«SÖZ MANYSYN TlRER BOLSAŇ»
■ Sözler, adalgalar, aýtgylar.
● Goşar-goşa gary: Eliñ tirsekden tä barmaklara çenli aralygina gary sūñki diýilýär. Şol sūñk iki şaha görnūşde bolansañ "goşa-gary" ýagny, assimilleşip Goşar sözi emele gelipdir.
Gary hakynda aýtgy mysal getirmeli bolsak; -Garyña daýan, Garyñy ýassanyp ýatma.
● Ýolbars- bu haýwanyñ kellesiniñ daş töweregini ösgūn "Ýallar" gurşansoñ oña sypatyndan at goýup, Ýallybars-Ýolbars adyny alypdyr.
● Tokly-tok, tuk- ýūñ diýmek -ly- artdyryjy goşulma. Ýagny baganadan saýlanan Tokly- ýūñli.
Tok-yñ ýūñ sözūni añladýan nakyl;
-Aç goýun tokuny iýer.
● Kyýat- bu dag goçlarynyñ serdary. Öñūni çekiji manydadyr.
Nakyl: Sürüde Kyýat bolsa böri aç galar.
Predohranitel- pida çöpi ýa-da pida çöp.
● Çoññar- bu adam ady bolyp, iki sözden dūzūlipdir. Meselem:
Çoñ-garry. Çoññar- Çoñ - är. Bu at garry adamlañ hormatyna dakylýan "Atagarry "ady bilen manydaşdyr.
Şeýle hem çöññe, gözūm çöññerdi, Ýa-da "Çöñūrtek" töññe, garry töññe diýip tirkelip hem aýdylýar.
Gyrgyzlarda bolsa Çoñgyz sözi - garry gyz manysyna gelýändir.
● Çeltek- tüwi.
Şalynyñ çogdam başyna çeltek diýilýär.
Tūrkmenler yrym edip çeltek ýaly köpelsin diýip ogullaryna at dakýarlar.
Çeltekler diýlip tire-taýpalar hem bar.
Çeltek hasaby.
Soltan Sanjar hezretleri zamanynda astrologiýany oñat bilýän Çeltek atly alym bolupdyr. Oba hojalygynda ekerançylykda zerur bolan ýyldyz hasaplamalary düzen bu alyma uly hormat goýup, ylmyndan peýdalanypdyrlar.
Häzirki gūnlerde Çeltegiñ nesilleri Mary welaýatynda we beýleki kūnjeklerde ýaşaýarlar.
● Puhan- adam atlarynda duş gelýär.
Şalynyñ samanyna puhan diýilýär.
Puhan oturymly ýerlerde ýaşalýan öýleriñ ūçegine goýlupdyr. Ol suw geçirmeýän serişde hökmünde, zeý geçirmeýän dūşek we ýere dökūn görnūşinde ulanylan çig maldyr.
Tebipçilikde hem ulanupdyrlar.
● Çille. Çille-bu pars dilinden geçen söz. Çil- 40 sany añladýar. Emma tūrkmen dilinde hem çille sözi bar. Mysal;
Çillesiz gurulan ýaýa sataşdym.(Magtymguly)
Ýaýyn kirişine çillediýilýär.
Aýtgy:
Ýaý egri-de bolsa çillesi dogrydyr.
Manysy: Ynsanyñ aýyplaryndan bedeni ýaý ýaly egrelenem bolsa ýūregi Hudaýa dogrydyr. Kiriş ok ýaly göni bolansoñ meñzedilipdir. Toba etmek dogrulanmakdyr.
Taýýarlan: Aşyr SALYH OGLY.
Türkmen dili