23:35 Sorag alamaty / hekaýa | |
SORAG ALAMATY
Hekaýalar
Sebäbini bilemok. Aslynda bilýänem welin, ýeri bolýa-da. Şunça ýaşamsoñ nämäniň nämedigine düşünip bilerinmi, heý?! "Ýum", "otur", "gepleme" we şuña meñzeş buýruklardan bizar-peteñim çykyp, eýýäm birnäçe wagt bäri öz-özüm bilen gepleşmegi özüme endik edinipdim. Ilkinji gezek öz-özüm bilen gürleşenimde gülkim tutdy. Özüme biraz teýeneli, gülküli sözleri aýdyp, oňa gülmäge başladym. Tas däli diýmänkäler goýbolsun edäýdim soñ. Gülere oýunam galmady indi. Soňra has çynlakaý meseleler barada gürleşip başladym. Köp gürleşdim, gije diýmän-gündiz diýmän gürleşdim. Soraglar köpeldi. Ol soraglara jogap beribilmez hala geldim. Öz-özüme "bu çynlakaý meseleleri bir özüň gürleşmeklik aña zeper ýetirýär, üstesine soraglara-da jogap tapybilemok, başga biri bilen hem gepleşmek gerek" diýdim. Özüm özümi goldady. Şonsuzam maňa henize çenli özüm garşy bolmandy. Aslynda bu erbet ýagdaýam bolup biler. Munam gürleşmeli men entäk öz-özüm bilen. Kellämde orun tutan we ornaşan ýerine kök urup, ymyklyja ýer alyp, ysgyndan gaçyran sowallarymy paýlaşmaga bir söhbetdeş tapmagym gerek. Gepime düşünermikä? "Şeýle-şeýle sowallar başymy iýip barýar, jogap tapamok, senden soraýyn welin sen tap" diýjek däl ýa bar ýükümi oňa ýükläp özüm ondan uzaklaşjagam däl. "Gel, şu sowallaryň jogabyny bileje gözläli. Kellämiň içinde bir ýylan gezmeleýär, açmadyk gapysy, sümülmedik deşigi galmady. Öz zäherini seçelep-seçeläp gezip ýör beýnimde. Sendenem sowal edeýin, belki iki bolup belli bir jogap taparys-da, rahatlanaryn menem" diýjek. Seretsem, köçämiziň ähli çagalary daşarda. Sebäbi jaýlaryñ diwarlary örän insiz. Goh, dükürdi bolýamyşyn. Öýde oýnamaklyk köpleri bimaza edýär. Aslynda sesiň döremegi üçin ýöremekligem ýeterlik. Käte dem alsaňam ýetik. Bir gezek aşaky goňşymyz Neriman daýza dümewledi. Halynyň üstünde ýüzin ýatyp öý işlerimi işleýärdim. Her asgyranynda depderimiň gyrasyna bir çyzyk çyzdym. Depderim çyzyklardan doldy. Öý işim doly işlenmän galdy. Ertesi mugallym ol çyzyklaryň nämedigini sorady. - Henizem matematikadan öý işleriňi depderiň gyrasyna çyzyk çyzyp, şolary sanap işleýärmiň? - Ýok mugallym, olar Neriman daýzanyň asgyranlarynyň sany. Gürrüň uzady. Mugallym poz diýensoň pozdum. Otur diýensoň oturdym. Mugallym sapagy düşündirmäge başlady. Köp wagtlap çyzyklaryň yzlaryna bakdym. Galamy ýöretmezden, hyýaly çyzgylary çyzdym, soňra bar çyzgylary iki uzyn çyzygyň üsti bilen birleşdirdim. Çyzyklar merdiwan boldy. Mekdebiň diwaryna merdiwany söýedim-de, gaçdym. Serimdäki çynlakaý meseleleri gürleşmek üçin bir topar dostlarymyň arasyndan Wedaty saýladym. Wedat diwaryň üstünde oturyp birazdan başlajak futbol üçin topar düzjek bolýanlary synlaýardy. Futbol başlajak gümany ýok. Aslynda, tertipsiz bir "adam saýlama" urşuna tomaşa edilýär. Olara futbolyň geregi-de ýok. Soňunyň urşa ýazjagy anyk görnüp dur. Hemmeler bir salymdan uruşjak toparyna garanyňda has güýçli boljak bolýar. Futbol diýenimde nämäni göz öňüne tutanymy-da bilemok. Ýarym sagatlap adamlary saýlan toparlar ilkinji golda "siziňkiler has güýçlüdi" diýen söweşe başlaýarlar. Her gezegem şol bir zat. Bu zatlara parhsyz garaýan akylyň eýesi bolanym üçin olary geňem göremok. Wedat jübisindäki düýnden galan çigitleri çigitleýärdi. Aýaklarynam hallanladýardy bir tarapdan. Çigit çigitläp, aýaklaryny hallanladyp otyr diýäýmeseň, göze görnüp duran bir aýratynlygy ýok. Tüýs meniň gözleýän adamym. Öz-özüme "bir adam ýatan çöpüñ başyny galdyrman oturan bolsa, diñe pikirlenýändir" diýýärin. Görsene, ýene öz-özüme! Özüm hiç haçanam akyllanasy ýok-la. Derrew baryp Wedatyň ýanynda oturdum. Salam-heligem etmedik. Sebäbi, biz biri-birimizi her günem görýärdik. Göni gürrüňe başladym. - Wedat, serimde birtopar soraglar gaýmalaşyp ýör, senden soraýyn welin, goý, olaryñ köwsarlajak meýdany giňesin, ýogsa meň kelläm indi darlyk edip başlady. Bolmazmy? Wedat ýüzüme çiññerildi. - Nätdiñ-aý?.. Ol agzy çigitlikä gepledi. Gowsy, çigit çigitläp bolýança garaşaýyn. Maňa-da beren bolsa bileje çigitlärdik. Men onuň bilen kellämdäki sowallary paýlaşjak. Wedat menden çigidi gowy görýän eken. Men onuñ çigidiniň gutarmagyna garaşýançam futbol başlady. Iki toparam örän namysjaň. Ilki başda topy depjek bolup jan edýän toparlar, soňra biri-biriniň aýaklaryna depmäge başladylar. Dükandan birnäçe aý öň alnan we iki hepde öňki oýnalan futboldan soň ýeli giden ýygyrtly rezine top diýýärler. Başda çyndanam muňa ynanyp, nyşana alyp depmäge başlan toplarynyň birden jadysy gaçýar we urgular aýaklara degmäge başlaýar. Säwlikde bir urgy topa degäýse gol boljak. Ynanýan. Wedat jübüsündäki çigidi gutardy. Ol dodaklarynyň gyrasynda galan duzlary ýalap başlady. Howlugamok. Sebäbi aklymda birgiden soraglar bar eýýäm birnäçe wagt bäri, o derejede köp pikirlenenim üçin öz-özüme soraglaram köpeldi. Köp wagtdan bäri soralmaga garaşan uzyn sowal boldy. Sowal ýeke özi bir kellämiň içindäki ýumaga öwrüldi. Köçäň pişikleri şonuň üçin käte meni kowalaýarlaram. Serimiň içindäki ýumagy nähili görýän bolsalar, aklym bilen oýnamak isleýärler. Meñem şo-ol pişiklerden gaçyp ýörşüm. Soranlara "pişiklere allergiýam bar, olara degsem endamym gabarçak-gabarçak bolýar" diýýärin. Men ikilenç ýüzlendim. - Wedat, dost, gel, sendenem soraýyn-la şo soraglary. Belki men gabardýandyryn. Mümkin ikimiz bir gezekde taparys şoňa jogap? Wedat, hä diýäýsene?! - Go-oooooooooooooooooooooooool! Men Wedatyň agzyndan çykan "o" sesiniň ýigrimi ýedi sany bolanyny sanadym. Gol geçirilen topar "siz güýçlüdiňiz" diýen urşa başlady. Oýun başlany bäri hemmeleriň biri-birini depmeginden ýaňa aýaklary gyzaransoň, söweşde başga dürli usullary ulanmaga başlaýarlar. Boýlary kelte bolup, urşuň içine goşulybilmeýänler uzakdan "köwüş atdy" usulyny ulanýarlar. Soňam köwşüni gözlemäge başlaýarlar. Köwşüniň her tarapyna arassa ýa hapa diýmezden ellän çaganyň aýagy hapalanaýmasyn diýen pikir bilen geň galyp egildim. Diwardan ýykyldym. Gatyrak egiläýipdirin öýdýän. Wedat iki topary aralaşdyrmak üçin söweşiň ortasyna girdi. Bir tarapdanam "Bes ediň indi, bes ediň!" diýip gygyrýar. Öz-özüme "bu uruş uzak dowam edäýse, meniň sowalyma jogap almagym mümkin däl" diýdim. Menem girdim söweşiň ortasyna. Wedat ýaly gygyrmaga başladym: - Bes ediň, bes ediň! Bir ýumruk göni ýüzüme degdi. Sagyma-soluma garanjakladym. Ölçerip döksem, hakykatdanam tüýs ýerine düşdi. Jaýdar ýelmedi uran wagty. Çym-gyzyl boldum. Gözümiň öňüni görmedim. Gözümi birnäçe gezek ýumup açdym. Ýere ýazyldym. Galmagal kiparlanyna görä, iň agyr ýumrugy men iýipdirin. Biri ýykylaýsa futbol togtaýar. Süpürgiç zyňyşamzog-a, adam urýarys. Beýlekiler urşuň gutaranyna düşünýärler. Taýak iýeniň nähili bolanyny pikirlenýäris. Agyrýar, waý, agyrýar. Özümi dürsäp, aýaga galdym. Gözümiň öňündäki şekiller takyklaşyp ugransoň, seretsem, Wedat ýumrugyny düwüp garaşyp dur. Ýüzünde "Ýalňyşyp urdum, başga birine niýetläpdim welin, saňa nesip etdi, aý, ahyrsoňy nesibäňdäkini alýaň, nesibeden gutulma ýok, näme diýseňem..." diýen alamat bardy. Gan beýnime urdy. Ýumrugymy düwdüm, süýem barmagymy galdyrdym-da Wedata bakdym: - Wedat, bir zat sorasam bolýarmy?!. Omar Jan JOŞKUN. | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |