23:28 Serimsal | |
SERIMSAL
Goşgular
Gujagymda arzuw kölüne çümdüň... Soň bir gün toýuňda boldum tamada. Doljak bolup durkaň başga gujaga, Saňa bagt arzuwladym ýene-de. Gideňsoňam, bu armanly söýginiň Ýasyn ýüregimde göterip ýörmän, Gujagyna girdim başga Leýliniň, Şeýledir-dä diýdim ykbaldan perman. Şeýledir-dä diýip ykbaldan perman, Ol söýgi bilenem hoşlaşdym bir gün. Bir ömürde bormy munça-da gurban?! Sebäbine şindem düşünmän ýörün. Aý, onsoňam, sebäbini seljerip Ýörmäge elimem degenok meniň. Üçünjiň gaşynda durun derjigip (Şu beri özüme bormuka gelin?!). Soňun görüp gelen barmy diýsene! Belki bu söýginem gidärin bir gün. Bir ömürde bormy munça-da söýgi?! Sebäbine şindem düşünmän ýörün... Men ýöne muňa däl, başga bir zada Ýatsam-tursam asla çatanok aklym. “Söýgi birdir” diýip ýazardym käte, Ýöne özüm olaň näçesin tapdym? Ýa-da ýene näçesini taparyn, Birinimi, üçüsinmi, bäşisin? Ýaşasyn, dünýäde söýüp birini, Şoň bilen birigen ykbal ýaşasyn! Mendemi ýa söýgüdemi bilmedim Bu bolýan işlerde günäň ulusy. Goýun görgülide günä barmy nä Elinde durmasa dogran guzusy?! “Ýazgydyň şeýledir” diýýär oglanlar, Ýüzüne tüýkürýän beýle ýazgydyň. Oýnap ýörjek bolsa şu günden şeýläk, Ýazgyt maňa birje günem ýazmasyn. ...Maňa anyk salgy beriň, nirede, Maňlaýyňda şonuň ady bar diýlen. ...Soň bir gün duluma geçrip goýanym Ellerimden gitmese-de razy men. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |