08:08 Iner / goşgular | |
■ INER
Goşgular
(Kerim Gurbannepesowa) Iner çekýär, çekýär inerlik ýükün Inerlere berlen inerlik gerden. Umydym bar, alýan galamam ýok däl, Bolup bilsedim men iner dek merdem. Iner çekýär, çekýär inerlik ýükün, Çekmese oňanok, çökmese oňýar. Öňe barýan inerleriň yzyndan, Inerleň yzynda çökmejek bolýan. Iner çekýär, orta ýolda çökenok, Nesillere inerligi sargaýar. Inerleri ýol garradyp bilenok, Iner basan ýol-ýodalar garraýar. ■ KÖRPE ÇYNAR (Gurbannazar Ezizowa) Ol goja çynar däl, körpedi, körpe, Özgelere meňzemeýän çynardy. Sergindi saýasy, düýpdendi hörpem, Jöwzalara, aýaza-da çydardy. Düwläp, düňderlipler geldi däli sil, Çynaryň başyna elin ýetirdi. Haýhatly habardan hasrat çekdi il, Ahmyryň-armanyň boýun ýetirdi. Gamdan, gussalardan gowrulyp giden güýzem şatlyk-şowhun gözläp bilmedi. Çynaryň boýlarna ünsli sereden, Deň-duşlar gözýaşyn gizläp bilmedi. ■ YHLAS Sokur gözlerimden ýaş çykar öýdüp, Aglanymda yhlas bilen agladym. Gülemde-de yhlas boldy ýoldaşym, Ähli yhlasymy saňa bagladym. Sokur gözlerimden ýaş çykman geçdi, Saňa yhlas baglanlygma agladym. Ýene ýürek bilen yhlas etdim men Şeýdip, öz göwnümi özüm awladym. Meniň yhlasymy özüne çeken Gara gözleň jadysyna maýyldym. Baglar göge dyzar, a men görgüli Saňa çenli ösüp bilsem kaýyldym. Yhlasym ýetirdi bir ýylgyrşyňa, Öz ýanymdan özüm joşdum, toý berdim. Kemrysgal galmadyň bu toýdan senem Yhlasyma yhlas gatdyň goýberdiň. ■ GALMADY (Bir ýigidiň dilinden) Duýgyň damja dönüp damdy dünýäme, Dünýämiň joşgunnyň çeni galmady. Söýgiň ganat boldy gamly dünýäme, Dünýämiň daşgynnyň deňi galmady. Ýeriň ýüzlerinden gabandyň meni, Gögüň gözlerinden gabandyň meni, Diri aýralygmyz abandy weli, Söýgiň süýji sazy, heňi galmady. Taňra tabyndyrys jan barka tende, Biz Taňryň öňünde bergili bende, Ykbalyň birinde, yhlasyň mende, Täleýiň tersligniň kemi galmady. Biribarym bendesine deň bolmaz, Ýagşy-ýaman hemmesine deň bolmaz, Ters täleýe Hakdan özge em bolmaz, Adam ellerniň-ä emi galmady. ■ SÖÝDÜRDIM-DE MEN SAÑA... Boldum algyr gurt ogly, Söýdürdim-de men saňa. Çözdüm bagtyň bujagny, Söýdürdim-de men saňa. Sen — eziz hem merdemsi, Hem eziz sen, hem deňli, Diýdirdim men «Men — seňki» Söýdürdim-de men saňa. Betbagtlygma tor gurdum, Düýp-teýkaryn tozdurdym, Bagtymdanam ozdurdym, Söýdürdim-de men saňa. Zyňdym ýalňyzlyk müýnün, Gömdüm gamgynlyk lüýgün, Gördüm söýginiň düýbün, Söýdürdim-de men saňa. ■ SAÑA Goşga laýyk gözeller kän jahanda, Goşga laýyk ýigdem azlyk edenok. Gözler dünýesiniň ýesirem bolsam, Seň gözleriň göz öňümden gidenok. Gara gözleň gözlerimde saklandy, Uzaklara äkiderin gözlerňi. Ýüregňi götärin ýüregimde men, Dillerimde sena eýläp sözlerňi. Ol haýbatly gözellikler ýok sende, Gödeklikden nyşanam ýok büs-bütin. Ýa mähriňe maýyl bolup ýörmükäm? Göwnüm gitdimikä ýaşlygyň üçin?! Ýüzümdäki ýodalara bakýaň sen, Olar ýaşlyk azabyndan dynan ýol. Wagta erk edýän ýok, seni hem bir gün, Şeýle ýola saljagyna gynanýan. Geňdir saçlarymyň agaryp barşy, Olar dünýäň aklygyndan nyşana. Häzir gara saçyň sypap otyrsyň, Gutarmarsyň soňra aklarny sanap. Gamlansyn, şatlansyn gara gözleriň, Parhly dünýäme bir parhsyz bakmasyn. Owalda-ahyrda dilejek zadym: «Seni ýaman gözden, dilden saklasyn». ■ WATAN Düýp-teýkarym topragyňdan alnansoň, Sende barlyk-barym jemlenen, Watan! Nesipli gün topragyňa salnamsoň, Sende kowumlarym eglener, Watan! Zer döküp almaga ýa-da bermäge Synanşyklar sygmaz sagdyn kelläge, Asyl, bir ülşüňe, ýeke zerräňe Ýetmez bar tyllalar, teňňeler, Watan! Mähir-muhabbetiň süňňüme ýaýrap, Erkime güýç berýär, durkuma gaýrat, Zerur bolsa, ganym gazaply gaýnar, Aňym, janym-tenim deňlener, Watan! Durmuşyň kesewsi ölçerip dursa, Soňky deme çenli közlener gursak, Şanyň şygrym bilen ölçelip dursa, Gymmatyň äleme deň geler, Watan! Öwezdurdy TEJENOW. | |
|
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |