15:59 Söýgi hatlary / satiriki hekaýa | |
SÖÝGI HATLARY
Satiriki hekaýalar
Rasim öz gözlerine ynanmady, geñ galdy. Okuwdan gelse öñünde üýtgeşik ýalpyldawuk kagyza täze elipbiýde ýazylan bir hat ýatyr. Ol muny alyp okady: "Rasim beg, men Sizi söýýän. Entek ýaş hem bolsam, özümiñ juda owadandygymy gypynç etmän ynam bilen aýdyp biljek. Meniñ dünýäde ýeke-täk arzuwym ol hem Siziñ söýgiñizi gazanmak, has dogrusy aýalyñyz bolmak. Men siziñ hatyñyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, ýöne öýe ýazmaweri, baryny bulaşdyrarsyñ. Aragatnaşyk bölüminden baryp özüm alaryn. Öýde ýalñyzlyk ejirini çekýän, senden geljek hat meniñ derdime delalat bolar diýip umyt edýärin. Bedia". Ýañy on alty ýaşyny dolduran mekdep okuwçysy üçin mundan ulam bir sowgat bolarmy?! Rasim haty okandan onuñ gözleri uçaganaklady, ýüregi tarsyldady. Ol şo gün kino gitmekçidi, goý bolsun etdi. Öz otagyna girdi-de, ýañky gyza uzyndan uzyn hat ýazmaga oturdy. Hatynyñ jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan Rasim eýýäm özüni uly adam hasap etdi. Özüni Bedia atlandyran owadan gyz soñku hatlarynda Rasima igenip başlady. "Her bir hatyñyza göz dikip garaşdyrmagy özüñize uslyp bilýäñizmi?! Meniñ derdimi ýeñilleşdirmek isleseñiz köpräk, özem uzynyrak ýazyñ. Ýa siz meniñ bilen ýürek açyşmakdan çekinýäñizmi? Eger mümkin bolsa hatyñyzy has düşnükliräk ýazyñ". Ýetginjegiñ aladasy artdy. Uzyn gije gözüniñ köküni gyryp hat ýazdy. Ýazan zatlaryny birnäçe gezek göçürdi, arassalygyna aýratyn üns berdi. Bedia juda täsin gyz bolup çykdy. Ol soñky hatlarynyñ birinde Rasime sala saldy: "Biz özümiziñ toýdan soñky gezelenjimizi nirede geçireris - Italiýadamy ýa-da Şweýsariýada! Ol ýurtlar nähili ýurtkan? O ýeriniñ adamlary näme bilen meşgullanýarkalar. Ol ýurtlara barmak üçin haýsy deñizlerden ýüzüp geçmeli?" Ýene bir hatda şeýle setirler bar: "Rasim, Siz Abulhan Hamidiñ "Eşperini" okadyñyzmy? Onuñ haýsy ýerleri Size has oñat ýarady!" Biziñ ýañky okuwçymyz öz söýgülisiniñ öñünde masgara bolmajak bolup Jugrafiýa kitabyny elden düşürmedi. Boş wagtlarynyñ köpüsini çeper eserleri okamaklyga bagyşlady. Aýratyn täsirli ýerlerini göçürip aldy. Bediañ igenji gutarmady. "Meniñ Siz bilen duşuşmak hyýalym bardy. Düýn okuwdan gelýäkäñiz ýolda Sizi saklajak boldum, pikirimden el çekdim. Üst-başyñyz görer ýaly däl eken. Siz özüñiziñ owadan bir gyzyñ söýgülisidigiñizi unudýañyz öýdýän. Siz kimdir biri bilen urşup dagy eden-ä dälsiñiz-dä?" Rasim haty okap uýaldy. Şondan soñ ol öz üst-başyna seredip başlady. Rasimiñ käte okuwdan çykyp öýe gelmän köçelerde entäp ýörendigi hem onuñ söýgülisine aýan eken. Maña göwün bermän haýsydyr başga bir gyzyñ yşkyna düşüp ýören bolaýma diýip Bedia oña hat ýollapdyr. Rasim özüniñ başga hiç hili söýgülisiniñ ýokdugy barada hat ýazyp ant içip awy ýalapdyr. Bir gün öýi ýygnaşdyryp ýören ýetginjegiñ ejesi Nedime hanym ol hatlary görüp allaniçiksi bolupdyr. Bu zatlar barada adamsy Ahmet bege arz edipdir. - Wah, señ bu bolup ýören zatlardan habaryñ barmy? Oglumyz yşk heserine uçrapdyr. Ynha, şu hatlar onuñ otagyndan çykdy. Oglumyzyñ başyny-gözüni aýlarlar, ol entek ýaş ahwetin... Ýöne sen gatyrganman düşünişjek bolstering, gyzmalygyñy etme!.. Ahmet begin bu zatlar azaryna-da däldi. Ol aýalyny köşeşdirdi: - Hanym, biynjalyk bolma. Ol gyzyñ adyndan hatlary taslan meñ özüm. Ýogsam oglumyz gözümiziñ alnynda elimizden gidip barýar. Okaşynda derek ýok, eli sypynsa-da biderek entäp ýor. Pikirlenip-pikirlenip ahyry tapan zadym şol boldy. Ol şeýdip täze elipbiýi hem çalt öwrener. Ýeri gelende aýtsam özümem öñki elipbiýni saña söýgi hatlaryny ýazyp zordan öwrendim. Reşad NURY GÜNTEKIN, türk ýazyjysy. Rusçadan terjime. "Tokmak" žurnaly, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |