19:41 Şulary oýlaýanyñyz barmy? | |
ŞULARY OÝLAÝANYÑYZ BARMY?
Filosofiýa
Siziñ pikiriñizçe adamzadyñ ugry hanjak? Indi herkes diñe özüni bilýärmi? A biziñ ýolumyz nähili bolmaly? Biz näme hakda pikirlenmeli? Nähili pikirlenmeli? Aslynda bular barada az-owlak pikirlensek, erbed-ä bolmazdy... Şol ýol haýsy ýol? Käte edýän zatlarymyzy üns bermän edýäris... Aýdan sözlerimiz bilen adamlary gynandyrýarysmy ýa begendirýäris? Pikirlenýän ýok gerek, şeýlemi? Agzymyza gelen sözi şobada diýip goýberýäris! Ölçermezden..! Pikirlenmezden..! Ol Belent Ynsan! Ol Beýik Rebbiñ "Sen bolmadyk bolsañ, älemleri ýaratmazdym" diýen Ýagşyzadasynyñ (s.a.w) aýdan bir sözi ýadyma düşýär we aslynda bu hemişe ýadymyza düşüp durmaly... "Özüne isleýän zadyny din doganyna-da islemeýäniñ imany kämil däldir." (Ebu Dawut). Hawa! A eýse biz? Özümize bolsun eden zadymyzy başgalara-da (din doganlarymyza-da) bolsun etdikmi? Öz gaýgymyzy edişimiz ýaly başgalaryñam (din doganlarymyzyñ) gaýgysyny etdikmi? Özümize diýlende gaş çytyşymyz ýaly başgalary (din doganlarymyz) babatda-da dilimizi dişimiziñ añyrsynda saklap bildikmi?..! Şol ýol haýsy ýol diýipdim-ä, ýañy!.. Ine, şol ýol "Ýaradylanlaryñ iñ Ajabynyñ" ýoly! Muhammet pygamberiñ (s.a.w) ýoly, Ehli-Sünnet ýoly! Din doganyña düşünmegiñ ýoly! Ine, nebsiñ aç gözüni dañmagyñ ýoly, bu ýol! Jennet ýol! HAK ÝOL! Şulary, heý, oýlaýanyñyz barmy? Essalawmaleýkim!!! Rawza TURUNÇ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||