz, sebäbi onuň äpet sellesiniň içinde gelşiksiz gara kellesi somalyp durdy. Sellede bolsa göwher daşy bardy. Ýaňky al kakmyşyň guşy patyşa duýman durka selledäki daşy ýuwudyp goýberipdir hemem gopgun turup ugranyndan rejäň geň däldigini aňyp, özüni tanatmajak bolýan ýaly, beýleki düýeguşlaryň arasyna goşulyp duruberipdir. Waka göz-açyp ýumasy salymyň içinde bolupdyr. Ony eşidenimden ylgap, hemmelerden öň hadysanyň bolan ýerine bardym. Görsem, ýaňky betbagt ellerini asmana uzadyp, hudaýa nalyş edip dur, iki sany deňizçi bilen düýeguşlary alyp barýan ýigit bolsa, gülüp kese ýykylyşyp ýatyrlar. Gülmez ýalam däl, gymmat bahaly daşyň şunuň ýaly täsin ýagdaýda ýitişini öňde-soňda eşidemokdym. Düýeguşlary alyp barýan bende-de waka bolan wagty ýok eken-de, guşlaryň haýsynyň göwher daşyny ýuwudanyny bilmeýän eken. Şonuň üçinem ol daş dereksiz ýitdi. Dogrymy aýtsam, muňa gatybir gynanyp durmadym. Sebäbi ol gämä münenden jalaýlyk edip, görene göwher daşyny güjeňläp ugrady. Bu habar dessine gäminiň ähli ýerine ýaýrady. Adamlara-da etmäge gybat tapylsa bolýar, gäminiň niresine barsaň, uly-kiçi bir-biriniň sözüni bölüp, bolan ýagdaýy birek-birege gürrüň berýärler. Biçäre patyşa aglaýjak-aglaýjak bolup, aşak — öz kaýutasyna düşdi. Günorta naharynyň başynda otyrdyk (patyşa mydama iki sany hindi bilen aýratyn stolda oturardy), gäminiň kapitany bolup geçen ýagdaýyň üstünde sähelçe durup geçdi, muňa bolsa patyşanyň diýseň gahary geldi. Ol yzyna öwrüldi-de, edil gulagymyň agzynda gygyryp ugrady: «Men bu näletsiňen düýeguşlary satyn alman! Göwher daşymy şeýlede yzyna alaryn. Sebäbi men britaniýanyň raýaty, öz hukugymy gowy bilýän. Eşidýäňizmi, soň aýtmady diýmäň, eger göwher daşy tapylmasa, kazyýete arz ederin». Düýeguşlary alyp barýan oglan şeýlebir gepe düşmezdi welin, adamyň ýagdaýyna düşünmek, eglişik etmek diýen zat onuň pikirinde-de ýokdy. Ol düýeguşlary lukmana görkezmäge kes-kelläm garşy boldy, sebäbi oňa guşlara nähili esewan bolmalydygy tabşyrylypdyr hemem ýerine ýetirilmese işden pyzyljakdygy duýdurylypdyr. Patyşa aýak diräp, guşlaryň içini ýuwmagy talap etdi, ýöne özüňiz bilýäňiz, beýle zat mümkin däl ahyry. Onsoň ol döwletiň döreden hukukdyr kanunlaryna salgylanyp, düýeguşlary tussag etdirjek boldy. Ýöne haýsydyr bir ýaşulynyň aýtmagyna görä — onuň ogly Londonyň bir ýerlerinde aklawçy bolup işleýärmiş — guşuň ýuwudan zady nähilidir bir ýol bilen onuň aýrylmaz bölegine öwrülýärmiş. Şonuň üçinem patyşa bir zat — guşuň eýesinden ýitgiň öwezini talap etmeklik galýar. Ýöne guş eýesi ejir çekeni seresapsyzlykda aýyplap, töleg tölemekden boýun gaçyryp bilýär, sebäbi özüne degişli bolmadyk guşlaryň ýanynda onuň nä köri bar? Şondan soň, ýagny töwerekdäkileriň getiren ýerlikli delillerinden soň, patyşa halys ruhdan düşdi. Gämide hukukçy tapylmansoň, her kim bolan waka öz düşünişine görä baha berdi. Ahyrsoňy patyşa netijä gelendir-dä, Adenden geçenimizden soň, ol ýuwaşlyk bilen düýeguşlara esewan bolýan oglana olaryň bäşisinem bir bahadan satmaklygy teklip etdi. Ertesi stoluň başynda ertirlik edinip otyrkak başagaýlyk bary turdy. Düýeguşlara seredýän oglanyň guş söwdasyny etmäge hiç hili hukugynyň bolmajakdygy, elbetde, düşnükli zat, şonuň üçinem hiç bir güýç oňa bu aýgytly işi etmäge mejbur edip biljek däldi. Ýöne ol gämide barýan Potter atly bir jenabyň özüne şeýle teklip bilen ýüz tutandygyny patyşa ýaňzytdy. Bu ýagdaýy eşiden patyşa Pottere gargap ugrady. Emma adamlar: «Potter etjek işini bilýän ýeser kişi eken» diýişdiler. Haçan-da, ady agzalan jenap orta çykyp, düýeguşlary satmaklygy sorap Adenden Londona, guşlaryň eýesine habar gönderendigini, Suesde-de jogaba garaşýandygyny aýdanynda, dogrymy aýtsam, şeýle ýönekeý pikiriň kelläme gelmändigine, aňymyň kütekligi sebäpli amatly pursady elden giderendigime gahar edip, baý, özümi ýepbekländirin-ä. Suesde Potter düýeguşlaryň hojaýyny boldy, onsoň patyşa aglap ugrady. Hawa, hakyt gözünden boýur-boýur ýaş döküp aglaýardy. Onsoň ol Pottere düýeguşlar üçin iki ýüz elli funt, ýagny Potteriň guşlar üçin tölän pulundanam iki ýüz funt artyk teklip etdi. Emma Potter özüni dardan assalaram, guşlarynyň ýekeje ýeleginem satmajakdygyny, olary ýeke-ýekeden soýup göwher daşyna eýe boljakdygyny aýtdy. Biraz wagtdan soň bolsa gowuja ölçerip-dökendir-dä, eglişige geldi. Ol diýseň göçgünli humarbazdy hemem mekir adamdy. Şonuň üçinem içi «garaşylmadyk sowgatly» guşlary satmaklyk onuň hoşuna gelen bolmaly. Gepiň gysgasy, ol guşlary ýeke-ýekeden, kim ýokary edip satmaklygy ýüregine düwdi hemem her guşa başlangyç baha hökmünde segsen funt nyrh kesdi. «Bilip bolmaz, birden bagtym çüwmegi mümkin» diýip, ol özüne-de birini alyp galýandygyny aýtdy. Göwher daşynyň hakykatdanam arzan zat däldigini size aýdyp goýaýyn. Aramyzda gymmatbaha daşlaryň söwdasyny edýän müçenek ýalyjak, kelte boýly bir jöhit bardy. Ol patyşanyň sellesindäki göwher daşy görenden oňa üç-dört müň funt baha kesipdi. Şonuň üçinem düýeguş söwdasy ähli kişiň ünsüni özüne çekdi. Mundan başga-da, öňki düýeguşlara seredýän oglan gürrüň arasynda guşlaryň biriniň birden özüni ýaramaz duýup ugrandygyny, aşgazanynda bir näsazlygyň bardygyny aýdypdyr. Ol guşuň beýlekilerden tapawutlylykda guýrugynda ak ýelegi bar eken. Ertesi gün söwda başlanda, ilkinji bolup satlyga şol alamatly guşy çykardylar. Men dessine patyşanyň berjek segsen funtunyň üstüne bäş funt goşýandygymy aýtdym. Biraz ganygyzgynlyk edip, nyrhy galdyrmaga howlugaýdym öýdýän, sebäbi beýlekiler meniň bu hereketimden bir syryň bardygyny aňdylar. Patyşa akylyndan azaşana döndi, ol düýeguşy sypdyrmajak bolup, şo-ol bahany galdyrdy durdy. Söwda jöhidiň ony bir ýüz ýetmiş bäş funta almagy bilen soňlandy. Patyşa: «Ýüz segsen funt» diýip gygyrdy, emma «Ýetişmediň, çekiç eýýäm uruldy» diýip, Potter jogap gaýtardy. Gepiň gysgasy, düýeguş söwdagäriňki boldy, olam uzak pikirlenip durman, eline ýarag aldy-da, guşy atyp goýberdi. Muny gören Potter: «Sen beýleki guşlary satdyrmajak bolýaň» diýip, bokurdagyny ýyrtara getirip, onuň üstüne gygyrmaga durdy, patyşa bolsa däliräne döndi. Dogrusy, hemmämiziň ganymyz depämize urdy. Boýnuma alýan, haçan-da guşuň içgoşy dökülip, içinden hiç hili gymmat bahaly daş çykmady welin, begenjimiň çägi bolmady. Sebäbi guşuň bahasy galdyrylanda bir ýüz kyrk funta çenli gidişipdim. Kelte jöhit hakyky jöhitler ýaly özüniňkiň paşmandygyna gatybir gynanyp durmady. Emma Potter özüniň şerti bilen ylalaşylmasa, söwdany dowam etmekden ýüz dönderjekdigini aýtdy. Şert bolsa şundan ybaratdy, söwda doly gutaransoň guşlar alyjynyň eline berilmelidi. Emma gymmatbaha daşlaryň söwdasyny edýän adam onuň bilen ylalaşman jedel edip ugrady. Ol bu ýagdaýyň beýleki ýagdaýlardan üýtgeşikdigini subut etjek boldy. Onsoň adamlar iki tarap boldy, şonuň üçinem söwda ertire geçirildi. Ol gün agşam gaty gyzgalaňly geçdi. Ýöne ahyrynda Potter öz diýenini gögertdi. Şeýtmese onuň söwdasynyň doly oňmajakdygyna barymyz gowy düşünýärdik. Dogrymy aýtsam, onuň ugurtapyjylygy üçin biz oňa minnetdardyk. Ogly aklawçy ýaşuly bu iş barada ilik-düwme pikir edendigini, guşy alyp, içinden göwher daşy alan adamyň ony eýesine bermezlige hukugynyň bardygyna gaty şübhelenýändigini aýtdy. Ýadyma düşýär, şonda men: «Gymmat bahaly daşy bikanun hususylaşdyrmakdan zyndanyň ysy gelýär» diýipdim, muny diýmäge esasam bardy. Jedel gaty gyzgalaňly gitdi, ahyrsoňy «Gäminiň üstünde guşlary öldürmeklik samsyklyk» diýen karara gelindi. Ine, şu ýerde-de ogly aklawçy ýaşuly ýene bulaşdyryp ugrady, ol: «Kim ýokary söwdasynyň humarly oýunlara degişlidigini, onuň bolsa kanun tarapyndan ýazgarylýandygyny» aýdyp, kapitanyň ýanyna arz etmäge gitdi. Ýöne Potter düýeguşlary adaty guş hökmünde satýandygyny, göwher daşy barada bilýän zadynyň ýokdugyny, onsoňam zorluk bilen hiç kimi bu işe gyzykdyrmaýandygyny, tersine, satlyga çykarylan üç guşda hiç hili göwher daşynyň ýokdugyna ynanýandygyny mälim etdi. Onuň pikiriçe, göwher daş özündäki düýeguşda bolmaly, şonuň üçinem ol: «Her nähili ýagdaý bolanda-da, munuň şeýledigine ynanýan» diýdi. Ertesi gün düýeguşlaryň nyrhy diýseň ýokary galdy. Ähtimal, bahanyň galmagyna daşyň tapylmagynyň bäşden bir esse azalandygydyr. Näletsiňen guşlar ortaça baha boýunça iki ýüz ýigrimi ýedi funtdan satyldy. Geň ýeri bolsa, olaryň birem, eşidýäňizmi, ýekejesem patyşa ýetmedi. Ol bahany galdyrmagyň ýerine: «Guşlary tussag etdirjek» diýip gygyrdy durdy. Üstesine-de, Potter oňa dürli ýollar bilen maksadyna ýetmäge päsgel berdi. Düýeguşlaryň biri ümsüm, dymma emeldara, beýlekisi kelte, söwdagär jöhide satyldy, üçünjisini bolsa gäminiň ussalary goşulyşyp aldylar. Näme üçindir, şondan soň Potter: «Men näme üçin düýeguşlary satyp, müň funt puly ýele sowurdym? Görersiňiz, meniň düýeguşum boş çykar, onsoň barmagymy burnuma sokup galaryn» diýip, zeýrenip ugrady. Ýöne men baryp ondan özünde galan guşy satmagy soranymda, onuň eýýäm Hindistanda dynç alyşda bolup, jemgyýetiň ahlak ýagdaýyny öwrenip gelýän syýasy işgäre satylandygy mälim boldy. Soňky düýeguş üç ýüz funta geçipdir. Kanunçy ýaşulynyň gümrük kanunlarynyň bozulýandygyny aýdýandygyna garamazdan, Brindizde ol al kakmyş guşlaryň üçüsinem gämiden düşürdiler. Olaryň yzy bilen Potter, ondan soňam patyşa çykdy. Öz hazynasynyň dürli ugra äkidilip barýandygyny gören indus tas däliräpdi. Şondan soň turdy bir başagaýlyk. Ol düýeguşlary tussag etdirjekdigini öwran-öwran gaýtalap, göwher daşyny nirä ibermelidigini bilerler ýaly, öz salgysy ýazylan resminamasyny guşlary alanlara somlamaga durdy. Ýöne hiç kim onuň kimdiginem, nirede ýaşaýandygynam bilmek islemedi, üstesine, tapan zadyny bermek barada pikirem etmedi. Soňra bolsa her kim öz ýoluna gitdi. Men aňyrlygyna, Sautgemptona ýüzüp gitdim. Barmaly ýerime baryp kenarda düşenimde, men iň soňky düýeguşy — gäminiň ussalarynyň alan düýeguşuny gördüm. Ol uzyn injik, aňsyz janawar paýapylyň gapdalynda, kapasanyň içinde durdy. Men: «Gymmatbaha daş üçin şundan bolgusyz kapasany saýlamak mümkin däl» diýip pikir etdim. Bu wakanyň soňy näme bilen gutarandyr öýdýäňiz? Şonuň bilenem tamamlandy. Ýöne welin... hawa, bu zatlar şeýle bolan bolmaly. Bilýäňizmi näme, bir ýagdaý maňa bu wakanyň käbir syrlaryny äşgär etdi. Bir hepdeden yzyma dolanmakçy bolanymda, men Rijent-stritden ony-muny alyp ýördüm. Aýtsaňyzlaň, men o taýda kime duşandyr öýdýäňiz? Patyşa bilen Pottere. Olaryň keýpleri çagdy, gol tutuşan bolup, aýlanyşyp ýördüler. Eger bu ýagdaý barada azajyk pikirlenseň… Hawa, şeýle pikir meniňem kelläme geldi. Ýöne göwher daş hakykatdanam göwher daşdy, bärde şübhelenere zat ýok. Patyşa-da, gürrüňsiz, hakyky patyşady. Men birnäçe gezek onuň adyny gazetde okapdym. Ýöne düýeguş hakykatdanam göwher daşyny ýuwudypmy ýa ýok — ine, bu düýbünden aýry sorag. Herbert WELLS, iňlis ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden Maksat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |