15:42 Seýis-çapyksuwar | |
SEÝIS-ÇAPYKSUWAR
Filolog alym Ahmet Mämmedowa Baş öwredilmedik hötjet atym bar, Ysnyşjak bolýanam, başa düşmeýär, Gaýta beter ýeserligin görkezip, Yzky aýaklarna galýar-kişňeýär. Eýdip-beýdip maýyn tapyp äkitdim, Ady belli atşynasyň ýanyna. Goja seýis agras synçy nazaryn Aýlady atymyň endam-janyna. Gamçylap hem käte sypap arkasyn, Diýdi: Öz-ä, azalmaly şatysy. Haýran etdi atşynasyň at bile Ýürekdeş dost bolşy, “dilin” tapyşy. Ynha, indi şol at uly toýlarda Çapylýan at, misli tulpar, keýikdi. Sebäp ony öz wagtynda seýislän, Şol atşynas halypa-da beýikdi. Pespällik sowudyn atyp egnine, Bezzat aty yhlasyna göwnetdi. Eýerledim, jylawladym, atlandym, Atyma baş, maňa kän zat öwretdi. 2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |