12:25 Sona Myradowany ýatlap | |
1914-1997
Teatr we kino sungaty
Türkmenistanyň Halk artisti, Döwlet baýraklaryny eýesi Sona Myradowa öz ömrüniň altmyş ýyldan gowragyny teatra bagyş etdi. Bu zehinli artist sahnada dürli döwürleriň zenanlarynyň keşplerini janlandyrmak bilen, ol elmydama ynandyryjy, tolgundyrjy we ýatdan çykmajak keşpleri janlandyrmagy başardy. Onuň ýerine ýetiren keşpleri liriki, gülkili we tragiki häsiýete eýe bolup, hiç kimi biparh goýmady. Ol T.Esenowanyň “Seniň söýgüň” komediýasynda Hajatyň keşbini janlandyrmak bilen, tomaşaçylary gülmäge borçly edýär, ýa-da “Aýgytly ädim” we “Zöhre-Tahyr” pýesalarynda enäniň keşbini oýnap, aglamaga borçly edýär. Sona Myradowanyň ömri giden bir teatr mekdebi, türkmen teatrynyň taryhy, onuň geçmişi we geljegi. Biz Sona Myradowa barada gürrüň bermegini sorap, aýdymçy, türkmen opera sungatyny dörediji, biziň döwrümiziň “janly rowaýaty”, Türkmenistanyň we SSSR-ň Halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewadan haýyş etdik: - Olar iki dogandylar – Suraý we Sona, ikisi hem ömürlerini sungata hyzmat etmäge bagyşladylar, ikisi hem ajaýyp artistdiler. Olar Herrikgalada doguldylar, Häzirki Ruhabat etrabynda. Kakasyz önüm-ösensoňlar olaryň kyn çagalyk döwri boldy. Olaryň ikisi hem Ene Kulyýewa adyndaky gyzlar internatynda terbiýelendiler, soňra mugallymçylyk tehnikumyny tamamladylar. Bu ýerde olar hora we dram gurnagyna işjeň gatnaşdylar hem-de ilkinji sapar teatr sungaty bilen tanyş boldular, bu ýerde olaryň aktýorlyk zehinleri ýüze çykdy. Suraý olaryň ulusydy we mugallymçylyk tehnikumyny tamamlandan soňra teatra geldi. Sona akrtisa bolmagy birbada çözüp bilmedi. Ol birnäçe ýyllap mekdepde işledi, soňra teatral studiýasyna gatnady, 1934-nji ýylda bolsa, teatra geldi hem-de ömrüniň ahyryna çenli Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işledi. Biz dürli teatrlarda işleýärdik we beýle bir golaý jora hem däldik, Ýöne, nähili hem bolsa, bu türkmen teatrynyň döreýän we aýaga galýan döwri bolandygyny bilmelidiris, biziň döredijilik ýollarymyz ýygy-ýygydan kesişýärdi, sebäbi biz bir işe – teatr sungatyna hyzmat edýärdik, mundan hem başga biz biri-birimizden sahna ussatlygyny öwrenýärdik, Puşkin teatrynyň we Türkmen akademiki teatrynyň sahnalarynda görkezilýän spektakllara ýygy-ýygydan gatnaýardyk. Şol ýyllar sungatyň göçme ongünlükleri geçirilerdi, biz hem bu döredijilik saparlarynda ýygy-ýygydan bolardyk. Sona Myradowanyň owadan sesiniň bolandygyny we sazdan oňat baş alyp çykandygyny bu günki gün bilýänler az-azdyr. 1939-1940-njy ýyllarda ol studiýada meşgullanyp, geljekki sazly teatr üçin kadr hökmünde taýýarlandy. Studiýaçylaryň güýçler bilen G.Kahianyň “Bagşyň ykbaly” operasy goýuldy. Onda Sona Myradowa Uzuk partiýasyny ýerine ýetirdi. Sazçylyk teatry 1940-njy ýylda açyldy, soňra bolsa onuň binýadynda 1940-njy ýylda Türkmen Döwlet opera we balet teatry açyldy. Onuň birinji oýny “Zöhre-Tahyr” operasy bolupdy. Sona Myradowa ussat aktrisady, ol diňe bir ýokar hünär ussatlygyna eýe bolman, eýsem ajaýyp adamkärçilik taraplary bilen hem özüni aldyrmagy başarypdy. Ol kinoda surata düşen bolsa-da, onuň özboluşly zehini teatrda has köp ýüze çykypdy. Sona Myradowa aktrisa bolmak bilen, öz durmuşyny teatrsyz we sahnasyz göz öňne getirip bilmedi. Ol örän zehinli şahsyýet bolup, adatdan daşary maksada okgunly adamdy, öz üstünde örän köp işlärdi we elmydama onuň ýerine ýetirýän keşpleri, hat-da ol epizodiki bolaýsyn, tomaşaçylaryň ýadynda uzak wagtlap galardy, ol keşpleri janlandyranda şeýle bir durmuşa ýakyn oýnardy. “Gelinleriň gozgalaňy” oýnunda ol gaýnenäniň keşbini janlandyrdy. Bu keşp örän aýdyň bolup, oňa tomaşa edeniňde Sonanyň ýerine ýetirýändigini hem ýatdan çykarýarsyň. Sebäbi seniň öňüňde hakyky gaýnene janlanýar. Sona hem bu duýgulary sahnada janlandyrmagy ussatlyk bilen başaryp, bu keşbe düýrmegi bilen giripdi. Dürli halklaryň dramaturglarynyň pýesalarynda enäniň keşbini ýygy-ýygydan ýerine ýetirmek onuň paýyna düşüpdi. Bu ony tapawutlandyrýan häsiýetli tarapdy, ýöne olary dünýäniň ähli enelerine mahsus bolan umumy duýgy birleşdirýärdi. Sona hem bu duýgulary sahnada ussatlyk bilen beýan etmegi başardy. Bu bolsa tomaşaçylaryň gözlerinden biygtyýar ýaşlaryň dökülmegine getirerdi. 1951-nji ýylda ol G.Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasy” spektaklynda enäniň keşbini ussatlyk bilen janlandyrany üçin Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Ol hemmeler üçin “Enedi”, tomaşaçylar ony tüýs ýürekden söýerdiler. Şol döwrüň aktrisalaryndan halk tarapyndan şeýle söýlen başga bir adamyň adyny tutmak örän kyn. Sona Myradowa barada ýazan Abdylla Myradow öz ýazan kitabyny “Iliň-günüň halany” diýip at goýdy. Inçe we ýiti duýguly doganyndan tapawutluylykda ol güýçli we gujurly häsiýete eýedi, hat-da hökümli diýseň hem bolýar, özüne we ony gurşap alýanalaryň ählisine talap edijilik bilen garaýardy. Bu häsiýet ony M.Gorkiniň adybir pýesasy esasynda goýlan “Wassa Železnowa” spektaklynda baş gahrymanyň üstünde işlemäge kömek etdi. Ýöne, berk we güýçli häsiýete eýe bolmak bilen, dünýä öz garaýşy bilen, şol bir wagtyň özünde hem ol durmuşda örän mylakatly zenan bolupdyr. Ýaşuly nesliň wekili hökmünde Sona Myradowa ýaş artistler üçin elmydama berk talap ediji we nusga alarlyk halypa hökmünde tanalýardy. Uly zehin, sungatda örän uly yz goýan, ol ilkinji ajaýyp türkmen artistlerine degişli bolup, öz ömrüni teatra bagyşlan, halk üçin ýaşap, özleri üçin ýadygärlik goýup gitdiler, ýerine hiç zat talap etmän öz zehinlerini adamlara sowgat hökmünde goýup gitdiler. Zinýat GAFFARI | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |