15:18 Tümlügiñ añyrsynda ýagtylyk bar / detektiw oçerk | |
TÜMLÜGIŇ AŇYRSYNDA ÝAGTYLYK BAR
Detektiw proza
Daşhowuz şäherindäki üsti tikenekli sim bilen jäheklenen äpet beton haýatlar duşundan geçeniň ünsüni özüne çek ýär. Bu ýerde ýurdumyzda köp bolmadyk aýallar koloniýasynyň biriniň ýerleşýändigi hiç kim üçin gizlin däl. Sud edilen aýallaryň saklanylýan ýeri bolan beton haýatlaryň aňyrsynda bolup geçýän zatlar barada şäherlileriň arasynda dürli myş-myşlar, çaklamalar, toslamalar bar. Ýöne zähmet – düzediş koloniýasy diýlip atlandyrylýan, biziň hemmämizden üzňe bolan dünýädäki ýaşaýyş akymy baradaky hakykaty bilýänimiz az-azdyr. Aýal – jenaýatçy. Bu sözler nähilidir bir-birleri bilen sepleşmeýär, özüniň adaty däldigi, özboluşsyzlygy, biziň sataşyp, pikir alşyp ýören, endik edýän aýallarymyza mahsussyzlygy üçin şeýle bolsa gerek. Oblastyň içeri işler uprawleniýesiniň ýolbaşçylary biziň koloniýa baryp görmek meselämizi süýrenjeňlige salman çözdüler. Ynha-da biz aňyrsynda özümize näbelli, başgaça durmuşyň başlanýan ýeri bolan kiçijik gapynyň öňünde durus. Metalyň özboluşly owazy, gapynyň sürgüçleriniň jygyldysy eşdilýär. Ine-de, biz iki tarapyna köp sanly gözenekler aýlanan darajyk geçelgede. – Habarçylarmy? Ynha, siziň rugsat hatlaryňyz. Harby eşikli adam hyrş aramak maksady bilen däl-de, ýöne kiçijik äpişgejikden bizi ünsli synlaýar. Haýsydyr bir ildirgiçler şakyrdaýar. Biz koloniýanyň bosagasyndan ätleýäris. Ýöne bu entek zona däldir. Ol biraz aňyrrak da, howlynyň düýbünde, gözenekli gabaraly derwezeleriň aňyrsynda ýerleşýär. Bu ýerde bolsa koloniýanyň ýolbaşçylarynyň işleýän gulluk otaglary bar. Koloniýanyň naçalniginiň operatiw düzgün işleri boýunça orunbasary Sapargül Abdykerimowa bilen çalt umumy dil tapdyk. Bu ýolbaşçylaryň howatyrly seredýän gazetçileri üçin üstünlikdir. Içerki gullugyň maýory, görmegeý zenan Sapargül kresloda oturan býurokrata meňzänokdy. Öz işini oňat bilýän, oňa jogapkärçilikli çemeleşýän, ak ýürekli we akylly gürrüňdeşdi. – Biziň işimizde esasy zat sud edilenleriň düzelmegi üçin şertleri döretmekdir – diýip, Sapargül aýdýar. Bu gizlin däl, bu hakda häzir köp gürrüň edýärler we ýazýarlar. Eger-de koloniýada tertip-düzgün bolmasa, onda sud edilenler öňküden beter rehimsizlenýärler. Terbiýeçilik prosesi ýoga çykarylýar, boş formallyga öwrülýär: Jenaýatçylyk ýoluna säwlik bilei düşenleriň hem jenaýatçylaryň sredasyna çekiläýmekleri mümkin. Koloniýada administrasiýanyň garşysyna gidýän, özüniň «terbiýeçilik» işini ýöredýän «otrisalowka» diýen toparyň bardygyny biz Sapargül Abdykerimowa we syýasy-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasar, içerki gullugyň leýtenanty Bekpaşa Dosçanowa dagylar bilen bolan uzak gürrüňdeşlikde eşitdik. Kim-kimi ýeňer, sud edilenler kime köp ynanýarkalar? Köp zat biziň mylaýym gürrüňdeşlerimiz bolan bu iki aýalyň öz borçlaryna garaýyşlaryna baglydyr. – Sud edilenler köplenç maňa ögüňi özüň oda atypsyň diýýärler – diýip, Bekpaşa ýylgyrýar: – dogrudan hem biz bu ýerde ir ertirden tä ýarygijelere çenli bolýarys: Şunça iş köp. Wagtyň nähili geçenini bilmän galýarsyň. «Gyzyl kalina» diýen filmdäki sud edilenleriň horunyň aýdym aýdýan sahnasy hemmeleriň ýadyndadyr. Hor gamgyndy. Gara geýimdäki saçlary syrylan oglanlar. Aýallar koloniýasynyň hem öz çeper höwesjeňleri bar. Ýöne oňa gatnaşýan gyzlar şeýle bir gamgyn hem däl. Dogrusy tussaglykdaky durmuş hem özüniň kiçijik şatlyklary bolan durmuşdyr. Emma gözýaşlar... Olar deslapky derňew wagtynda hem, sud wagtynda hem köp dökülipdi. Bu ýerde, aýallar koloniýasynda hem bizden gizlin dökülýär. Erkinlikdäki ýaly şowhunly däl-de, tutugrak hem bolsa bu ýerde gülki sesleri-de ýaňlanýar. Ýöne barybir... – Sud edilenleriň arasynda talantly gyzlar köp – diýip, täze ýetişen leýtanant, öňki pedagog Bekpaşa Dosçanowa aýdýar. Muňa basym özümiz hem göz ýetirdik... Koloniýanyň territoriýasynda hereket etmek diňe gapdalyňda harby gullukçy bolan halatynda mümkindir. Düzgün şeýle. Ýöne biz yzymyzdan gelýänleri duýmaýan ýalydyk... Gözenekli derwezeden ätläp, wagtyň başga ölçegine we giňişligine barýarys. Näme üçindir biz bu ýerde jenaýatçylaryň ýaşaýandyklaryny unudýarys. Öz öňümizde jemgyýetden köp ýyllyk üzňeleşdirilen gara geýimdäki aýallary görýäris. Koloniýanyň öz kitaphanasy hem bar ekeni. Garaňky şalykdaky ýagtylygyň kiçijik şöhlesi ýaly. Intelligent sypatly, görmegeý kitaphanaçy aýal bizi tekjelerdäki kitaplar bilen tanyşdyrýar. – Golaýda diwar gazetleriniň konkursy geçirildi – diýip, ol gürrüň berýär: – iň gowularyny şu ýerde asyp goýduk. Olar täze ýyl gazetleridi. Şular ýaly açyk reňkli, şadyýan towşanjyklaryň we beýleki tokaý haýwanlarynyň suratlarynyň şu ýerde, tikenli simleriň aňyrsynda döredilendigine ynanasyň gelmeýär. – Aýratyn talant bilen bezelipdir – diýip, biziň birimiz seslendi. – Ähli talantlylar koloniýadadyr – diýip, sud edilenleriň biri jogap gaýtardy. Kitaphanaçynyň gürrüňini diňläp, bu akylly aýalyň nädip bu ýere düşendigi hakyndaky pikirden daşlaşyp bilmedik. Uly möçberdäki ogurlyk üçin ekeni. Indi on bäş ýylyny Daşhowuz asmanynyň astynda geçirmeli. Özi bereketli ülkeden – Soçi şäherinden bolup, uly söwda işgäri ekeni. Koloniýada gazet hem okalýar. Şol sanda biziň oblast gazetlerimize-de. Koloniýadaky ýaşaýyş problemalary, saklanyş şertleri hakynda bolan köp sanly gürrüňlerde biz olaryň sud edilenlerdiklerini unudýarys. Biziň öňümizde diňe aýallar bardy. Bir biynjalyk edýän zat, güpbileriniň tutuk reňkidi. Biz olaryň hiç birinden ýekeje-de jenaýatçylara mahsus bolan söz eşitmedik... Özleriniň aýaldyklaryny duýmaklary olara bu düşünjäniň ýogalýan ýeriniň çäginden ätlemege hukuk bermeýär. Jenaýatçy bolsalar-da olar aýallygyna galýarlar. Bu bolsa olara keramatlylygyň nyşany hökmünde şugla saçyp, özleriniň özlerine getiren tragiki derejesini yza tesdirýär. Kim ýalňyşlyk bilen, kimler bolsa uly baýlygyň yşkyna düşüp şu günlere sezewar bolupdyr. Biz naharhanada. Äpişgejikden aňyrda soldat naharhanasyndaka meňzeş uzyn stollar görünýärdi. Gazanlaryň arayndaky susaklar ýaňy ýasalan ýaly ýaldyraýardylar. Biz Sapargüle sud edilenler bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeş bolmakçydygymyzy aýdyp, haýyş edýäris. Biz aç-açanlygy isleýärdik. Koloniýanyň işgärleri çete çekilýärler. Aşpez Natalýa Larkina diýseň görmegeý gyz. Oňa on ýyl beripdirler. Daşkent aeroportunyň gözden geçiriş bölüminde işläpdir. Gulluk wezipesini neşe daşamak üçin peýdalanypdyr. – Şeýtan azdyrdy – diýip, Natalýa aýdýar, bir gezek bagajy gözden geçirmän samolýota eltip bermegimi haýyş etdiler. Kömek etdim. Dessine hasaplaşdylar. Hyzmatym üçin bäş ýüz manat berdiler. Soň ýene-de haýyş etdiler. Ýene-de köp pul. Hemme zat ýönekeý ýalydy. Puluň özi elime gelýärdi. Olara bolsa köp zat satyn alsa boljakdy. Soňra ele düşdüm. Hakykatdan-da köp zat satyn alyp boljakdygyna, ýöne erkinligiň islendik zatdan gymmatdygyna soň düşündim. Nataşanyň nurana gözlerinde umyt bar. – Bilýäňizmi, täze jenaýat kodeksiniň çykaryna sabyrsyz garaşýarys. Ol häzirkisinden ýumşak bolar. Ýogsam örän köp «berýärler». Hawa, biz ýalňyşlyga ýol berdik, uly ýalňyşlyga, bir söz bilen aýdylanda jenaýat etdik. Ýöne kanun näme diýseň-de gazaply. Koloniýadaky aýallaryň nähili problemalarynyň bardygy hakyndaky sowalymyza Nataşa säginmän jogap berdi: – Öýe, çagalarymyzyň ýanyna gidesimiz gelýär. Ine, biziň problemalarymyzyň bolany. Elbetde, ojagyň baş goragçysy bolan aýalyň öýi küýsemegi düşnükli duýgy. Ýöne aýallaryň başga-da möhüm problemalary bar. Biz ýaşaýyş baragynyň ýanynda. Girelgede bir topar aýallar durlar. Tanyşýarys. Bu ýerde gazetçileriň peýda bolmagyny eýýäm geňirgänoklar. Bizden öň koloniýada respublikan gazetinden gelen kärdeşimiz hem bolan ekeni. Aýallaryň sesleri baş-başdak ýaňlanýar. Ýöne diktofon olaryň hemmesini ýazga geçirýär. – Bizde nähili problemalar bar? Magazinde konserwadan başga zat ýok. Ine, bize diňe Täze ýyl üçin saryýag getirdiler. – Öň ulanylan içki geýim berýärler. – Diş wraçymyzy kemeltdiler. Dişiň agyrsa razy bolsaň ukolsyz dişiňi sogurýarlar. Biz ynamsyzlyk bilen başymyzy ýaýkaýarys. Ýöne şeýle zadyň bolýandygyny bize ynandyrmaga başlaýarlar. Biziň birimiz sadalyk bilen gyzyklanýar: – Magaziniňizde kolbasa bolýarmy? Agzybirlikli gülki. Hemmeler gülýärler. Sud edilenler-de, koloniýanyň biziň ýanymyzda ýören işgärleri hem. gülýärler. Asyl kolbasa sud edilenlere degişli däl bolsa nätjek. Gözenegiň aňyrsyndaky ýaşaýyş süýji bolmaly däl. Bu ýerde bolmagyň şertleriniň biri şudur. Käbir zatlaryň jedelli bolmagy-da ähtimal. Sebäbi jemgyýetden çetleşdirilmeginiň özi-de ýeňil ýük däl. Biziň gürrüňimiz barakda dowam etdirildi. Asyl koloniýada nahar ýaramaz taýýarlanylýar diýen pikir bilen ylalaşmaýanlar hem bar ekeni. – Başga zonada bolup görmänden soň şeýle diýýärsiň. Bu ýerde kadaly naharlaýarlar. Administrasiýanyň garaýşy hem oňat. – Siz näme hakykaty aýtmaga çekinýärsiňiz? – Gorkýan adam ýok. Ýöne hakykatyny aýtmaly. Aýallaryň arasynda adaty dawa emele geldi. Koloniýada zähmet çekýärler. Aýallar iýjek çöreklerini zähmet çekip gazanýarlar. Ýönekeýje tikinçilik önümlerini taýýarlaýarlar. Gowy işleýänler özleriniň hossarlaryna, çagalaryna erkinlige goýbermek üçin birneme pul tygşytlamagy-da başarýarlar. Iş gününiň dowamlylygy sekiz sagat. Dynç alyş güni – ýekşenbe. Sehleriň öz ýerine ýetirmeli planlary bar. Önümçilik otaglarynda zähmet hakyndaky tanyş şygarlar bar. Şonda-da bu ýer koloniýa. Aşgabatly medisina işgeri Tamiliýa Rasulowa gürrüň berýär: – Meni para üçin basdylar. Komissiýa nähoşlyk listlerini barlaýarka bir ýalňyşlygy görüpdir. Nähoşy çagyrdylar. Ol bolsa maňa bikanun ony abort edenligim üçin elli manat pul berendigini boýun aldy. Men derňew wagty «basyljagymy» bilýärdim. Koloniýadan erbet gorkýardym. Meniň çaklaýşyma görä, bu ýer konslager ýaly bolmalydy. Aşgabatdaky türmede meniň bilen erbet gatnaşyk etdiler. Haçanda meni sud edip, bu ýere getirenlerinde konsertiň üstünden geldim. Koloniýany şeflige alanlar gelen ekeni. Men örän haýran galdym. Hiç haçan şeýle bolar diýip pikir etmändim. Administrasiýanyň sud edilenlere garaýşyndan dilgir bolar ýaly däl. Ýöne bu ýerdäkileriň özleri öz ýagdaýlaryny kynlaşdyrýarlar. Birek-biregiň üstünden gülmek ýagdaýlary az bolmandy. Meniň özüm bolsa suwuň aşagynda ýaly ýaşaýaryn. Hiç kim bilen aýratyn gatnaşyk edemok. Meniň adamym barmy? Bilemogam. Erkinlikdekäm bardy. Sekiz aýlap hat ýazmady. Dokuzynjyda hat geldi. Özüniň ýazandygyny, hatlaryň bolsa baryp ýetmändigini ýazypdyr. Ynanamok, aldaýar. Meni ýöne ýatdan çykarýar. Tamiliýa ýaşajyk, owadan gelin. Indiki gürrüňdeşimize Akjagül Goşaýewa diýýärler. Ol saçlary çalaran aýal. Uly magaziniň direktory ekeni. Aýratyn uly möçberlerde ogurlyk edenligi üçin on üç ýyl berlipdir. Ol hem Aşgabatdan. – Golaýda oglum öýlendi. Maňa onuň bilen duşuşmaga rugsat berdiler. Ol toýdan öň gelni bilen gelipdir. Gelni meniň göwnümden turdy. Gowy gyz saýlapdyr. Ýöne kiçime öwüt-ündew edip bilmedim. Gulluga gitdi. Akjagül eje dymýar. Gözlerinde bolsa ýaş, aglanylmadyk gözýaşlar. Roza Süleýmanowa altynjy gezek sud bolupdyr. Ol biziň ýanymyza tikinçilik sehiniň brigadiri Anna Filippowna Ognewanyň üstünden arz etmäge gelipdir. Onuň nämeden nägiledigine düşünmek kyndy, şonuň üçin brigadiri hem çagyrmaly boldy. – Ýedi ýyldan gowrak wagtdan bäri men şu ýerde – diýip, Anna Filippowna aýdýar: – men öň buhgalterdim, rastrata boldy. Men Süleýmanowanyň näme isleýändigini bilemok. Hawa, men işde düzgüni talap edýärin, özümem dynç alman zähmet çekýärin. Şonuň üçin hem meni wagtyndan öň şertleýin boşadýarlar... Onuň gözi gidýär. Dört çagam bar, öýe gitmeli. Erkinligi özüň gazanmaly. Ol bolsa hatda meniň dişlerimiň abatdygyna, wagtyndan öň boşaýandygyma hem bahyllyk edýär... Koloniýada telewizor-da, hammam hem bar. Diňe erkinlik ýok. Muňa bolsa kesesinden bize düşünmek we duýgudaşlyk bildirmek örän kyn. Çalymtyl belent haýatlar ýoluň ýakasy bilen uzalyp gidýär. Aladasyz guşjagazlar onuň eýlesine-beýlesine aňsat uçup geçýärler. Şonuň üçinem olar guşjagazlar. Ykballaryny öňünden görüp bolmaýan we heläkçilikli adamlar däl. Ýöne sud edilenleriň durmuşyny deňeşdirip bolýan bolsa, her bir garaňky geçelgäniň – tümlügiň ahyry ýagtylyga eltýär. Ol bolsa özüne ýetmäge çalyşýanlaryň her birine garaşýar. Şöhrat MÄTWELIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |