01:24 Söýginiň dowamy | |
SÖÝGINIÑ DOWAMY
Goşgular
Uruş juwan gelne ýowuz darady, Äkitdi elinden söwer ýaryny. Emma gelniň wepa daňlan söýgisi Gyşyn maýyl, salkyn etdi yazyny. Ýassykdaşyň uzap gidýän ömüri- Ogly sallançakdan atylyp çykdy. Düşdi bir towsanda döwrüň öňüne, Enäniň guwanjy gözünden akdy. Ýyllar geçdi gamçysyny bulaýlap, Hesret kerweniniň çekip başyny. Bagt enä nazar etdi-seretdi, Agtyk söýdi yralap çal başyny. Öpýär ene agtygynyň ýüzünden, Ýylysyny berip ýürek-bagrynyň. Sallançaga salyp,hüwdiläp otyr Söýgisini gurban bolan ýarynyň. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||