21:41 Söýgi kitabyndan | |
SÖÝGI KITABYNDAN
Goşgular
Ne döw çaldy, bilmedim men, Sende asyl barça göwnüm. Bir posany alamdan soñ, Sensiz hiç geçenok günüm. Ne döw çaldy, bilmedim men, Sen özgeden gaty zyýat. Ýa illeriñ gözelligi, Boldumyka beýle sumat... Ýa ýürek aldaýan bolsa, Söýgi meniñ gözüm gapsyn. Boş hyýala gidýän bolsam, Her kim öz pälinden tapsyn. Aklymdan azaşan bolsam, Biwepalyk gyljy kessin. Ýöne entek boş hyýalyñ Bilemok çykanyn üstün. Ne sebäpden sen özüñe Meni beýle çekdiñ gaýym. Prometeý dek ýüregiñi Ogurlan bolan bolmaýyn. * * * Men gitdim. Uludan dem alma beýle, Aramyza bent goýuldy dag deýin. Diwarlar, döwürler, ýene-de näme... Haýsy birin olañ beýan edeýin. Men gitdim. Arany çürt-kesik ýolup, Geziber sen indi uzakda galyp. Wasiliý FÝODOROW. Terjime eden Öwezmyrat BABAÝEW. "Ýaş kommunist" gazeti, 11.12.1965 ý. | |
|
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Kooperatiwiñ puludyr / Goşgular - 22.09.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |