21:02 Şerebeli setirler | |
ŞEREBELI SETIRLER
Goşgular
• Parahora! Her kim senden hemaýata hantama, Her kim senden dürli kömek sorap dur, Wah-wah, endik gursun, açgöz gözleriñ, Ýüzlere däl, ellerine garap dur. * * * • Dagy nätsinler Goñşyñ dükanynyñ alyjysy ýok, Onsoñ öz-özleri dükana gelýär, Aýal-a satyja gymmata satjak, Adamsam alyjy; arzan dileýär. • Şöhratparaza Oda-köze düşüp çapýañ şöhrata, Bu ýaramaz derde ýolukduñ nirden? Çyranyñ yşgyna çarp urup köýýän Perwanañ ykbalyn alaýma birden. * * * Bilmese-de halk kim, hökümet näme, añy ýetýär ýeser göçüm etmäge. Yzgydy ýok golasy bar golunda, Doglupdyr ol diñe höküm etmäge. * * * Asgynmyñ ㅡ haýbatly sesdir, görgüli, Üstünmiñ ㅡ haýwandyr sessiz, görgüli. Göräýmäge, dag ýaly dik bolsa-da, ''Atdan beýik, itden pesdir'' görgüli * * * Bakman ýaşa, garra, aýalla, dula, Iñ mukadde zadyñ satýarsyñ pula, Irde-giçde tozjak bolsa türkmenim Diñe sen tozdyrsyñ, tozdyrsyñ tula. * * * Bolsa-da zehiniñ kemli hem kertik, Kitabyñ çykartdyñ pulluja ýortup. Seret, nasa dolap satýarlar ony, Hanha ak bazarda aldygna ýyrtyp. * * * Ol zyba zenanda pulam kän, goş kän, Daşdan göräýmäge, şeýle bir hoşpäl, Has pulluja ýaryñ ýesiri özem. Başy boş bolsa-da kellesi boş däl. * * * Biri çörek, biri çakyr satyp ýör, Biri gus-guruja akyl satyp ýör, Kemsiz münüp kellelini kellesiz, Eşegaraba deý şakyrdadyp ýör. * * * Halal zada haram zady gatyp ýör, Narpyzyny maşynlyja satyp ýör, Iliñ aýallarna suwjardyp agzyn, Öz aýaly bilen aýry ýatyp ýör. | |
|
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Moda hakda modasyz goşgy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Goşgularym / Goşgular - 10.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |