19:21 Betbagtçylyk / detektiw oçerk | |
BETBAGTÇYLYK
Detektiw proza
Jenaýat yzyna jenaýat diýilýäni boldy. Şäher milisiýasynyň ýolbaşçylary, bölümiň tutuş sostawy ganhorlar jezadan sypmaz ýaly tutuş iki hepdä golaý sözüň doly manysynda kirpiklerini-kirpiklerine gatmadylar. Şeýle mümkinçilik bolsa olarda bolupdy. Iki halatda hem jenaýatyň ýumagyny çöşlemek diýseň kyn boldy. Birinji dekabrda, günüň ikinji ýarymynda «02» telefony boýunça howsalaly signal gowuşdy. Merkez-1 mikroraýonynyň garşysyndaky Oktýabrýap kanalynda oýnap ýören çagalar aýalyň jesedini görüpdirler. Aýalyň gazaply ýenjilendigini ekspert bolmasaň-da kesgitläp boljakdy. Onuň ýüzüni görer ýaly däldi, gan öýlendi, ýara yzlary bardy. Mundan eýmenen çagalar golaýdaky magazinden milisiýa jaň edipdirler. Şol minutdan hem derňew-operatiw topar üçin wagt hasaby başlandy. Wakanyň bolan ýeri ünsli gözden geçirildi. Kanalyň kenarynda ýakalaşma yzlary bildirip durdy. Öleniň geýimleri ýyrtylypdyr, gana boýalypdyr. Şu ýerden hem öldüriş guraly diýlip çak edilýän – iki kerpiç we taýak tapyldy, olarda hem gan yzlary bardy. Operatiw-derňew toparynyň çlenleri döwülen birnäçe çakyr çüýşelerini, boş konserwa gutularyny hem gözden salmadylar. Jenaýatyň bolan ýeriniň golaýynda uly bag bardy, içgä meýilliler köplenç bu ýerde «şagalaň» guraýardylar. Bu ýagdaý dürli çaklamalary salgy berýärdi. Öldürilene seksual gatnaşyklary bilen bagly, ar almak üçin hüjüm edilen bolmagy hem ähtimaldy. Ýöne ilki onuň kimdigini anyklamalydy. Sebäbi öleniň ýanynda hiç hili dokument ýokdy. Milisiýa hem kimdir biriniň dereksiz ýitendigi barada habar gowuşmandy. Aýdylyşy ýaly, halka ýapykdy. Şu pursatda içeri işler bölüminiň ýolbaşçylary jenaýaty açmak üçin milisiýanyň uçastok inspektorlaryna bil baglamaly diýen netijä geldiler. Çünki olar hemişe adamlaryň arasynda bolýarlar, köpleri tanaýarlar. Şäher ilaty bilen olaryň ýakyn baglanyşyklary jenaýatça tarap yş açyp biljekdi. Emele gelen ýagdaýda munuň ýeketäk çözgütdigi soň mälim boldy. Oňşuksyz maşgalalaryň ençemesi barlanylyp görüldi ençeme günläp öýlerine köwlenmeýän ýeňles aýallaryň adreslerine baryldy. Şeýle barlaglaryň birinde uçastok inspektory Ş.Allamow 303-nji kwartalyň jaýlarynyň biriniň ýaşaýjylarynyň birnäçe günden bäri öz goňşusyna gözi düşmändiklerini anyklady. Onuň iki ýaşly gyzy gözegçiliksiz galdyrylypdyr. Ş.Allamow ýaňkynyň paltosynyň nähili reňkdedigi bilen gyzyklandy. Öldürileniň paltosynyň reňkiniň olaryň aýdanlaryna gabat gelmegi şübhäni has-da artdyrdy. Tizara goňşusy ölen Ranony tanady. Soňra onuň adamsy bilen hem duşuşyldy. Adamsy hem öleniň Ranodygyny aýtdy. Birnäçe günläp aýalynyň öýde bolmandygyny näme üçin milisiýa habar etmändigi soralanda, ol Ranonyň hemişe içgili gezýändigini, öýden çykyp gidýändigini aýtdy. Bu onuň üçin täzelik däl, şol sebäpli-de ynjalykdan düşmändir. Adamsy şu wakanyň öňisyrasynda öýlerinde maşgala dawasynyň bolandygyny boýun aldy. Şol günüň agşamsy ol aýalyny öýde nätanyş adam bilen görüpdir. Olar serhoş ekenler. Rano nätanyşy prorab diýip tanyşdyrypdyr, özüni işe ýerleşdirjekdigini aýdypdyr. Adamsy sögünip, Rano topulypdyr. Olar öýden çykyp gidipdirler. Soň eriş üzüldi. Şol nätanyş kimkä? Mümkin bolan jenaýatçynyň gözlegleri goňşularynyň we Ranonyň adamsynyň salgy beren alamatlary esasynda başlandy. Asyl şol adamy goňşy aýal daşrakdan gören ekeni. Adynyň hem Kadamdygyny eşidipdir. Milisiýanyň işgärleri şeýle işi edip biläýjek Kadam atlynyň gözlegine çykdylar. Şäheriň raýonlarynyň, birinde goňşusy şol ýigidi göründir. Ýöne ol çalt gaçmak bilen bolupdyr. Ýöne halka dolanuwsyz daralýardy. Tizara bolsa güman edilýän ýaňky ýigit şäher bölümine getirildi. Goňşulary we öleniň adamsy ony tanadylar. Boýun almazlyga edilen synanyşyklara garamazdan, getirilen anyk deliller ony oýlanmaga, bolşuny-bolşy ýaly aýtmaga mejbur etdi. Öz sözlerine görä, ol Rano bilen birnäçe wagt öň kolhoz bazarynda tanşypdyr. Iki bolup spirtli içgi içensoňlar umumy dil tapypdyrlar. Tötänleýin duşuşykdan birnäçe gün geçensoň Kadam özüni ýaramaz duýup ugrapdyr. Jenaýatçynyň sözlerine görä, onuň, keseli weneriki häsiýete eýe bolupdyr. Şeýle keseliň sebäpkäri bolan oýnaşyndan ar almak isläpdir. Ýöne onuň adresini bilmeýän ekeni. Wagt geçýär. Kadam ýene-de tötänleýin Rano gabat gelýär. Ol öz keseli barada dil ýarmaýar. Bu duşuşygy Ranonyň öýünde bilen «ýuwýarlar». Adamsy gelensoň bolsa çykyp gidýärler. Ýene-de üç çüýşe çakyr satyn alyp, olar Oktýabrýap kanalynyň boýuna çykýarlar. Bu ýerde hem içilýär. Kadam öz nägileligini aýdyp, Ranony symsyklamaga başlaýar. Ýakalaşyk başlanýar, şonuň netijesinde hem aýal öldürilýär. Jenaýat gije bolanlygy üçin ganhor özüni tapmazlar ödüp pikir edýär. Ertesi hem geýimlerindäki gan tegmillerini ýitirmek üçin hammama gidýär. Ýöne birnäçe günden hem ol ele salynýar. Jynsy başyna gidenlik, spirtli içgilere meýillilik şeýle Jenaýatyň esasy sebäpkäridir. Biz bu hakda köp gürrüň edýäris, köp hem eşidýäris, onuň nähili eýmenç netijelere getirýändigi barada welin oýlanýarmykak? ...Altynjy dekabrda, jenaýatyň üsti açyldy, şol günüň ertesi bolsa ýene-de howsalaly signal. Adam öldürilipdir. Bu gezek bolsa Şabat kanalynyň kenarynda. Stadionyň garşysynda, Şabadyň kenaryndan üç metrlikde ýedinji dekabrda nätanyş erkek adamyň jesedi tapylýar. Şu ýerde, kenarda ýene-de ýakalaşyk yzlary, gan tegmilleri. Doňan suwda, jesediň gapdalynda gana boýalan kerpiç bölekleri. Öleniň ýanynda dokumenti ýok ekeni. Ony tanamak üçin şäher milisiýasynyň tutuş sostawy, organyň pensiýa çykan weteranlary çagyryldylar. Ýöne netije bermedi. Kimdir biri öldürileniň ekskawatorçy ýa-da şofýor bolup işländigi barada çaklama aýtdy. Anyklamak üçin transport kärhanalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Netijesiz. Soň mälim bolşuna görä, ejir çeken şäherli däl ekeni. Öleniň foto suraty köpeldildi. Olaryň biri hem ýerligi Ýylanly raýonyndan bolan milisiýa işgäri H.Öwezowyň eline düşýär. Ol şu raýonda medisina işgäri bolup işleýän Döwleti tanaýar. Gözleg topary Ýylanla ugraýar. Tizara şübhe aradan aýrylýar. Obadaşlary öldürileni tanaýarlar. Indi jenaýatçynyň yzyna düşmelidi, Milisiýa işgärleri öleniň şahsyýetine, onuň durmuş obrazyna, tanyşlaryna üns berýärler. Onuň oblast harby komissariatynda tanşynyň bardygy anyklanylýar. Öldürilen güni goşuna ugradyşlygyň bolandygyny bilýärler. Goşuna gidenleriň arasynda hem onuň obadaşlarynyň ençemesi bar ekeni. Gözleg toparynyň çlenleri Döwleti soňky günlerde görenleriň ählisi bilen duşuşýarlar, her bir detaly minutma-minut yzarlaýarlar. Şeýlelik-de, soňky minutlarda Döwletiň nätanyş adamlar bilen spirtli içgileri içendigi anyklanylýar. Olaryň arasynda ildeşi Gurban hem bar ekeni. Gurban hakykatdan hem şol gün Döwlet bilen bolandygyny, Şabadyň kenarynda üstlerine hüjüm edilendigini, özüniň hem ýenjilendigini tassyklaýar. Ol özüne gelenden soň, turup öýüne gaýdypdyr. Döwleti bolsa soň görmändir. Hüjüm edenleriň arasynda öz ildeşleriniň hem biriniň bardygyny Gurban aýdýar. Olar ýüzleşdirilýär. Şondan soň milisiýanyň işgärlerinde Gurbanyň muny ak ýürek bilen aýdýandygyna şübhe döredýär. Ol adam öldürmekde güman edilip saklanylýar. Soňlugy bilen Gurbanyň öýünde geýimlerini otlandygy aýdyň bolýar. Onuň galyndylary tapylýar. Iň esasy bolsa ädikleri tapyldy. Ekspertleriň kesgitleýşine görä, hut şonuň eýesi jesedi kanala itekläpdir. Gurban özüniň ganhordygyny boýun almaly boldy. Şol gün olar Döwlet bilen spirtli içgileriň ýelginine maksatsyz şäherde seňäpdirler. Serhoşluk bilen sözleri azaşyp, Gurban ildeşiniň kellesine kerpiç bölekleri bilen birnäçe gezek urupdyr. Düzedip bolmajak ýalňyşlyk goýberendigine düşünip Döwleti diriligine sowuk suwa itekläp, gaçmak bilen bolupdyr. Jenaýatçylar paş edildiler. Ganhorlar jezadan gaçyp gutulmadylar. Şäher içeri işler bölüminiň işgärleri Daşhowuz şäheriniň we Ýylanly raýonynyň ýaşaýjylary babatynda örän gyzgyn seslenýärler. Şolarsyz jenaýatyň üstüni açmak kyn bolardy. Adamlar jenaýatçylara barlyşyksyz garaýarlar. Hat-da ganhorlaryň biriniň garyndaşlaryda milisiýanyň işgärlerine aktiw kömek etdiler. Ganhorlar aklanyp bilmezler. Şundan görnüşi ýaly, jenaýata ýene-de içgi sebäpkär. Käbirleriniň çak edişi ýaly, ol adamlara şadyýanlyk däl-de, betbagtçylyk getirýär. Onda-da örän uly betbagtçylyk. Şöhrat MÄTWELIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |