OSMANLY KÖŞGÜNIÑ GALASY
▶ SÖGÜTLI POLKY
Häzirki wagtda döwlet ýolbaşçylary berk gorag çäreleri arkaly gorag astyna alynýar. Ýogsa-da, taryhda patyşalar, soltanlar nähili goraldyka?
Şeýh Edebalynyñ Osmanly döwletiniñ düýbüni tutujy Osman Gazy Türkmene eden nesihatlarynyñ birinde: "Beýikde oturanlar aşakdakylar ýaly howpsuz ýerde oturan däldir" diýen sözi howpsuzlyk nukdaýnazaryndan seredende, juda wajyp bir zada ünsi çekýär.
Taryhymyzda öz mynasyp ornuny eýelän birnäçe hökümdaryñ janyna kast edilmäge synanşylypdyr. Netijede olaryñ sag-gurgun galany-da, janyndan el üzmeli bolany-da bolupdyr. Seljukly soltany Alp Arslan, Osmanly soltan Myrat I ýaly hökümdarlar janyna kast edilende wepat bolupdyrlar. Taryhda başga-da birnäçe hökümdarlaryñ we döwlet işgärleriniñ janyna kast edilendigi mälimdir. Bu ýazgymyzyñ çäginde soltanyñ howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döredilen Sögütli polky hakynda söz açmak isleýäris.
Seljukly döwletinde soltanyñ goragyna jogapkär jandarlar (žandarmeriýa sözi "jandarlardan" gelip çykandyr -t.b.), Osmanly döwletinde Solaklar bölügi we Silahdarlar bolupdyr.
Soltan Abdylhamyt II hem öz köşgünde dürli naz-nygmatlaryñ we ýeñillikli şertleriñ içinde agaýana ýaýnap ýören goragçy gullugyñ özüne diñe maddy bähbitler üçin gulluk edýändiklerine gowy düşünýärdi. Şonuñ üçin Abdylhamyt II özüniñ janyny ynanan 200 adamlyk ýörite birligi döredipdi. "Sögüt alaýy", "Sögüt Maiýet bölügi", "Ärtogrul alaýy" ýaly atlar berilen bu polk Anadolynyñ Bilejik, Sögüt we Eskişehir ýaly ýerlerinde ýaşaýan, mertligi, gaýsuwsyzlygy we ahlagy bilen soltanyñ ünsüni çeken garageçili (karakeçili) türkmen taýpasyndan saýlanyp-seçilip alnan ýaşlardan düzülipdir.
Polka alynýan esgerler Osmanly döwletiniñ düýbüni tutujy Osman Gazynyñ kakasy Ärtogrul Gazy Türkmen bilen Sögüde gelen maşgalalardan bolup, talaba görä ahlakly, bäş wagt namazly, görmegeý we uzyn boýly syrdam bolmaly bolupdyr. Sakgalyñy goýberip-goýbermezlik öz islegiñe bagly bolupdyr. Ýöne sakgal goýberýänleriñ sakgalyny bejerip durmagyna üns berlipdir. At münmäge ezber bolan bu esgerler goşunda gulluk edip, ätiýaçlyga geçirilenleriniñ arasyndanam alynypdyr. Hususanam 1897-nji ýylda Osmanly-grek urşuna gatnaşanlardan saýlanypdyr. Taýpasyndan, obasyndan sogrulyp gelenler soltanyñ şahsy howpsuzlygynda gulluk etmeldigi üçin ýaşaýan ýerlerinden gatnaşygy kesilýärdi. Şonuñ üçin gulluga alynjaklaryñ öz islegleri bilen gelmelerine üns berilipdir. Gulluga alynanlar permanlara iñ soñky demlerine çenli ytagat edip, hökümdara wepalylyk bilen hyzmat etjekdiklerine Ärtogrul Gazy Türkmeniñ mazarynyñ başynda kasam içipdirler.
Soltan Abdylhamyt II bu polka diýseñ guwanypdyr, olar barada hemişe öwgüli sözler aýdypdyr, olar bilen duşuşan wagtynda "öz ildeşlerim" diýip ýüzlenipdir. Bu polkuñ komandiri Mehmet Ependi polkdan bir esgeri ýanyna alyp, soltanyñ ýatýan otagynyñ öñünde nobatçylyk edipdir. Soltanyñ huzuryna gjrmegiñ we onuñ rezidensiýasyna golaýlaşmagyñ nähili kyn bolandygy göz öñüne tutulanda bu nobatçylygyñ nähili möhüm bolandygyny çak edibermeli.
Her Anna gününde esgerler haýbatly ak atlaryñ üstünde ikibir-ikibir bolup, gök lybasly dabaraly ýagdaýda köprüden geçip gidende Zonaro atly suratkeş görenlerine haýran galýar. Ol adamlardan sorap-idäp her Annada bu ýerden geçilýändiginiñ anygyna ýetýär we her gezek köprä gelip esgerleri üns berip synlaýar, esgerleriñ lybasyndaky aýratynlyklara, atlary ýöredişlerine, göterýän ýaraglaryna üns berýär, gören zatlaryny belläp alýar. Ol çeken suratyny "Söweşjeñ Ärtogrul polkunyñ Galata köprüsinden geçişi" (Ertuğrul Süvari Alayı’nın Galata Köprüsünden Geçişi") diýip atlandyrypdyr. Suraty Soltan Abdylhamyt II halaýar we suratkeşe "Ressam-y Hazret-i Şehriýari" derejesini berýär. Bir ýyl öñräk köşk suratkeşiniñ hem aradan çykyp, orny boş duransoñ, ornuna ony belleýär.
Soltan Abdylhamydyñ ýanynda ençeme ýyllap baş kätip bolup işlän Tahsin paşa Sögütli polky barada şeýle ýazýar:
"Ýyldyz köşgünde işlän adamlaryñ her hilisine, ahlak sypatlaryna, ýagşylyk we ýamanlyklaryna şaýatlyk eden adam hökmünde şulary aýtmagy özümiñ wyždan borjum hasaplaýaryn; damarynda türk[men] nesliniñ arassa we mübärek gany at salýan garageçili bölüginden hiç bir bähbit hiç bir görnüşde hiç bir şahsy bähbide gulluk etmediler, ýa-da kimdur birileriniñ erbetligine sebäpkär bolmadylar. Olar Ýyldyz köşgüne gaýa deýin döş gerip girdiler, wagty gelende ýene-de gaýa deý bolup arassa we hiç bir hapalyga bulaşman çykdylar. Alla olardan razy bolsun".
Oguzhan MEMIŞ.
Taryhy makalalar