18:57 Şeýtan hem özümiz ýaly birimişin! | |
ŞEÝTAN HEM ÖZÜMIZ ÝALY BIRIMIŞIN!
Geň-taňsy wakalar
"Lagnaty şeýtanyñ talaşyn görüñ!" Magtymguly Pyragy. "Şeýtan erbetlikdir, ol dumana meñzeş zat däl. Ýokanç kesel ýaly ýaýraýan zat hem däl, ol hem edil adam ýaly bir zatdyr" diýen katolik buthanasynyñ ýolbaşçysy Papa Françesko şeýtan bilen gatnaşyk açmakdan gaça durmagy ündäp, sözlerine şeýle dowam etdi: "Anyk bir zady bilýärin: Şeýtan bilen dialoga girmäñ. Şeýtan bilen dialoga girseñiz, özüñizi tapmarsyñyz. Ol bizden has akyllydyr. Sizi ýom-ýok eder, başyñyzy aýlar..." Italiýanyñ katolik buthanasynyñ teleýaýlymy bolan "TV2000"-de berilen söhbetdeşlik gepleşigini alyp baryjy Don Marko Pozzanyñ "Diýmek, Siz şeýtanyñ hem biziñ ýaly özbaşyna ady we familiýasy bar diýjek bolýarsyñyz, şeýlemi?" diýen soragyna, "Hawa, muña kepil geçibem biljek!" diýip jogap berdi. Rim papasy Françesko mundan öñem birnäçe gezek şeýtandan söz açyp "Täze nesilleri şeýtanyñ mifdigine, onuñ ýöne bir pikirden ybaratdygyna ynandyrdylar. Emma şeýtan biziñ aramyzda gezip ýör we biz onuñ garşysyna göreşmelidiris" diýipdi. Iezuit ordenine uýýan Françesko şeýtan baradaky pikirlerini ynanýan sektasynyñ prinsiplerinden täsirlenip aýdýan bolarly. Şeýle-de, ylahy kitaplar hem şeýtany göze görünmeýän dünýäde ýaşaýan hakyky mahluk hökmünde sypatlandyrýar. Ol eden günäsi sebäpli gözden düşensoñ, durky-düýrmegi bilen Hudaýyñ garşysyna gidip, Hudaýyñ meýilleşdiren işlerine böwet bolmak üçin elinden näme gelse gaýgyrmaýan jandardyr. Şeýtan ilkibaşda perişdeleriñ hataryndady we hatda takwalykda olardan hem geçirip, perişdeleriñ ymamy bolma derejesine çenli beýgelipdi. Emma ol ýeten derejesine şükür etmegiñ deregine Hudaýa garşy basdaşlyk edesi gelip başlady we tekepbirligi sebäpli towkynälet bolup, Hudaýyñ ebedilik gargyşyna duçar boldy. Hatda onuñ göwni başga barlyklaryñ özüne sejde etmeklerini isläp başlady. Hudaýyñ gargyşyna galmanka, şeýtan birmahallar ruhy älemde göwün isledigiçe seýran edip bilýärdi we iñ takwa, iñ yhlasly perişdeler bilen birlikde Hudaýyñ huzuryna girip bilýärdi. Görmegeýligi we ýeten belent derejesi onuñ gözüni gapypdy, şeýdibem ol Hudaýyñ tagtyndan hem bir basgançak ýokarda tagt goýduryp, şol tagtda oturasy geldi. Elbetde, onuñ kalbyndaky bu gara pygyllaryñ barsy Hudaýa aýandy. Şeýtan ähli pyssy-pyjurlygyny Adam ata we How ene ýaradylanda gutarnykly dile getirýär. Ol perişdeleri Hudaýa boýun sunmazlyga çagyryp, öz pitnesine şärik etjek bolup jan edýär. Şeýtanyñ men-menligi, tekepbirligi, göripligi, içigaralygy onuñ towkynälet bolmagyna sebäp bolýar. Şonuñ üçin hem Hudaýtagala ony behiştden kowýar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||