Söz manysyn biler bolsañ
Rowaýatlara ser salsañ, Tūrkmen we tūrki kowumlaryñ barçasynda, çaganyñ dūnýä inmegi mynasybetli edilýän däp dessurlaryñ hiç biriñiñ hem hikmetsiz däldigine göz ýetirýärsiñ.
Atamyz Adam aleýhissalamyñ ilkinji ekiz perzentleriñ dūnýä inenden ýedi gūn soñ, Hz. Jebrail a.s. gelip, Ya Adam ! Size (Howa bilen) bu çagalary toprakdyr duz goşulan suwa ýumundyrmak emr edildi-dien habary ýetirýär.
Hz.enemiz Howa Adam a.s. sebäbini sora diýipdir.
Jebrail a.s. olara:
Sebäp şol ki,bular iki gūnäkärden doguldylar diýip jogap beripdir.
Kyrk gūn geçeninden soñ ýene-de Jebrail a.s. peýda bolup,
-Ýa adam! Siz bu çagalary toprakdyr duz goşulan suwa ýuwundyrmak emr edildi.
Çūnki, sizi jennet jawydandan(baky)
çykarylyp, Atlasyñ ýedi yklymynda asaýyş etmäge izin berildi -diýen habary ýetiripdir.
Şol sebäbli çagany ūç çatyk agajyñ aşagyndan egilip ötūrilmegi adat bolup gelipdir.
Uç çatyk - bu dūnýäniñ çelgisidir.
Bu ūç çatyk tūrkmenleriñ ak öýūnde hem bardyr. Iki tärim we ortak sūtūniñ birikdirilmegine ūç catyk diýilýär. (Asyl ūçlūk bilen bagly zatlaryñ hemmesiniñ köki şundandyr diýen garaýlarym bar.)
Magtymguly atamyzyñ:
-Beýik dagyñ depesinde ūç agaç,
Dūýbi bir bolmasa çatyp bolmaýar
-diýen hikmetli sözleri muña mysaldyr.
Adamyñ dūnýäden gaýmagy sebäbli dessurlaryñ hikmeti.
Adam jan bereninden oña merhum diýilýär.Dūnýewi rehim şepagatdan ūzūlen,.jansyz mūlk we.ş.m. manylary bar.
Ilki bilen merhumyñ iki eli baglanýar,ki,almasyz zady aldy diýip,iki aýagyny -barmasyz ýere bardy , iki gözūni -görmesizi gördi,
Iki äñini-iýmesizi iýdi we diýmesizi diýdi-diýip, awara halda çägäniñ ūstūnde ýatyrylmagy bolsa ýene aslyna dolanjaklygyna yşaratdyr.
Kelam Şerifiñ ,,Taha" surasyndan
-Seni toprakdan ýaratdyk we päklenen halda ýene topraga dolanjaksyñ -aýaty muña delildir.
Şu halda ýatan adama(myhman alynan) iki jahan awarasy diýilýär.
Çūnki ol ne-hä bu dūnýäñ adamsy,ne-o dūnýe adamsy.
Bu ýañzytma àýtgylarynda hem duş gelinýär.Mes,
,,Iki jahan owarrasy boldum"-we.ş.m.
Türkmen dili