«SÖZ MANYSYN TIRER BOLSAŇ»
■ Aýtgylar
● Kädide çigit goýmadyk - bu aýtgynyñ manysy uzak gije gürrüñdeş bolup oturylyşyk edilende suw kädisi ýaly kiçeñräk kädini gowurlan çigitden dolduryp tä çigitläp gutarylynça oturylyp aýdylan aýtgy.
● Kellede zat galmady. Bar bilenimizi orta atdyk - manysy-da bar.
● Çöpi köze degip duran - paýhassyz. Sähel zada yrsarap duran girrik gylykly adam.
● Käriz. Käriz pars dilinden geçen söz hasap edilýär. Käriz - kär hem-de riz işliklerinden ýasalan söz.
Kär-iş, riz-akdyrmak. Suwy uzak aralyga akdyrmak.
● Guba - kümüşsow gyzyl reñk.
Guba düýe - gyzyl owüşgün ýünli düýe.
Guba gaz - gyzylja gaz. (Flamingo)
● Iýjan - gawunyñ kaky bilen sokuda döwülen künjini garyp taýýarlanýan iýmit.
Doñdurma hem diýilýär.
Juwazda künji ýag alynanda içine gawun kakyny goşulup juwazyñ diwaryna ýelmeşip taýýarlanýan usuly hem bar.
● Boz-mele reñk.
Boz toprak. Boz at.
● Ýoşgurt - argyşa ýa-da kerwen bilen uzak ýola gitjek atlar üçin şekerpalaçdan taýýarlanýan iým.
Ony maýdajyk logala ýaly edip çapyp, atyñ torbasyna salyp berýarler.
Aýtgy: "Boýnuny ýoşgurt çapylan ýaly kesdi".
● Gozgant - dagyñ kynçylyk bilen geçilýän ýeri. Dag geçidi
- قعغقع Kagkag - bu söz Gara Hysary - arapça
türki sözlükde dagyñ geçidine aýdylýar.
Ka'ka'-arap harpynyñ Kaf we Aýn harpy bilen okalsa Ka'ka' -dar çekimde assimilleşip, Kaka - diýip aýdylypdyr.
Bu häzirki Kaka etrabynyñ toponomiki adyny emele getirendir. Kaka etrabynda dagyñ eteginde Gozgan obasy bar. Şol ýerde hem dagyñ kyn geçidi bolan "Kaka" ýa-da Gozgant başlaýar.
Gozgant hem Kaka şol bir dag geçidini añladýar.
● Änew - bu Aşgabadyñ golaýyndaky etrap merkezi, posýolok. Bu adyñ gelip çykyş belli bolmasa-da, onuñ töweregindäki arhitektura, ýadygärliklerdir galalaryñ ady baglanşykly bolaýmagyny göz önünde tutup, Arhiolog, alym Kaka etrap arhiologik ýadygärlikler bolümiñ ýolbaşçysy Ahmet Halmyradowyñ eden derñewleriniñ netijesinde, Anu Şirwan galasy bilen baglanşykda, Anu-Änew -Anu bolanlygy çaklanylýar.
Nowşirwan Adyl şanyñ doly ady Anu Şirwan. Bu şäher hem şonuñ hormatyna dakylan Anu -Änew bolup galandyr diýen nusgasyny hödürläpdir.
● Gagşal- Ene möjek, gurt, böri.
● Könek - düýäniñ boýun hamyndan eýlenip ýasalan setil(bedre). Ony düýe saganlarynda boýnuñdan asyp, şoña sagýarlar.
Bu sözüñ köki ,,gön" sözünden alnyp, Gönek-Könek sözlerden alnandyr.
Nakyl:
Gyşyk ýük ýola bolmaz.
Könek köze bolmaz.
Sarmak-aýal maşgalañ sypatyna göra at beripdirler.
Meselem:
Sarmaklyñ ojagy otsuz bolmaz.
Sarmaklyñ ojagy özūne darlyk eder.
Bular delillik nakyl.
● Mugt buharda ýok.
Buhar-bu ot ýakylýan ojak. Otparazlaryñ çokunan ojagyna buhar diýilýär.
Buhara-da köp ybadat edilýän ýer. Awestada. Indi netijäni alsak:
Ojagam odunsyz yssy bermez. Her bir zadyñ zähmeti talap edýänini añladýar.
● Sarmak
Bu öýli-işikli adama aýdylýar. Bu aýtgy birine aýyp ýūklenende aýdylýar.
Mysal:
- Utan! Özüñem sakally-sarmakly adam.
● Ýaşmak-ýaşynmak.
Yslamdan öñki otparazlar "Oda demi dūşmesin" diýip agyzlaryny örtüpdirler.
Ýaşmak ýaşynmak. Bu türki kowumlarda meşhur.
● Kebiz - pagta.
● Biz, biz mata. Gysgalyp biz ady meşhur bolýar.
Biz , beýaz ak manyda sypatdan ýasalan at.
● Hepbe - maýda köpük.
Pul birligi. 1-köpūk. Gara köpük.
Bihepbe - gara köpügi ýok adam.
● Aýal - Awaýyl, awaýyk sözūnden.
Maşgalada el we enelik hyzmaty bolan agza.
Taýýarlan: Aşyr SALYH OGLY.
Türkmen dili