14:34 Erbetlik gülleri / detektiw oçerk | |
ERBETLIK GÜLLERI
Detektiw proza
Neşe mafiýasy howply duşman. Olar diňe bir Kolumbiýanyň jeňňelliklerinde däl, eýsem Garagumyň giňişliklerinde hem gabahat gazanç etmek üçin guduzlan ýyrtyjy ýaly, hars urýarlar. Olaryň öňünde duran özüň bolma, hiç zatdan hem gaýtmaýarlar. Şonuň üçin hem operatiw topara içeri işler uprawleniýesiniň naçalniginiň orunbasary Aman Geldiýewiç Geldigurbanow we jenaýat agtaryş bölüminiň naçalnigi Boris Fedorowiç Gorbanew baştutanlyk edýärdiler. Toparyň ýaraglanyşy hem çynlakaýdy: her kimde sapança, awtomat, mergen tüpeňi bardy. Öz ýanlary bilen benzin hem alypdylar. Neşelik ekinler ýoklanylmaga degişlidi. Kuwwatly wertolýot bize garaşýardy. Onuň salonynda ynjalykly ýerleşýäris. Oglanlar öz ýaraglaryny ýene-de bir gezek gözden geçirýärler. Az salymdan bolsa biz eýýäm howada. Garagumyň çäge gerişleri. Olar dessine peýda bolaýanok. Daşhowuz aeroportunyň beton uçuş zologynyň gutaran ýerinden ekinzarlyklar uzap gidýär. Inçejik gowaça baldajyklary ene topraga baş egip, egsilmez güýç bilen güne dalaş edýärdiler. Olar umyt bilen gowaça meýdanlaryna syn edýän oba zähmetkeşleriniň gözlerini dokundyrýardy. Biz bolsak erbetligiň, betbagtçylygyň tohumynyň – göknar tohumynyň sepilen ýerine tarap uçup barýarys. Biz bu taýlardan ýüzlerçe kilometr uzaga – Merkezi Garaguma, erbetligiň güllerini ýoklamaga tarap uçup barýarys. Şol gülleri bolsa neşäniň guluna öwrülen betbagt adamlar ýa-da betniýet bilen baýlaşmagyň kül-külüne düşenler ösdürip ýetişdirýärler. Biz şol ýere, ösümligiň boý almagyna umyt bilen garaşylýan ýerine uçup barýarys... Ýöne ösdürip ýetişdirýän adamlar ýaly, olar hem dürli-dürli. Pesden uçup barýarys. Wertolýotyň sesinden gorkup, ylgap barýan towşanjyga çenli görünýär. Bu ýerden geçen awtomobilleriň yzlary çar taraplara uzap gidýär. Garagum bireýýäm adamsyz däl. Bu ýerlerden geçen adamlar kimler? Geologlarmy, gazçylarmy, çopanlarmy ýa-da çölüň jümmüşinde gizlenen öz göknar plantasiýalaryna barýan jenaýatçylarmy? Biziň uçup barýan «Baleýşem» diýen ýerimiz täze gurlan Daşhowuz – Aşgabat awtomagistralynyň golaýynda ýerleşýär. Onuň töweregini guýular gurşaýar. Çünki, göknar suwsuz ösmeýär. Bu ýerlerde eýýäm käbir adamlar tirýek söwdasyndan girjek girdejilerini hasaplaýan bolmagy mümkin, sebäbi ony öndürmek şeýle bir köp zähmeti talap etmeýär, Ýöne eýýäm toparyň wertolýoty plantasiýalaryň depesinde güwwüldeýär. Oglanlaryň gözleri türgenleşen. «Seret, hon-ha ýaşyl tegmilleri görýäňmi?» diýip, meniň egnime kakýarlar. Özüm bolsam zady saýgarmazdym. Sebäbi Garagumda bahar – sazagyň, çerkeziň, gandymyň gülleýän döwri. Göknaryň gülleýşi welin üýtgeşik. Del gözden gizläp saklamak üçin neşe öndürijiler her hili hilegärliklere ýüz urýarlar. Ýöne jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri-de ussat, düşbi oglanlar, olaryň gözlerine çöp ataýmak hem aňsat däl. Jenaýatçylar töwerek-daşy sazakdyr çerkez bilen gurşalan, taşlanyp gidilen goýun agyllaryna göknar ekýärler. Olary ýerinde tutmak örän seýrek başardýar. Ýöne ekenleriň kimdigini welin, bilmek şeýle bir kyn däl. Göknar plantasiýalarynyň golaýynda çopanlaryň gara öýleri bar. Goýundyr geçi sürüleri alaňlara dagaşyp, göknarly ýaşyl adajyklardan sowlup geçýärler. Biziň wertolýotymyz tozanly tupan turzup, uly plantasiýanyň golaýynda gondy. Wertolýotyň winti entek saklanyp-saklanmanka awtomatçylar eýýäm daşary çykypdylar. Bu operasiýa olar üçin ekskursiýa bolman, eýsem endik bolup galan işdir. Gülläp oturan göknary ilkinji gezek görýärin. Ak, gök güller. Olarda bir hili eýmenç gözellik bardy. Belki, munuň özi gowaçanyň köregine meňzeş bu iri ýaşyl gozalarda nähili güýjüň gizlenýändigini bilýänligimiz üçin şeýle görünýändir. Göräýmäge ýönekeý, adaty güller. Baldaklary welin örän berk. Hasylyň käbir bölegini eýýäm ýygnamaga ýetişipdirler. Kem-kössüz, yhlas bilen işläpdirler. Belki, häzir kuwwatly «Urallaryň» kuzowynda dykylyp doldurylan gaplary alaňlaryň arasy bilen alyp barýandyrlar. Golaýdaky depäniň üstünde uly bolmadyk ýerde ot ýakylypdyr. Ýanan sazak töňňeleriniň ýanynda daşy gurumlaşan taňka – köplenç çölde çaý gaýnadylýan mis tüňçe, düýrlenen kagyz turbajyklary bar. Plantasiýalaryň «eýeleri bu ýerde göknaryň köreginden kesilende çykýan şiräni-tiregi çekipdirler. Hasylyň galan bölegi üçin olaryň gelmekleri ähtimal. Şonuň üçin jenaýaty agtaryşyň operupolnomoçennylary Toýly Rozymow, Zair Sabyrow, Bazar Taganow dagylar ýany bilen diňe bir awtomat däl, eýsem azyk hem-de suw alyp, jenaýatçylary güpbasdy etmek üçin bu ýerde galýarlar. Kim bilýär, plantasiýalaryň eýelerine alaňlaryň arasynda näçe garaşmaly boljak? Oglanlara üstünlik arzuw edip, ýene-de howa galýarys. Üç minuda golaý, şondan köp däl, uçýarys. Ýene-de şol zährimar. Bu ýerde hem göknar goýun agylynda gülläp otyr. – Öňde baryjy tejribäni olar bir-birlerinden çalt öwrenýärler – diýip, Boris Fedorowiç degişýär. Plantasiýanyň golaýynda zemzen bilen ýabany çöl pişigi atylyp öldürilipdir. Agyla ilki bolup Aman Geldiýewiç golaýlaşýar. «Bu ýeriň eýesi aladaçyl ekeni, seret, gulpjagazam asypdyrlar» diýip, ol geň galyjylyk bilen seslenýär. Dogrudan hem baryp ýatan gülkünç ýagdaý. Ilsiz – ulussyz çölüň içinde gulp kimiň hyýalyna geldikä? Her näme-de bolsa bu ýerdäki emläk hem az-küş zat däl, ençeme müň manada degýär. Bu atyzlary guýudan suw daşap suwarmak üçin gör, näçe der döküldikä? Operatiwçiler alňasamaýarlar. Göknar düýbi bilen çapylýar. Onuň ýaşyl desselerini kükürt çaksaň ýanjak bolup duran gury sazak töňňeleriniň üstüne oklaýarlar. Soňra hem benzin guýup otlaýarlar. Tutuş proses surata alynýar. Ynha, ýalyn tutaşyp, göknaryň gozalaryndaky şireler köprüjikläp, towlanyp ugraýar. Indi gulpuň arzyly açary eýesine gerek bolmaz. Bu ýere gelende öňki ýaşyl adajygyň deregine gara köýük bolup ýatan meýdany görer. Ýöne bu ýerden alysdaky adamlar üçin ösdürilip ýetişdirilen bu güller gaýdyp olaryň ömürlerini ýakmaz. Uçýarys. Oduň öwüşgininiň arasy bilen alaňlara tarap neşe öndürijileriň gözlegine barýan milisiýanyň işgärleri Maksat Gurbangeldiýew, Aýdar Hasanow, Welmyrat Girmanow, Gurban Gurbanmädow dagylaryň gol bulaýlaýandyklaryny saýgarýarys. Öýe tarap uçup barýarys. Eýýäm agşam düşdi. Biziň wertolýotymyz gijeki uçuşlara niýetlenmedik. Aşakda – çopan gara öýleri. Wertolýotyň gohuna çagajyklar ylgaşyp çykýarlar. Ýöne näme üçindir ulular görnenok. Ine, birden kepbäniň birnäçe ädim golaýynda ýene-de göknar plantasiýasy göze ilýär. Geldigurbanow pilotlaryň ýanyna baryp, gonmaly diýen karara gelýär. Ätiýaç üçin Boris Fedorowiç galan tüpeňleri hem taýýarlap goýýar. Ähli ýaraglar oglanlara goýlup gaýdyldy ahyry. Plantasiýalar birinji garaýyşda täsir galdyrýarlar. Golaýda suwarmak üçin şlangaly uly sisterna bar. Suw maşynynyň şofýoryna bir gezek suw getireni üçin söwdalaşman on müň manat berýärler diýip gürrüň edýärler. Ýapgyt depe bilen çopan posýologyna tarap barýarys. Boris Fedorowiç tüpeňe zeper ýetendigini öňünden duýdurýar. Eger itlerini küşgüräýseler iş çatak. Gorkunç. Üstesine-de ümüş-tamyşlyk. Gara öýleriň ikisiniň deňinden geçdik. Üçünjisiniň ýanynda bizi äpet çopan iti gördi we şübheli garap bize tarap gaýtdy. Köpek syrtardy, eger-de gara öýden bir ýaşuly çykmadyk bolsa, işiň näme bilen gutarjakdygy belli däldi. Ýerde oturyp gürleşýäris. Ýaňky ýaşula Hommat Oraz diýer ekenler. Bütin ömrüni çölde geçiripdir. Aýalyny bireýýäm jaýlapdyr. Ýanynda ogly, gelni, agtyklary bar. Ýapgyt depeden aňyrdaky güller barada hiç zat bilenok. Çölde gülleýän zat gytmy näme? Ýöne garry uzak dymyp oturyp bilmedi. Öz ýetişdiren göknaryna nebsi agyrýandygyny syzdyrdy: – Galdyryp bolmaýarmy? – diýip, ol ýuwaşja sorady: – men kesel, özüm üçin ekipdim. Gojanyň gelni bolsa-da örän erjel, tutanýerli, dilewar ekeni; – Hudanyň adyndan haýyş edýän, garrynyň göwnüne degmäň – diýip, ellerimize ýapyşyp özelenýärdi: – indi onuň iňňildisi bize ynjalyk bermez. Ol göknarsyz öler. Göknary ýok wagty gijelerine ýatman aýaklaryny owkalap çykýan. Hemmesini ýakmaň, azajyk ýygnap almaga rugsat ediň. Garra nebsimiz agyrdy. Onuň çekýän ejiriniň neşekeşiň ejiridigi düşnüklidi. Narkologiýa dispanserinde şeýle adamlaryň köpüsini görüpdik. Dogrudan hem öz ömrüni göknarsyz göz öňüne getirip bilenok. Özüni bejertmek hem indi oňa giç bolsa gerek. Gözüňi ýumup, ynsabyňy köşeşdirmegem bolardy. Ýöne garrynyň ogly, gelni bar, agtyklary ýetişip gelýärler. Kim olaryň atalarynyň göreldesine eýermejekdiklerine, bu irreal dünýäden gaýyp bolup, ýerdäki durmuşyň aladalaryny ýatdan çykarmak üçin sarymtyl, başyňy aýlaýjy içgini – göknary içmejekdiklerine kepil geçip biler? Bir adam üçin bolsa onça meýdan köpdi. Biz wertolýotly ýokary galanymyzda göknaryň alawlap ýanýan odunyň ýanynda garry henizem çöküne düşüp otyrdy. Çagaly gelni hem jadylanan ýaly doňup durdy. Ýalyn bolsa barha güýçlenýärdi. Şol gün diňe bir operasiýanyň dowamynda jenaýaty agtaryş bölüminiň işgärleriniň kömegi bilen bu eýmenç ösümligiň million manatlykdan gowragy ýok edildi. Bu nyrh – gara bazaryň nyrhydyr. Neşe biznesi bilen meşgullanýan hannaslaryň umytlary amala aşarmyka? Bu diňe bir milisiýa işgärlerine hem bagly däldir. Tutuş oblast boýunça ýekeje wertolýot bilen däme edip bolar? Munuň üçin tutuş eskadrilýa gerek. Adamlaryň aktiwligi, olar tarapyndan goldaw zerur. Arman... Ýöne köpler muny görseler-de görmezlige salýarlar. Hojalyklaryň spesialistleri, komandirowkadakylar, awçylar... göknar plantasiýalarynyň duşundan geçýärler. Hiç kimiň peşe mafiýasy bilen iş salşasy gelenok. Her kime öz rahatlygy gymmatly. Olar bolsa barha haýasyzlanýarlar. Çynlakaý göreş garaşýar. Şöhrat MÄTWELIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |