SOWGAT BERLEN GÖK ÝAGLYK
(Owganystan topragynda wepat bolan esgerleriň ýagty ýadyärligine bagyşlaýaryn).
Aşyr ir bilen çaý başyna geçse-de geçdi welin, atasynyň gazaply garaýşyna ini düýrügip gitdi. Käşgä, göze görnüp duran günäsi bolsady. O-da ýok. Şeýle-de bolsa ata-ata bolýar-da, ahyry çybanyny ýardy.
- Gören ýeriňde ygyp ýörmezler, adam boljak bol... – diýip, ýüzüne azmly seretdi.
Onýança ejesiniň mylaýymdan mähirli sesi atasynyň sözüni böldi:
- Ah-eý, ýaş oglandyr-da, birlän-ikilän gijräk öýe gelende ýüzüni alyp durmazlar. Balamyň gündiz-ä eli işden sypanok, daň bilenem düýäni örä kowmaly, gelibem tünegiň gara işi bilen. Onsoň haçan deň-duşlary bilen gümür-ýamyr etsin, içiber çaýyňy, guzym – diýip, oglunyň tarapyny çaldy.
Aöyry oda goýan şol guba düýe dälmi näme. Her gün suwa ýakyp, guma kowup goýbermeli: Ol oňa indi öwreibem gidipdir. Ony alada goýýan başga zat:
Bir gün gowasyny arkasyna atyp, düýeden gelýärkä, penjireden özüne seredýän gözel gyza gözi düşäýmezmi?!
“Eý-ho, ol göze görünýänä däldir-dä!” Säher bilen çözlenen zülpüni barmagyna orap, maýyl-maýyl baka tygly hanjarlary bilen aýnany parzan dilen otly peýkam bagryny paralap, süňňüni eledi. Ol söýgi diýen zada ot diýselerem, ot däldigine, otdanam beterdigine, ony islän wagtyň ýakyp, islän wagtyň sönüdrip bolmajakdygyna çürt-kesik ynandy. Şeýle gözele duçar bolmagyna sebäp bolan guba düýä käýinenine ökünip, müňde bir kerem alkyş okady.
Bagtyna, Bahar Aşyryň ýazan hatyny jogapsyz galdyrsa-da, yzna-ha gaýtarmandyr. Oňa-da şükür etdi. Bir günem oglanlykdan bile tirkeşip ýören dosty Gurbana Bahary söýýändigini, oňa hat berendigini gürrüň berdi. Ol:
- Ýör, öýlerine baraly-da. Biz bilen deňeçer agasy bar, gürrüň edip oturarys. Heý, bir uç dagy tapdyrmazmyka – diýip, töwekgellik etdi.
Bahar Aşyrdan iki ýaş dagy kiçidi. Agasy Geldi bilen orta mekdebi bile gutarypdylar. Dädesi köp wagtyny çölde geçirýärdi. Üç-dört ýyllykda ejesi aradan çykansoň, öýüň bar keşigi baharyň üstüne düşüpdi.
- Aý, Gurban, öň barman ýören ýerimize birden baraýsak, bir zatlar aňaýmasalar öz-ä!
Baharlara ugradylar. Gurban garaňky eýwanyň gapysyny itenden, hapa atylýan bedre bomaga çemeli, bir zada büdräp, ala-şakyrdy etdi. Jaýdan Geldiniň “kür, janawar, şu obanyň ygyp ýören eşeklerinden ýaňa öýüňde arkaýyn oturyp bolanok-da” diýip, zeýrenýän sesi eşidildi. Daşary çykansoň olary görüp, “O-how, men kimi görýän, geliň, gelen döwlet diýipdirler” diýip, açyk göwün bilen garşy aldy.
Aýazly gijäniň çapgyn ýelindenmi, alagalmagal turzup başagaýlap ýörenlerindenmi, garaz Aşyryň ýüzi lap-lap gyzaryp, ýanyp barýardy. Her hal ony öňde-soňda juda köp örtän, çykgynsyz günlere salan syrly bakyşyň şeýle golaýynda oturmak nesibesinde bar eken.
Turuwbaşdan Geldi bilen gürrüňleri alşyp gidensoň ol özüni arkaýyn duýdy. Şujagaz pursady hem özüne bagt saýyp, Bahary synlady. Ol öňkülerinden has owadanlaşypdyr, doluşypdyr. Gara saçy uzapdyr, ýognapdyr. Ter mämeleriniň aýtymy giňäpdir. Döşi ýaýbaňlanypdyr.
Synlanýanyny aňan ýaly, Bahar esli mahal sülmüräp, aşak bakyp oturdy. Birdenem ýuwaşlyk bilen gabaklaryny galdyranda, rejelenip düzülen hanjar kirpikler Aşyryň bagryndan parran geçdi. Ýene-de Gurbanyň:
- Geldi, sende “Görogly” kitaby bolmaly. Öň-ä ýaňy okap başlanymda goýna gitjek diýip aldyň – diýen sowaly Aşyry özüne getirdi. Geldiniň: “Bahar, meniň goş torbamda şol kitap bardyr. Gurbana ber şony” diýerine mähetdel, bahar eda bilen tutup, içki jaýa girip gitdi. Kitaby Gurbana berdi-de, birhili syrly bakyş bilen Aşyra seredip, birgeňsi ýylgyrdy welin, onuň ýüregi jigläp gitdi. Eýýäm haçan iňkise giden zady – hatyň jogaby kitabyň içinde bolmaly diýen pikire indi hasam uýdy. “Sag bol, Gurban. Meni çykgynsyz ýagdaýdan alyp çykanyň üçin ömürylla-da saňa minnetdardyryn” diýip, içinden aýtdy. Wagtyňam gijigip barýandygyny bahana edip, olar Geldi bilen hoşlaşyp çykyp gaýtdylar.
Aşyr öýe gelip kitabyň gatyny açdy. Ine, onuň garaşýan zady. Göýä Bahar ýüreginiň bir bölegini Aşyra peşgeş beren ýaly, ol haty bagryna basdy.
“Aşyr, seniň maňa bolan söýgiňiň hakykatdygyna ynanýaryn. Hatyňy alanyma ökünmedim. Irde-giçde biziň söýgimiz köýüp gitmese razy. Bir zat meni iňkise goýýar: Biziň söýgimiz başa bararmyka?!”
Bu Baharyň ýüreginden syzdyryp ýazan hatydy.
“Ah, meniň bagtym! Sen hiç zady gaýgy etme. Eger diri gezsem-ä men seni hiç kime bermerin”.
Aşyr şondan soňra Bahar bilen ikiçäk duşuşmagyň aladasynda gezdi. Bir günem Geldiniň çöle – dädesiniň ýanyna gidýändigini eşidip, begendi. Begenmän näme, ol bu pursada juda kän garaşypdy ahyryn.
Gyş aýynyň aýazly gijesi Baharlaryň öýlerine ýakyn bardy. Penjireden çyranyň ölügsije yşygy düşýärdi. Penjirä ýakynlasaň öýde kimiň bardygy görünjekdi. Ýöne ol ýerik baraýmak aňsat däldi. Ýöreseň doňan gar gütürt-gütürt edip ses edýärdi. Onda aýak sesi eşidilip, hemme zat aýan boljakdy. Birdenem Geldi çöle gitmedik bolsa ýa dädesi öwrülip gelen bolsa, onda iş pyrrykdy.
Birdenem Aşyr ädigini çykaryp, aýak ýalaň, penjirä tarap ylgady. Aýnanyň kakylanyna tisginip giden gyz bozjeren kimin daş-töweregine bakyp, penjiräniň öňüne geldi-de, Aşyryň durandygyny görüp, gapa tarap ýöredi. Baharyň gara gözüne gözi düşen Aşyr ogurlykda tutulan ýaly süňňüi gowşap, titräp, bir gyza, birem daşaryk seredip, doňup galdy.
Ýene-de gyzyň özi habar gatdy:
- Sen-ä batyr ekeniň, aýazly gijede, galyň garyň üstünde aýak ýalaňaç “razwedka” gitmäge çekinjek däl, oguşýa!
Ol derrew özüni ele aldy.
- Bagyşla, Bahar, men seniň üçinm, şu ajaýyp söýgimiz üçin janymdan geçmäge-de taýyn.
Gyş aýynyň aýazly gijesidigine garamazdan, onuň maňlaýy çygjaryp gitdi. Baharyň yssy mähri ýüreginiň üstünden ýol ýasap, kalbyna gozgalaň saldy.
- Me, şu ýaglygy al, bu saňa sowgadym, ýaňyja keşdeläp gutarypdym – diýip, Bahar Aşyra gyrasy jäheklenen gök ýaglygy sowgat berdi.
Bu Aşyryň bahar bilen ilkinji we soňky duşuşygy boldy. Soň ol Owganystan topragynda mertlerçe wepat boldy...
Ah. Bahar, sen ilkinji hatyňda şeýle diýipdiň: “Bir zat meni iňkise goýýar, biziň söýgimiz başa bararmyka!” Gyz ýüreginiň duýgurlygyna haýran galdym. Şol sowgat beren ýaglygyňy eliňe alyp, aglap duranyň, meniň hiç haçan göz öňümden gitmez, Bahar!
Ýok, Aşyr biwepalyk edip, seni taşlap gitmedi. Onuň ýüreginde saňa bolan çäksiz söýgi bardy. Barlygynda seniň gara gözüňden bir katra gözýaşyň dammagyna dözermidi, ol! Ýok, hiç haçan!
Rejepberdi HYDYROW.
“Balkan” gazeti, 28.03.1992 ý.
Hekaýalar