23:43 Ýoldan çykanlar / detektiw oçerk | |
ÝOLDAN ÇYKANLAR
Detektiw proza
Awtomobillere tehniki hyzmat stansiýasynyň işgärleri Kamil Nurmetow we Kadam Madraimow «Jigulide» gelýärdiler. Täzebazardan Daşhowuza gaýdýan ýoluň çatrygyndan öwrülenlerinde demirýol geçelgesiniň duşunda «saklanyň» diýip yşarat eden üç sany gyz olaryň ünsüni çekdi. Dostlar bir-birlerine seredişdiler we sözsüz düşünişdiler. – Salam, oglanlar! Biz şähere barmaly. . Gyzlar edil öz maşynlarynda oturan ýaly, oturgyja ýaplanyp, özlerini arkaýyn alyp barýardylar. – Onda näme, tanyş bolalyň! Ýigitler özlerine känbir ýalbardyp durmadylar. Olar Gözel, Saida we Muhabbat atly gyzlar ekeni. Özleri-de örän ýaş görünýärdiler. Ýöne mekdep okuwçylaryna känbir meňzäp baranokdylar. Ýigitler maşyndakylaryň känbir ýalbartman wagtyňy hoş geçirip boljak ýeňles gyzlardygyna düşündiler. Haçanda örän owadan, hindi kinosynyň ýyldyzlaryna meňzeýän Gözel söz arasynda: – Bu gün meniň doglan günüm. Belki, bileje belläris – diýende olar munuň hakykatdan hem şeýledigine göz ýetirdiler. Ýigitler garşy bolup durmadylar. Şular ýaly ýagdaýlarda käte «şeýtan azdyrdy» diýýärler. Olaryň ikisi-de öýlenen ahyryn, şonuň üçin hem olara aýal namysy boş owaz bolmaly däl ýaly. Ýöne höwes oglanlary saklap biläýjek ahlak araçäklerinden çykardy. – «Psihuşka» eltiň – diýip, Gözel oglanlaryň özlerinde göwünleriniň bardygyna düşünip aýtdy: – Arak alarys. Gyzlar oglanlaryň pul mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp durmadylar. Şeýtmek bilenem özleriniň beýlekidere mahsus bolmadyk häsiýetlerini äşgär etdiler. Öýleriň biriniň golaýynda düşüp, Gözel dessine iki çüýşe arakly dolanyp geldi. – Ýaşaýas! Indi diňe çüýşä we aýal tenine golaýlaşyp bolaýjak ýer tapmak galýardy... Olar oýlanýançalar, şäheriň merkezi köçeleriniň biri bilen barýan maşynyň, soň Kamiliň agasy bolup çykan awtobusyň sürüjisi saklady. Ýolagçylary gözden geçirip, inisini bir çete çagyrdy: «Saňa utanç dälmi? Öýde aýalyň, çagalaryň bar, sen bolsa jelepler bilen gezip ýörsüň. Olary bir ýerde düşür-de, öýe bar». Kamil razylaşyjylykly baş atdy-da, öz maşynyna tarap gaýtdy. «Özünden ulynyň aýdanyny etmedik uwlar» diýip, türkmenlerde nakyl bar. Ýöne Kamil agasynyň aýdanyna gulak asmady, şeýtmek bilen deňine iki günä etdi. Dogry ilkibaşda ikirjiňlendi. Ýöne gyzlar «Eh, seni-de erkek diýjeksiň?» diýip, gülki astyna aldylar. Kamil elini salgady-da: – Başa gelenini göz görer, gitdik – diýdi. Olar awtomagaziniň garawuly Madrim Baltaýewiň ýaşaýan garawulhanasyna barmaly diýen karara geldiler. Madrim garaşylmadyk myhmanlaryň gelmegine begendi. Ol Kamil we Kadam bilen öňden tanyşdy, gyzlar bilen bolsa indi tanyşmalydy. Madrimiň özi ýetimdi. Inçejik demir krowat we agaç ýakylyp gyzdyrylýan kiçijik peçjagaz zordan ýerleşýän garawulhana onuň üçin mähriban öýdi. Muny bolsa onuň halyna dözmän awtomagaziniň işgärleri gurup beripdiler. Ýakyn wagtlarda öýlenmekçi gelinliginden we magazini garawullaýan hem-de onuň «meniň çagajyklarym» diýip atlandyrýan güjüklerinden başga Madrimiň hiç kimi ýokdy. Häsiýeti boýunça Madrim açyk göwün, adamkärçilikli ýigitdi. Ýetimlik ony bälçiretmändi. Ine, şol gowy diýýän Madrimimiz eger şol gije bile bolan gyzy ilki başdaky zorladylar diýen görkezmesinden ýüz döndermedik bolsa demir gözenegiň aňyrsyna düşmelidi. Ýöne onuň bagty getirdi. Mundan birnäçe gün öň onuň saýlap alany – Muhabbatyň on alty ýaşy dolupdy. Eger-de bu duşuşyk sähelçe öňräk bolsady, onda ýetim Madrime sud edilýäniň oturgyjynda bolmak miýesser ederdi. Şol gije bolsa hiç hili gykylykdan, hukuk goraýjy organlaryň işgerleri bilen boljak duşuşyklardan habar bermeýärdi. Garawulhananyň eýesiniň tapan ýönekeýje zatlaryndan hurş edip, arak içdiler. Hakykatynda bolmadyk doglan gün üçin dabaraly tostlar aýdyldy. Diňe aldaw we oýnaşmaga höwes, onda-da ýeňil bolmadyk höwes bardy... Iki çüýşe boşadyldy. Kelleleri sämäp ugran gyzlar ýene içmäge isleg bildirdiler. Gözel ýene-de şol tanyş öýe girip, bir çüýşe arak alyp çykdy. Arak bu gyzlaryň kellelerine düýpli täsir edip ugranda, olar kimiň haýsy ýigit bilen bolmalydygy barada öz aralarynda jedeleşip başladylar. Ýumruklaşma çenli baryp ýetildi. Üçüsi üç ýerden bir-birlerine topuldylar, olary aralamak hem iş boldy. Ahyrynda jübütler ýerli-ýerine dagaşdylar... Soňra Kamil-de, Kadam-da gyzlar bilen özleriniň ýakyn aragatnaşykda bolandyklaryny boýun almazlar. Biri düşündirişinde «sifilis bilen kesellemekden gorkup» şeýle etmändigini, beýlekisi bolsa aşa serhoşlygy zerarly ýaramandygyny düşündirer. Şol gije jyns gatnaşygyny edendigini diňe Madrim Baltaýew boýun aldy. Birazrak öňe gidip, ýaňky oglanlaryň administratiw otagda spirtli içgileri içendikleri üçin administratiw temmi alandyklaryny aýdalyň. Madrimiň ýorganyna giren Muhabbat joralary bilen tersleşdi. Onuň pikiriçe, Madrim görmegeý däldi, özünde hiç hili ýyly duýgulary döretmänmiş. Şonuň üçin hem ir bilen garawulhanadan çykyp, Madrimiň düşegine salandyklary sebäpli joralaryndan ar almak maksady bilen özüniň zorlanylandygy barada milisýa habar edýär, gijeki bolan şady-horramlygyň adresini aýdýar. Ýöne milisionerler şol ýere gelenlerinde garawuldan başga adamy tapmaýarlar. Bir bolmasy işiň bolmagyndan gorkup, kampaniýa çalt dargaşýar. Ýöne oglanlary tapmak kynçylyk döretmedi. Madrim hiç zady gizläp durmady. Gözel bilen Saida bolsa Daşhowuzdan ýitirim boldular. Soňra Muhabbat özüniň zorlanandygy baradaky pikiri joralaryna ýamanlyk etmek üçin oýlap tapandygyny düşündirmek bilen, ilkinji görkezmesinden boýun gaçyrdy. Netijede gözenekli äpişgäniň aňyrsyndan gözlemegi gaty ähtimal bolan Madrim erkinlikde galdy. Jenaýat işini gozgamakdan ýüz öwürdiler. Muňa-da şükür, sebäbi eger-de basan bolsalar Madrime haýpyň geljekdi. Halk arasynda şular ýalylara «ýoldan çykan» diýýärler. Emma şol «ýoldan çykan» gyz özüniň görkezmelerini üýtgetmedik bolsa, ýigidiň ykbaly tersine öwrülerdi. Elbetde, şeýle gyz bilen bolandygy üçin Madrimi hem aklap bolmaz. Muhabbat hem başda şeýle däldi ahyryn. Madrim ýalylar we şoňa meňzeşler gyzlara gara boýunturyk ildirip bilseler, hiç zatdan gaýtmaýarlar. Hawa, olar dessine «ýoldan çykmadylar». Gaçanlaryň biri – Gözeli bir jenaýatçy adamsyz ýerde zorlapdyr. Ony basýarlar, gyzy bolsa gorap saklap bilmeýärler. Gyz üzülen tar ýaly, alaçsyz kä o ýana, kä bu ýana yraň atýar... Muhabbat hem öz erki bilen aýala öwrülmeýär. Ony heniz on alty ýaşyna hem ýetmänkä maşyna basyp alyp gaçypdyrlar. Aýdyşyna görä, bir aşpez bilen ýaşaşypdyr. Onuň adyny ýazmakdan saklanýaryn, sebäbi Muhabbat öz görkezmelerini çalt özgerdýär. Alnyp gaçylmagynyň taryhyny bolsa Muhabbatyň özi aýtdy. Biz bolsa onuň bilen narkologiýa dispanserinde duşuşmaly bolduk. Hut ýaňy-ýakynda on alty ýaşy dolan Muhabbat neşä meýilli bolupdyr. Tertipsiz durmuş obrazynyň özüne getirýän çykalgasyzlygyny wagtlaýynça bolsa-da unutmak üçin şeýle pişä baş goşupdyr. Ýöne neşäniň meýmirediji düýşleri çalt duşdan geçýär, diňe özüňe erk etmek bilen bu typançak we hapa ýoldan saklanyp boljak gorkunç düýşler başlanýar... Şöhrat MÄTWELIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |