09:30 Şum meýil / detektiw oçerk | |
ŞUM MEÝIL
Detektiw proza
Indi hemme zat yzda galdy. Ýylanly raýonynyñ ''Leninizm'' kolhozynda gündüziñ güni iki aýalyñ we çaganyñ ölürilendigi baradaky habaryñ bütin oblasty gozgalaña salan dartgynly agyr günleri yzda galdy. Hemişe bolşy ýaly, hiç kim ybaly zat bilmese-de, myş-myşlar tokga gar ýaly artyp gidip otyrdy. Muny howsalaly signal boýunça jenaýatyñ bolan ýerine baran içeri işler uprawleniýesiniñ jenaýat agtaryş bölüminiñ işgärleri-de bilenokdylar. Jenaýatyñ üstüni açmak üçin içeri işler uprawleniýesiniñ iñ gowy operatiw işgärleri çekildiler. Onlarça, ýüzlerçe adamlar çylşyrymly düwni çöşlemek üçin çagyryldylar. Olaryñ arasynda Horezm oblastynyñ milisiýa işgärleri-de bardy. Bolup geçen waka zerarly howsalanan ''Leninizm'' kolhozynyñ ýaşaýjylary-da derñewe uly, bahasyna ýetip bolmajak kömek etdiler. Hut şolaryñ kömegi bilen ahyrynda ganhoryñ yzyna düşmek başartdy. Tagan Jowjanow meýdanda işländen soñ öýe dolanyp gelýärdi. Köpi gören traktorynyñ ryçaglaryny çalşyryp, öýüne golaýlanda ýapyk gapynyñ yşlaryndan çykýan tüssäni gördi. ''Ýangyn'' ㅡ ilki kellä gelen zat şu boldy. ㅡ Bu nähili beýle bolýar? Öýde uýam, aýalym, çagam bolmaly ahyryn. Be, hiç kim ýokmuka?'' Traktoryny öçürip ýetişmän, ol böküp ýere düşdi-de, öýüne tarap okduryldy. Gapy ýapykdy, daşyndan bir zatlar direlgidi. Tagan öz ýanyndan ''al kakmyş'' diýip, plitany gözegçiliksiz galdyryp bir ýerlere giden aýallara gargyndy. Gapyny özüne çekip, tüssäniñ ajy ysyndan dem alyp öñe ätledi... Jenaýatyñ bolan ýerine derñew-agtaryş topary gün batandan soñ geldi. Jenaýat bolan öýüñ golaýynda howsalaly adamlar durdylar. Jenaýatyñ yzyny säwlik bilen ýitirmezlik üçin öýi goramak barada çäreler görüldi. Jenaýat agtaryş bölüminiñ işgärleri işe girişdiler. Gijäniñ ýary bolandygyna garamazdan obadakylaryñ öýlerinde howsalaly ara alnyp maslahatlaşylýardy. Derñew-operatiw toparyñ ştabynyñ ýerleşen ýeri bolan kolhoz prawleniýesiniñ jaýynyñ penjiresinden bolsa yşyk tä ir ertire çenli görünýärdi. Bu ýerde hem maslahat dowam edýärdi. Bu ýerde hem bolup geçen waka barada heniz barlanylmaly çaklamalar öñe sürülýärdi. Jenaýat gündiz edilipdir. Şonuñ üçin kimdir biri milisiýanyñ işgärlerine gerek bolan maglumatlary bilmelidi. Ilki näbelli bolan ýagdaý kem-kemden aýdyñlaşdyryp ugrady. Öldürilen Altyn Jowjanowa öýünde göknar saklaýan bolup çykdy. Özi hem içýär, käte bolsa satmak bilen meşgullanýar. Onuñ agasy Tagan Jowjanow gowşak häsiýetli bolany üçin hojalygy esasan onub dogany dolandyrýardy. Maşgala ile goçulman,hiç kim bilen gatnaşyk etmän ýaşaýardy. Kämahal bu ýerde nätanyş adamlar hem görünýärdiler. Şeýdibem birinji çaklama peýda boldy. Jenaýat ogurlyk maksady bilen edilipdir. Ganhor göknar üçin gelipdir. ...Jaýa girip, otaga tarap aýlanan Tagan birden aýaly Zöhre Soltanowanyñ jesedine gabat geldi. Ýiti tüssäniñ derdinden ýaşaran gözlerini süpürip, aşak egildi. Düzedip bolmajak betbagtlygyñ bolandygyny duýdy. Zöhräniñ ýüzi-gözi gana boýalandy. Elinde göterip daşary çykaranda Zöhräniñ ýüzi ㅡ gözi gana boýalandy. Elinde göterip daşary çykaranda Zöhräniñ pyçaklanandygyny gördi.''Adamlar!'' ㅡ agaçda oturan guşlary ürküzen, iniñi düýrükdiriji ses çykdy: ''Kömek ediñ, adamlar!'' Golaýda bolsa öçürilmedik traktor birmeñzeş tarryldaýardy. Jenaýaty agtaryş ştaby ukusyz gijede bellenilen çäreleri ertir ir bilen durmuşa geçirmäge başlady. Obanyñ ýaşaýjylarynyñ öýlerine ýekänme-ýekän aýlanyp çykyldy. Soraglar-jogaplar, soraglar-jogaplar. Jenaýat agtaryş bölüminiñ işgärleri her bir adamyñ gürrüñini üns bilen diñleýärdiler. Hakykaty aýdyñlaşdyrmaga ýardam edip biläýjek zatlary göleýärdiler, anygyna ýetmek isleýärdiler. Derñew-operatiw toparynyñ ygtyýaryna kolhoz radiouzelini hem berdiler. Milisiýa işgärleri radiouzel arkaly kömek sorap, oba ilatyna ýüz tutýardylar. Adamlaryñ özleri kolhoz prawleniýesine gelýärdiler. Her kim ganhory tutmak üçin näme-de bolsa bir zat bilen kömek etmek isleýärdi. Bolup geçen wakanyñ akyla sygmajak adamkärçiliksiz zalymlygy sebäpli gahar-gazabyñ çägi ýokdy. Jenaýat nätanyş adam tarapyndan edilipdir ㅡ çaklamalaryñ biri şeýledi. Bu hakda ölüm howply ýaralanan Zöhre Soltanowa aýdypdy. Diýmek, ganhory daşdan gözlemek gerek. Obadakylar Horezm oblastyndan gelip jaý gurýan talabanlaryb köplenç kolhoza gelýändiklerini aýtdylar. Belki, ganhor şolaryñ arasyndadyr? Şeýdip heniz ol hakynda hiç zat belli bolmadyk jenaýatkäre eltäýjek ýol peýda boldy. ...Taganyñ gykylygyna goñşusy ylgap geldi. Olar iki bolup dogany bilen gyzynyñ boglup öldürilen we ýanyp duran jaýyna girdiler. Ömürlik betbagtlyk gelen öýdäki ýangyn kynlyk bilen söndürildi. Tizara Ýylanly raýon içeri işler bölüminiñ we oblast içeri işler uprawleniýesiniñ nobatçylarynyñ telefonlary howsalaly jyññyrdady. Bu 12-nji dekabrda, günüñ ahyrlarynda bolupdy. Ganhory gören adamlary gözlemek işleri ahyr soñy ilkinji üstünlik bilen tamamlandy. Ol tötänleýin döremedi. ㅡ Eger-de biziñ pikir edişimiz ýaly, ganhor Özbegistandan bolsa, onda ol obany taşlap Daşhowuza gitmeli. Sebäbi Horezm oblastyna gidýän ýol şonuñ üstünden geçýär. Biz jenaýatyñ bolan wagty Garadaşly-Daşhowuz ýoly bilen geçen maşynlaryñ gözlegine çykdyk, döwlet awtoinspektorlary hem bu işe çekildiler ㅡ diýip, jenaýat agtaryş bölüminiñ naçalnigi B.F.Gorbanew ýatlaýar. Şeýdip jenaýat agtaryş bölüminiñ işgärlerine möhüm maglumatlary beren şaýatlar tapyldy. Kolhoz çagalar bagynyb terbiýeçisi O. Babaýewa awtobus bilen ýeke özi işe barýarka ýoluñ uçastoklarynyñ birinde gürleýiş äheñi horezmlileriñkä çalymdaş uzyn boýly bir ýigidiñ maşyny saklandygyny gürrüñ berdi. Onuñ aýtmagyna görä, ýigidiñ aljyraññydygy bildirip durdy. Howanyñ sowukdygyna garamazdan durşy bilen der basypdyr. Tizara sürüji awtobusy saklaýar. Onuñ ugry başga tarapady. Haçanda O. Babaýewa bilen ýañky ýigit maşyndan düşenlerinde, ýigit gyzyñ haýsy tarapa barýandygy bilen gyzyklanypdyr. Şol wagt ýolda ak reñkli ''£iguli'' peýda bolýar. Maşyn batly yzyna öwrülip duranda ondan oglanlar düşürýärler. Nätanyş ylgap baryp sürüji bilen bir zatlar barada gürleşýär. Soñra ýañky maşyna münüp Daşhowuza tarap ýola düşýär. O.Babýewa maşynyñ nomeriniñ birinji sanynyñ dokuzlykdygyny ýatda saklapdyr. Nätanyş maşynyb gözlegleri başlanýar. Işe oblast döwlet awtomobil inspeksiýasy hem goşulýar. Nomeri dokuzlyk bilen başlanýan ak reñkli maşynlaryñ sany az däl ekeni. Ähtimal jenaýatçynyñ münüp giden ýeke ㅡ täk maşynyny tapmalydy. Bolup geçen betbagtçylyk zerarly tolgunýan Tagan Jowjanow derñewe hiç zat bilen kömek edip bilmedi. Milisiýa işgärleriniñ soraglarynyñ hiç birine-de düşnükli zat aýtmady, bu adamkärçilik nukdaý nazaryndan düşnüklidi. Neşe hakynda gürrüñ edilende, ol özüniñ hiç zat bilmeýändigini tekrarlap, bu işe gatnaşygynyñ ýokdugyny, bar zada aýal doganynyñ eýeçilik edendigini, onuñ bolsa ölendigini tassyklaýardy. Derñew bolsa öz akymy bilen dowam edýärdi. Tagan Jowjanowyñ ýakynda täze jaý salandygy mälim boldy. Onuñ gurluşygynda bolsa özbegistanly talabanlar işläpdirler. Günorta nahara olar köne jaýa gelýän ekenler, bu ýerden bolsa köplenç içgili ýagdaýda degşip ㅡ gülşüp çykýan ekenler. O.Babaýewanyñ gürrüñ beren ýoldaky nätanyşynyñ alamatlary boýunça portret taýýarlanylyp, köpeldildi, ähli ýaşaýjylara görkezdi. Şeýdip, jenaýat agtaryş bölüminiñ işgärleriniñ dogry taktiki göçümi ganhor bilen hasaplaşyk gününi golaýlatdy. Oba mekdebiniñ mugallymy R.Hudaýberdiýew portretdäkiniñ Ýangiarik raýonundan kolhoza gelýän talabanlaryñ biridigini tanady. Oblast içeri işler uprawleniýesiniñ naçalniginiñ kabinetinde derñew ㅡ operatiw toparyñ her gün geçýän ýygnaklarynyñ içinde bu günki ýygnak üýtgeşikdi. Bir çaklamada saklandylar; ganhor özbegistanly, ony şol ýerden gözlemeli. Bu gözlegleriñ bäşinji güni bolupdy. Hywa we Ýangiarik raýonlaryna operatiw toparlar ugradyldy. Horezm içeri işler uprawleniýesiniñ işgärleri kömege goşuldylar. Ilki başda yz tapylanokdy. Talabanlar: ㅡ Biziñ aramyzda şeýle wagşylyk edip biljekler ýok ㅡ diýip, el salgaýardylar. Ýöne şol ýerde kimdir biri portreti içgin synlap: ㅡ Ýusup Jumanyýazowa-ha birneme meñzeýär. Ol öñler şol kolhozda bolanymyzda Jowjanowlaryñ öýüne birnäçe gezek barypdy. Özüniñ aýtmagyna görä, ol ýerde neşe bilen meşgullanypdyr ㅡ diýdi. Şeýlelik-de, ilkinji gezek ganhoryñ ady agzaldy. Ýöne şol wagt bu diñe şübhelenmekdi. ㅡ Jumanyýazowyñ öýüne öýlän bardyk ㅡ diýip, Boris Fedorowiç Gorbanýew gürrüñ berýär: ㅡ aýaly garşylady. Adamyñ nirede diýen soragymyza ''13-nji dekabr güni gideni'' diýip jogap berdi. Bu jogapdan soñ bary düşnüklidi. Bir bolmasyz işiñ bolandygyny añan aýaly adamsynyñ gitmezden öñ goýup giden pully düwünçegini hem getirdi. ㅡ Muny on ikinji dekabrda getiripdi ㅡ diýip, ol aýtdy: ㅡ nireden alandygyny bilemok. Aýaly äriniñ şlýapasyny hem görkezdi. Şlýapa O. Babaýewanyñ suratlandyrandakysy ýalydy. Şübhe ýok ㅡ ganhor şol. Indi diñe ganhory tutaýmak galypdy. Birnäçe sagatdan soñ Ýangiarik raýonunyñ Öwez Otar adyndaky kolhozynda ýaşaýan, aýratyn agyr jenaýat etmekde şübhelenilýän Ýusup Jumanyýazow barasynda Bütinsoýuz gözleg yglan edildi. Bu wagt ol gurluşyklaryñ biriniñ ýerine barýardy. Eden işiniñ öñündäki gorkyny ýatdan çykarmak üçin restoranlarda sahylyk bilen pul seçýärdi. Hasaplaşyk pursatynyñ daşda däldigini duýýan ýaly, neşe hem öñküsi ýaly onuñ göwnüni göterenokdy. Ýolda gelýärkä özüniñ tutuş soýuzda gözlenilýändigini bildi. Ol hemmesine çalt düşündi. Jezadan gaçyp gutulmak üçin süren gözläp urnup başlady. Ýöne nädip gutuljak? Ýigrenjini il halamaýar. Ol gizlenere ýer taparyn umydy bilen yzyna ㅡ Horezme dolandy. Ýöne şeýle ýer bu ýerde hem ýokdy. Ýusup Jumanyýazowyñ ýerlerde ýokdugy baradaky habary alyp, ony Horezm oblastyndan gözlemek kararyna gelindi. Halka barha daralýardy. Ýeke özi galyp, gorkudan ýaña añyny ýitiren ganhor taşlanylyp gidilen meýdan düşelgesinde gizlendi. Bolan zatlar barada soñra prokuraturanyñ uly sülçüsi M.Sandybaýewe gürrüñ berdi. Ol Ýylanly raýonunyñ ''Leninizm'' kolhozyna gelip, Jowjanowlara barýar. Şonsuz ýaşap bilmejekdigini aýdyn, Altyn Jowjanowadan göknar soraýar. Göknar bermejekdigini aýdanda bolsa gazaba münüp, ony bogup öldürýär. Göknar gözläp sandygy döküp ugraýar. Şu wagt çaga aglaýar. Ýyrtyja öwrülen neşekeş gyzjagazy hem ýüp bilen bogup öldürýär. Neşä bolan meýil ony kör edipdi, adamkärçiligiñ çäginden çykarypdy. Onda diñe bir pikir ㅡ göknar tapmaly diýen pikir bardy. Şol wagt Jowjanowyñ aýaly Zöhre Soltanowa gelýär. Onuñ adam keşbinde edilen zatlary görüp, nähili duýgulary başdan geçirendigini göz öñüne getirmek kyn. Ol ganhoryñ ýüzüne ýapyşýar, ganhor bolsa pyçak çykarýar... Sandykdan neşe we pul tapyp, ganhor özüniñ pidalarynyñ üstüne çyradan kerosin sepip, ot berýär. Daşary çykyp, gapa direg urýar. Puly we iñ esasy zady ㅡ neşäni goltugyna gysyp hiç kim görmez ýaly bakjaçylygyñ içi bilen ýola howlugýar. Ýola çykybam garşydan gelýän awtobusa el galdyrýar. Haçanda ony tutanlarynda garşylyk görkezmedi. Indi onuñ özüniñ-de ýaşasy gelmeýärdi. Ýalañaç elektrik simine ýapyşyp öz ㅡ özüni öldürmäge synanyşdy. Ýöne elektrik razrýady ony gapdala zyñyp taşlaýar. Ol gorkudan we agyrydan ýaña poluñ üstünde togalanyp uwlamaga durdy. Agyrysyz, neşe edilendäki ýaly ''keýp'' bilen nähili ölüp boljakdygyny bilmeýärdi. Bu haýyn ganhorda heniz ýaşaýyş instinkti saklanyp galýardy. Ony jenaýat eden öýüne soraga alyp baranlarynda özüniñ hossarlarynyñ ar alaryndan gorkýardy. Ol heniz özüniñ öli durmuşy üçin sandyraklaýardy. Eden wagşylyklary hakynda eşidip, iñ ýakynlary ㅡ ata ㅡ enesi, aýaly ondan ýüz öwürdiler. Ýigrimi bäş ýaşynda ömürlik ýeke galdy. Özüni dogran ene gargyşy, neşä bolan humar indi onuñ ýakynlarydy. Jenaýatyñ neşekeşlik zerarly bolup geçendigi indi aýdyñdyr. Munda Jowjanowlaryñ hem günäsi ýok däl. Anyk deliller bilen diwara direlen ganhor ähli zady boýun aldy. Ýöne ol zeminde iñ aýylganç zady edendigini öz boýnuna aldymyka? Gümana. Sebäbi neşe ondaky adamkärçilige mahsus bolan ähli zatlary öldüripdi ahyryn. Şöhrat MÄTWELIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |