SÖÝGINIÑ SOWGADY
Bir dollar segsen ýedi sent. Bary-ýogy şujagaz. Onuň altmyş senti hem birlik sentden ybaratdy. Della her gezek azyk harytlaryny, gök-önümleri we et satýan satyjylar bilen söwdalaşanda, birki sent bäri alanyny hem aw bilýärdi welin, beýle tygşytlylygyny makullamazlykdan ýaňa, satyjylaryň ýüzleri boz-ýaz bolýardy. Della puluny ýene-de üç gezek gaýta-gaýta sanady. Bir dollar segsen ýedi sent. Ertir bolsa Roždestwo baýramçylygy!
Ýetde-gütdelikden ýaňa, Della üçin köplenç, könelişen kiçijik diwanda oturyp aglamakdan başga alaç ýokdy. Ol bu gezek hem şeýle etdi. Gadyrdan okyjylar! Mundan bir pelsepewi netije gelip çykýar: durmuş gözýaşdan, dem almalardan we ýylgyryşlardan ybarat, olaryň içinde bolsa, dem almak, elbetde, has zerurlyk edýär.
Bu horaşaja öýüň bikesi — Della häzir gözýaş basgançagyndan dem alyşa basgançagyna geçip, öz-özüni köşeşdirýärkä, biz öýüň içine bir ser salyp göreliň. Onuň öz adamsy bilen hepdesine sekiz dollar töläp ýaşaýan jaýynyň goş-golamlary gaty-bir çagşan ýa köne bolmasa-da, hakykat ýüzünde ykjam hem däldi.
Aşakdaky esasy girelgede deşigine hiç bir hat bukjasy hem sygmaýan poçta gapyrjagy, düwmesini basanyňda-da hiç hili ses çykmaýan jaň bardy. Onuň aşagynda hem «Jenap Jeýms Dillingem Ýung» diýen ýazga gözüň kaklyşýardy.
«Dillingem» belgisi bir zamanlar, ýagny onuň eýesiniň işi ugrugyp, hepdesine otuz dollar gazanýan wagty goýlupdyr. Häzir onuň gazanjy ýigrimi dollara gelen wagty bolsa, «Dillingem» belgisiniň harplary ýönekeý «D» harpyna çenli gysgalyşmak barada özara pikir alyşýan bolsalar gerek? Haçan-da Jim Jeýms Dillingem Ýung öýüne gelip, ýokary — öz otagyna çyksa, ony häli sizi Della diýip tanyşdyran zenanymyzyň «Jim» diýen mylaýym sesi we gyzgyn gujagy garşy alýardy. Bu, elbetde, bar zatdan ýakymlydyr.
…Della aglamagyny bes etdi we näzijek çekgelerini pamyk bilen süpürdi. Ol häzir penjireden çal howludaky çal haýatyň üstünde, peýwagtyna oýan-buýan ýöräp ýören çal pişige gussaly seredýärdi. Ertir baýramçylyk! Onuň bolsa, Jime sowgat etmek üçin bary-ýogy bir dollar segsen ýedi senti bardy. Bu hem onuň aýlar boýy her bir senti sent bilip ýygnanjasydy, gynansak-da bar toplany şujagazdy. Maşgalanyň hepdesine ýigrimi dollar girdejisi köp-ä däl. Çykdajylar bolsa, olaryň çakyndan kän. Çykdajylar hemişe şeýle-de bolýar-a! Jime, öz Jimine sowgat etmek üçin ýekeje dollar segsen ýedi senti bilen Roždestwo baýramyna oňa näme sowgat düşjegi barada pikirlenip, gymmatly wagtynyň köpüsini sarp etdi. Nämedir bir aýratyn, seýrek duş gelýän, Jime sowgatlyk bolmaga mynasyp bir zatlar alyp beresi geldi.
Otagyň içinde, goşa penjiräniň arasyndaky diwarda ýüz görülýän aýna asylgy durdy. Siz ömrüňizde hepdesine sekiz dollar tölenip, kireýne ýaşalýan jaýyň ýüz görülýän aýnasynda öz keşbiňizi synlamaly bolupmydyňyz? Diňe arryjak adam aýnanyň insiz bir taý ýüzünde öz sypatyny dolulygyna görüp biläýmese, dolmuş kişi munda şekilini görüp bilmese gerek! Çepiksije Della bu ýagdaýa birçak öwrenişipdi.
Birden ol penjiräniň öňünden aýrylyp, ýüz görülýän aýna tarap gyssanmaç ýöredi. Dellanyň göreçleri ýap-ýaňyja nur saçyp duran-da bolsa, aýnada öz gamgyn ýüzüni görüp, hem öz kyn gün-güzeranlary ýadyna düşüp, edil ýigrimi sekundyň içinde ýüzüniň reňki gaçan ýaly boldy. Ol öz ýüpek ýaly saçlaryny uzynlygyna goýberdi-de, çuňňur oýa batdy.
Belläp geçmeli zatlaryň biri — Jeýms Dillingem Ýunguň maşgalasynyň bar buýsanjy iki sany baýlykdan ybaratdy. Olaryň biri — Jimiň atasyndan kakasyna, kakasyndan özüne miras galan altyn sagatdy, beýlekisi bolsa — Dellanyň ajaýyp saçlarydy. Eger-de garşydaky jaýda Sawa şa aýaly ýaşaýan bolaýsyn, ol eger Dellanyň saçlaryny synlasa, bu beýik mertebeli hanymyň gymmatbaha egin-eşikleri we altyn-kümüş şaý-sepleri onuň üçin bir demde bar gadyr-gymmatyny gaçyrardy. Bar baýlyklaryny ýerzeminde saklaýan Süleýman şa bu jaýda sakçy durýan bolaýsady, onda Jim her gezek onuň gapdalyndan sagadyny güjeňläp geçende, öz hazynasyndan göwni geçen şanyň göriplikden ýaňa sakgalyny ütýändigini görerdiňiz.
Dellanyň mele saçlary şaglawugyň şildireýän suwy deý zyra-zyra seçelenip, öwşün atýardy. Dyzyna düşüp duran saçy onuň inçe biline mahmaldan guşak ýaly oralyp durdy. Emma şol wagtyň özünde ol nämedir bir zada tolgunyp, gyssanmaçlyk bilen saçyny ýygnady. Birdenem bir minutlap butnaman durdy, gözleri biygtyýar ýaşdan doldy. Gözýaş damjalary ýaňagyndan syrygyp, sary giden gyzyl hala damýardy.
Egnine köne, goňur ýeňsiz žaketi, kellesine könelişen goňur başgabyny geýip, köýneginiň syýyny tasadyp, kepäp ýetişmedik gözleriniň ýaşyny ýyldyradyp, ol eýýäm köçäniň ugry bilen barýardy.
Ol «Hanym Sofroni. Dürli saç önümleri» diýen ýazgyly jaýyň öňünde saklandy. Della ýokary gata ylgap çykanlygy sebäpli, haşlap dem alýardy. Ony garşy alan solgun ýüzli we sowuk garaýyşly daýaw hanym «Sofroni» adyny göterýäne meňzemän hem duranokdy.
— Saçymy satyn alarmysyňyz? — diýip, Della bu aýaldan gyssanmaç sorady.
— Hawa, alarys. Ýöne ilki başyňyzy ýalaňaçlaň, saçyňyzy bir synlaýyn — diýip, hojaýyn aýal jogap berdi.
Dellanyň mele saçy şaglawuk deý şildiräp akyp gitdi…
— Ýigrimi dollar — diýip, Sofroni hanym usully elleri bilen onuň gür saçlaryny sypalap durka «haryda» baha kesdi.
— Bolýar, men razy! Meni çaltyrak ugradyň! — diýip, Della gyssandy.
Soňky iki sagadyň nähili geçendigi duýulmady. Sowgadyň soragynda Della hatar bolşup oturan her dürli dükanlaryň bu başyndan girip, ol başyndan çykdy.
Öz mähribany Jime niýetlän arzyly sowgadynyň ahyry üstünden bardy. Dogrudan hem, ol diňe Jim üçin, diňe şonuň üçin ýasalan ýalydy. Muňa meňzeş zat beýleki dükanlarda tapdyrmandy. Ýogsam Della olary başdan-aýak, agdar-düňder edip gözläpdi ahyryn! Ol zat jübi sagady üçin ýönekeý, emma göz baglaýjy galp ýalpyldysy bilen däl-de, öz hakyky gözelligi bilen özüne çekýän platina zynjyrydy. Hemme gowy zatlar şeýle-de bolmaly. Sagat özüniň bu zynjyra dakylmagyna mynasypdy. Della zynjyry gören badyna onuň Jimiňki bolmalydygyna düşündi. Ol Jimiň edil özüne kybapdaşdy. Olaryň ikisinde-de sadalyk we gymmatlylyk ýaly meňzeşlik jemlenýärdi. Della zynjyr üçin ýigrimi bir dollar töläp, galan segsen ýedi sentini aýasynda berk gysyp, öýüne howlukdy. Indi Jim şunuň ýa-ly zynjyr bilen islendik jemgyýetde «Sagat näçe bolduka?» diýenlere çekinmän öz sagadyny görkezip biler. Ol öňler öz sagady neneň ajaýyp bolsa-da, ony gizläp ulanmaly bolýardy, sebäbi sagady zynjyra däl-de, sary giden, teletinden edilen kemere dakylandy.
Öýe gelende, Dellanyň hyjuwy kiparlap, ol seresaplylyga we oýlanyşyga öwrüldi. Ol saç buýralaýan enjamyny çykardy, gazy ýakdy we öz päk söýgüsi üçin eden pidasynyň zyýanyny düzetmäge synanyşdy. Bu bolsa, dostlarym, hemişe ägirt zähmeti talap edýär.
Kyrk minutyň içinde onuň kellesi kiçijik buýralardan dolup, garagol oglanjygy ýadyňa salýardy. Ol ýüz görülýän aýnadaky keşbine uzak wagtlap ýazgaryjy nazaryny dikip otyrdy.
Ol öz-özüne:
«Jim meni şol bada öldürmese-de, Koni Aýlendiň aýdymçylarynyň birine meňzeýändigimi aýdar. Ýöne meniň başga alajym ýokdy. Ýeri, bir dollar segsen ýedi sent bilen men nädip onuň göwnüni awlap bilerdim?!»
Giçlik sagat ýedide Dellanyň öýünde, Jimiň adatça öýüne geläýmeginiň öňüsyrasy, kofe içgisi eýýäm taýýardy. Ýetjek gyzgynlyk derejesine ýeten çoýun taba hem indi et atmagyň wagty geldi diýen ýaly, «jazyr-jazyr» edip, gürläýjek bolýardy.
Jimde hiç haçan öýe gijä galyp gelmek endigi bolmansoň, Della eline sowgatlyk zynjyry alyp, gapynyň gabat garşysyna geçip otyrdy. Ol işigiň açylaryna sabyrsyz garaşdy. Soňra basgançakdan ýokary galyp gelýän Jimiň aýak sesini eşidip, onuň ýüreginiň gürsüldisi artdy, ýüzi bir pursatlyk boz-ýaz boldy. Elmydama Dellanyň her dürli ownuk-uşak durmuşy kynçylyklar ýüze çykanda, Hudaýa ýüzlenmek häsiýeti bardy. Ol gyssanmaçlyk bilen: «Hudaý jan, Jimiň meni söýmesini bes etmegine ýol bermäweri!» diýip doga okady.
Gapy açyldy, Jim içeri girdi. Onuň ýüzi örän aladaly görünýärdi. Ýigrimi iki ýaşyňda bir hojalygyň keşigi başyňa inse, aňsat hem däl! Daşky sypatyndan oňa täze palto gerekdigini, elleriniň bolsa sowukdan ýaňa üşeýändigini aňsa bolýardy.
Jim bedenäniň ysyny alan setter ýaly, bosaga-da duran aýalyny gören badyna hereketsiz doňup galdy. Onuň gözleri şeýlebir garaýyş bilen seretdi welin, bu bakyşdan Della gorkman hem durmady. Bu ne gahardy, ne geň galmakdy, ne-de Dellanyň öwrenişen, ozalky mähirli bakyşlarynyň biridi. Jim nazaryny sowman uzak wagtlap aýalyna seredip durdy, ýöne ýüzündäki geň garaýyş hiç üýtgemedi.
Della ýerinden laňňa turdy-da, Jimiň ýanyna bardy.
— Jim, haýyş edýän, maňa beýle seretmesene! — diýip ýüzlendi. — Men saçymy gyrkyp satdym! Sebäbi saňa Roždestwo sowgadyny gowşurmasam, ynjalyp bilmezdim. Saç diýen zat ýene öser! Gaharlanaňok gerek?! Men şeýle etmeli boldum. Bagyşla. Saçym örän çalt ösýär. Jim. Gel, biri-birimizi gutlaly-da, şu gün şatlanaly. Wah, saňa nähili ajaýyp, nähili enaýy sowgat taýýarlanymy bir bilsediň!
— Saçymy kesdim diýsene… — diýip, aňyna näçe agram salsa-da, entegem bu ýagdaýa akyl ýetirip bilmän, Jim dartgynlylyk bilen sorady.
— Hawa, gyrkmaly boldum, soňra bolsa… — diýip, Della ýuwdundy. Soň bolsa, çyny bilen — Nähili bolsamam, meni söýersiň-ä, mähribanym?! Gysga saçly bolsamam, meniň şol öňküligim, şeýle dälmi? — diýip, owadan gözlerini balkyldatdy.
Jim otagyň içine göz gezdirdi.
— Diýmek, saçyňy satypsyň-da? — diýip, ol ýene-de manysyz tutanýerlilik bilen sorady.
Della biraz özüni dürsäp:
— Gözleme, Jim, barybir, tapmarsyň! Diýýän-ä, satdym! Roždestwonyň öňüsyrasy bir rehimli bolsana. Muny seniň üçin etdim-ä. Belki, meniň saçym bir gysyma ýerleşer, ýöne saňa bolan söýgim welin, hiç bir ölçege sygmaz — diýende, Della-nyň adaty ýagdaýda mylaýym çykýan sesi endiräp çykdy. Soňra mysapyrlyk bilen Jime:
— Ezizim, saňa et gowrup bereýinmi? — diýdi.
Jim çalt özüne geldi. Ol öz söýgüli Dellasyny garsa gujaklady.
Soňra Jim jübüsinden kagyza dolanan bir zady çykardy-da, ony stoluň üstüne goýdy.
— Della, maňa ýalňyş düşünme. Hiç bir güýç seni söýmezlige mejbur edip bilmez. Bu kagyzy açyp gör, şonda meniň näme üçin geň gömendigime düşünersiň.
Dellanyň sülük barmaklary çalasynlyk bilen dolangy zady hasyr-husur açdy. Soňra ol begençli seslendi, şol wagt hem edil aýallara mahsus bolan «Wah! Wah!» diýen ökünç sesi gözýaş akymyna öwrüldi welin, munuň üçin el astynda bar bolan köşeşdiriji derman serişdeleriniň ep-eslisini ulanmaly boldy
Stoluň üstünde bir topar naşyja saç daralýan daraklar ýatyrdy. Bu Dellanyň köpden bäri Brodweýiň bir dükanynyň aýnasynda lezzet bilen synlan, satyn almagy köp wagt bäri arzuw edip ýören şol şirmaýy daraklarydy. Bu ajaýyp daraklar piliň süňkünden edilip, gyralaryna ýaldyrap duran daş oturdylan, edil onuň mele saçyna mynasyp daraklardy. Olaryň gymmatbahalydygyny Della ozal hem bilýärdi, onuň olara eýe bolmak umydynyň inçedigi sebäpli, diňe seredip guwanýardy. Ine, indi olar Dellanyňkydy. Emma bu arzyly daraklar biraz wagta çenli şo-ol ýüpek saçlara galtaşmak bagtyndan mahrumdylar.
Della daraklary emaý bilen sypalady. Başyny galdyryp ýylgyrdy-da we buýsanç bilen:
— Meniň saçym çalt ösýär, Jim! Örän çalt ösýär! — diýip seslendi.
Jim bolsa, entek özüne niýetlenen sowgatdan bihabardy. Della aýasyndaky öwşün atyp duran gymmatbahaly zynjyry mähremlilik bilen Jime uzatdy. Zynjyryň ýalpyldysy Dellanyň ýagty we hyjuwly kalbynyň şöhlelenmesi bolup görünýän ýalydy.
— Jim, neneň nepis zat, şeýle gerek? Muny tapmak üçin ähli dükanlara aýlanyp çykdym. Indi isleseň günde ýüz gezek sagadyňa seredip bilersiň. Sagadyňy çykar hany, nähili gelişýändigini göre-sim gelýär!
Emma Jim özüni diwana oklady-da, ellerini ýeňsesine goýup ýylgyrdy. Soňra bolsa, özüniň şu ajaýyp daraklary almak üçin sagadyny girewe goýmaly bolandygyny Della düşündirdi.
— Della, sowgatlarymyzy häzirlikçe aýap goýaly. Elbetde, häzir bu gadyrly zatlary ulanmakdan irräk. Olary ulanmagyň öz wagty geler. Bagyşla, ezizim. Sen maňa düşünersiň diýip umyt edýärin. Indi bolsa, ezizim, bileje garbak-gurbak edinmegiň wagty geldimikä diýýärin. Sen hem muňa garşy dälsiň-ä?! Onsoňam, mähribanym, ykbalymyň maňa beren iň gymmatly sowgady seniň özüňsiň! — diýip, Dellany gaýtadan bagryna basdy.
Iňlis dilinden terjime eden:
Ogulbagt AMANNAZAROWA.
Hekaýalar