21:52 Wagşylyk / detektiw oçerk | |
WAGŞYLYK
Detektiw proza
«Eje, meni bagyşla, eger gabrymda rahat ýatmagymy isleseň, bergilerimi üz. Eje, men sallançak degip sypjyryldy diýip seni aldapdym. Ýalan sözlänligim üçin bagyşla. Ahmedi size goýup gidýärin. Bazarda hiç kim bilen duşuşmadygyma alla şaýatdyr. Ony muňa ynandyryp bilmedim. Eje, durmuşa çykanymdan soň görenim itiň görgüsi boldy, mundan halys irdim. Asyl maňa şeýle ýaşaýyş derkar däl. Ahmet bilen ýatmak bagtyma ýazylan däldir-dä, Mahmytjanyň ýanynda bir rahat gyşaraýyn». Bu «Türkmenagropromproýekt» institutynyň Daşhowuzdaky filialynyň tehnigi, öz-özüni heläklän Ejebaý Arazowanyň ölmeziniň öň ýanyndaky galdyryp giden ýazgysy. Onuň adamsy Aşyrdurdy Myradow Daşhowuz şäher halk sudy tarapyndan TSSR JK-nyň 112-nji maddasynyň 1-nji bölümi, 113-nji maddasy boýunça sud edildi. Jenaýat kodeksiniň ady agsalan maddalarynyň birinjisi ýerli milletden bolan aýallar babatynda geçmişiň galyndysy bilen baglanyşykly edilen jenaýat üçin jezany göz öňünde tutýar. Taryhy sebäplere, ýerli ýaşaýyş ukladyna görä, türkmen aýal-gyzlarynyň ýagdaýy hemişe-de ýeňil bolmandyr. Diňe Sowet häkimiýetiniň berkarar edilmegi netijesinde aýallar erkekler bileň deň hukuk aldylar. Ýöne gel-gel şu günler hem öý ojagynyň goragçysyna şeýle garaýyşlar ýüze çykýar. Munuň netijeleri bolsa köplenç tragediýa bilen tamamlanýar. Resmi dokumentleriň dili garypdyr. Ýöne olarda hakykat, ajy, çekip-çydap bolmajak hakykat bar. Segsen sekizinji ýylyň 21-nji sentýabrynda Meret Arazow şäher prokuraturasyna öz dogany Ejebaý Arazowanyň adamsynyň sütemlerine çydaman öz-özüni heläkländigi barada ýüz tutdy. Ol Ejebaýyň öz-özüni heläklemeziniň öň ýanynda galdyryp giden hatyny getirýär. Netijede onuň adamsy babatynda jenaýat işi gozgalýar. Prokuraturanyň dokumentlerinden: «1988-nji ýylyň 19-njy sentýabryndan 20-nji sentýabryna geçilýän gijesi Daşhowuz şäherinde ýaşaýan Ejebaý Arazowa öz-özüni heläkläpdir. 1988-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Arazowa adamsy Aşyrdurdy Myradow we garyndaşlary tarapyndan hukuk goraýjy organlara habar edilmezden jaýlanylypdyr. 1988-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda E.Arazowanyň iş ýeri bolan «Türkmenagropromproýekt» institutynyň filialynda graždanka N.Aliýewa tarapyndan E.Arazowanyň ölmezininiň öň ýanyndaky galdyryp giden haty tapylypdyr. Hat merhumyň garyndaşlaryna gowşurylypdyr. Hatdan görnüşine görä, adamsy ony hemişe urup-sögüp gelipdir, şonuň üçin hem öz-özüni heläklemäge mejbur bolupdyr. Sorag edilen N.Aliýewa 1988-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda işe gelende Arazowanyň adamsynyň özüni esassyz gabanýandygyny we urup-sögýändigini aýdandygyny, adamsy tarapyndan tenine salnan ýara yzlaryny görkezendigini ýatlaýar. E.Arazowanň jesedi açylyp, sud-medisina ekspertizasy geçirildi. Onuň teninde agyr ten şikesleriniň bardygy we mehaniki asfiksiýa netijesinde ölendigi anyklanyldy. A.Myradow sud-medisina gözegçiliginden geçirilen wagtynda onuň teninde, eliniň barmaklarynda sypjyrylan we gögeren ýerleriniň bardygy anyklanyldy. Ol aýalyny urandygyny inkär etmeýär». Myradowyň aýaly öz-özüni öldürmeziniň öňküsi güni, ýagny 18-nji sentýabrda hem oňa el göterendigi anyklanyldy. Elbetde, ol munuň tragiki gutarjakdygy barada pikir, etmändir. Öz ýanýoldaşyny biwepalylykda aýyplap, ony zor bilen gorkuzmak isläpdir. Biçäre aýal guduz açan adamsynyň nähak güman edip ýalňyşýandygyny düşündirmäge çalyşsa-da, Aşyrdurdy Myradow oňa gulak asmak islemeýär. Şonda Ejebaý iň soňky çäräni saýlap alýar. Bu protestdi. Ondada eýmenç, ses-üýnsüz protestdi. Esassyz kemsidilmelere we masgaralanmalara, adalatsyzlyga garşy protestdi. Hawa, gowşak häsiýetliligi üçin Ejebaýy-da günäkärläp bolardy. Sebäbi ol partiýa çlenidi. Öz mertebesini goramaklygyň başga ýollaryny bilmezligi mümkin däldi. Ýöne muny goýalyň. Sebäbi ol aýaldy ahyryn. Myradowyň güman etmesiniň düýp sebäbi näme? Eger-de onuň pikir ediş logikasyndan ugur alsaň, onda Ejebaý hat-da özge erkekler bilen salamlaşmaly hem däldi. Sähelçe sebäp onuň üçin aýalyny ýençmäge esas bolýardy. 19-njy sentýabrdan 20-nji sentýabra geçilýän gijesi ol öýe içgili gelipdi. Şundan öňki gün hem azar beren adamsy oňa ýene-de el göterýär. Aýagy bilen depgilemege başlaýar, urup humardan çykandan soňra bolsa ýatmaga gyşarýar. Ýarygijeler iki ýaşly ogly Ahmediň – ýalňyz ogullarynyň aglaýan sesine oýanýar. Körpejeleri Mahmytjan bolsa emzikli wagtynda ýogalypdy. Koridora çykan wagtynda aýalynyň salgymyna gözi ilýär. «Sen näme dursuň, çagaň aglaýar!» diýip, gygyrýar. Yşygy ýakybam, özüni lampa ýere goýberýär... Aýalynyň öz-özüni heläklemegine günäkärdigine düşünip, Myradow yzy ýitirmäge çalyşýar. Özüniňkilere we Ejebaýyň garyndaşlaryna ýürek bilen baglanyşykly oňa bir zat bolandygyny aýdýar. Ýöne Ejebaýyň agasy doganynyň ýüzünde gan öýlen ýerleri görüp, muňa şübhelenýär. Ýöne ejesiniň «Ol sallançak degip bolupdyr, muny Ejebaýyň özi-de aýdypdy» diýmegi bilen şübhe aradan aýrylýar. Ejebaýy jaýlaýarlar. Soň bolsa onuň iş stolundan ýaňky hat tapylýar. Derňew we sud seljerişigi wagtynda sud edilýäniň pozisiýasynyň ýigrenç döredendigi şübhesizdir. Ol jogapkärçilikden gaçmak üçin her hili hilegärliklere ýüz urdy, hatda aradan çykan aýalynyň ýagty ýadygärligini garalamagada synanyşdy. Ýöne Ejebaýyň özüne biwepalyk edendigini hiç hili esaslandyryp bilmedi. Ejebaý bolsa özüniň adamsy tarapyndan hemişe kemsidilýändigini, şeýdip ýaşandan ölenini gowy görýändigini işdeş boýdaşyna telim gezek gözýaş döküp aýdypdyr. Onuň bary-ýogy ýigrimi alty ýaşy bardy. Şeýle etmişi üçin güýçlendirilen düzgündäki zähmet-düzediş koloniýasyna bäş ýyl höküm edilen adamsy bilen ýaşytdaşdy... Şöhrat MÄTWELIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |