18:04 Sowgat | |
SOWGAT
Goşgular
Meniñ saña sowgadym bar, ezizim, Tapylmajak hiç bazardan, dükandan. Gerek däl sagbolsun, tañryýalkasyn, Ol jahana geldi bölünip jandan. Gerek oña seniñ atalyk mähriñ, Gurşamaly üns-alada bilen. Ýakyn dost bolmaly hemmeden beter Maslahatçy ata öwüdi bilen. Ol giñ dünýä indi öwrenişmeli, Uklap-oýanmaly, iýip içmeli. Özboluş dünýäsi bolmaly onuñ, Günler bilen öz-özüni açmaly. Çagalyk suratlar geler göz öñe, Çagalyk dünýäñe edersiñ seýran. Bütin durkuñ bilen berlersiñ oña, Baryñam, ýoguñam edersiñ gurban. Şatlyk beren, bagt eçilen ömrüñe Göwün şadyn asyl agynjak özüñ. Bizden dowam bu ajaýyp zemine - Ýarym, ynha, seniñ nowbahar gyzyñ! Mähri MUHAMMEDOWA, Sakarçäge etraby. | |
|
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |